Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy


Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas (arhiw suraty)
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas (arhiw suraty)

17-nji ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen gepleşikleri geçirdi.

Resmi maglumata görä, gepleşikleriň dowamynda esasy ugurlary we bar bolan mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň edilipdir.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow 29-30-njy ýanwar aralygynda geçmeli Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag boýunça maýa goýum forumynyň ähmiýetini hem belläp geçdi. Ol hususan-da ulag-logistika ulgamynyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde geljegi uly ugurlaryň biridigini nygtady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG