Rus goşunlary Odesa sebitiniň Çernomorsk şäherine pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi, dört adam ýaralandy diýip, sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Kiper habar berdi.
Onuň sözlerine görä, hüjüm netijesinde şäher hassahanasyna, hususy ýaşaýyş jaýyna, dolandyryş binasyna, däne ammaryna we ýük awtoulaglaryna zyýan ýetdi.
Mundan başga, Çernomorskyň käbir böleklerini we şäher etegini elektrik bilen üpjün etmekde kynçylyk döredi.
"Dört adam ýaralandy, olaryň biri lukman, ol duşman hüjümleri wagtynda operasiýa edýärdi. Ýaralananlaryň ählisiniň ýagdaýy ortaça. Iki adam keselhana ýerleşdirildi, beýlekileri ambulatoriýa şertinde bejerilýär" diýip, Kiper ýazdy.
Rus pilotsyz uçarlarynyň Çerkassy şäherine gaçan galyndylary köp gatly binada ýangyn turmagyna sebäp boldy. Kwartiralaryň biriniň balkonyna zyýan ýetdi, hiç kim ýaralanmady diýip, Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy habar berdi.
Ukrainanyň Howa güýçleriniň serkerdeligi rus goşunlarynyň 31-nji ýanwara geçilen gije Ukraina 102 sany pilotsyz uçar hüjümini gurandygyny habar berdi.
Ýerli wagt bilen ir sagat 9: 00-a çenli ukrain harbylary Harkow, Poltawa, Sumy, Kiýew, Çernihiw, Çerkasy, Kirowohrad, Žitomyr, Hmelnytskiý, Dnipropetrowsk, Mikolaý we Odesa sebitlerinde 59 pilotsyz uçary urup ýykdy, ýene 39 dron ýerli derejede ýitirim edildi.
Russiýanyň 30-njy ýanwarda Ukrainanyň Sumy şäherine eden pilotsyz uçar hüjüminde azyndan 9 adam öldürildi.