Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde agyz we lagym suw turbalarynyň deşilip, ýarylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýene ýygjamlaşýar. Wagtynda arassalanmaýan ýerzeminlerde adamyň dyzyna çenli ýetýän lagym suwlary üýşýär. Bu ýagdaýlaryň ýaşaýjylar we telekeçiler üçin döredýän oňaýsyzlyklary barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.
“Biziň jaýlarymyzyň gurlup, ulanylmaga berlenine heniz 10 ýyl hem bolmady. Muňa garamazdan, lagym suwlaryny geçirýän turbalar hatardan çykyp, yzly-yzyna ýarylýar. Häzir köpgatly jaýlaryň köpüsiniň ýerzemini lagym we gyzgyn, sowuk suwdan dolup dur” diýip, etrapçanyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, jaýlaryň ýerzeminleri jaý eýeleriniň eýeçiliginde bolman, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň garamagyna degişli.
Müdirlik ýerzeminlerdäki lagym suwlaryny geçiriji turbalaryň kadaly işlemegini, ýerzeminleriň arassaçylygynyň üpjün edilmegini öz üstüne alýar. Ýöne müdirlik öz borçlaryny ýerine ýetirmeýär.
“Ýaşaýjylar ýerzeminlerden ýaýraýan lagym suwunyň ýakymsyz ysyndan dem almaly bolýarlar. Bu ýagdaý adamyň saglygyna hem uly howp abandyrýar” diýip, etrapçanyň ýene bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, turbalaryň ýarylmagy netijesinde, köpgatly jaýlarda agyz suwunyň basyşy peselip, ýokarky gatlara suw ýetmeýär.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada şäher häkimliginden we Jemagat hojalygy müdirliginden teswir alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Habarçymyz ýaşaýjylaryň bu barada etrap we şäher häkimliklerine ýazýan arza-şikaýatlarynyň oňyn netije bermeýändigi sebäpli, köp hojalygyň öz ýaşaýan jaýlaryny satlyga goýup başlandygyny hem aýdýar.
“Alyjysy tapylsa, öýlerimizi satyp, Aşgabadyň beýleki etraplaryndan, ýerzemini gury jaýlardan öý satyn aljak bolýarys” diýip, jaýyny satlyga goýan ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýerzeminleri lagym suwlarynyň basmagy, bu ýerleri kärendesine alan telekeçilere hem ýaramaz täsir edýär. Soňky birnäçe aýyň dowamynda ýerzeminleri duýdansyz suw basmagy netijesinde, birnäçe telekeçiniň mebel we gurluşyk harytlary zaýa boldy.
“Bu telekeçiler uly zyýan çekip, Jemagat hojalygy müdirligi bilen baglaşan şertnamasyny bir taraplaýyn bes etmeli boldular. Şertnamada müdirlik ýerzeminleriň gurulygyny we şonuň bilen baglanyşykly adatdan daşary hadysalary aradan aýyrmaga borçlanýan hem bolsa, iş ýüzünde bulary ýerine ýetirmeýär” diýip, aşgabatly telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanyň raýatlary hojalyk hyzmatlary, şol sanda lagym ulgamlary üçin döwlete her ýyl töleg geçirýärler.
Muňa garamazdan, ýurduň şäherlerinde we obalarynda ilat lagym ulgamlarynyň kadaly işlemezligi, hatardan çykan turbalaryň çalşylmazlygy we olaryň döredýän oňaýsyzlyklary bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu ýagdaýlara ýurduň hem sowetler döwründe gurlan köne jaýlarynda, hem-de garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan jaýlarynda duş gelse bolýar.
Onýyllyklaryň dowamynda gurluşyk pudagyna milliardlarça dollar harçlaýan Türkmenistanda ýerli gurluşyk we suw hünärmenleri häkimiýetleriň düýpli abatlaýyş işlerine mätäç köne desgalary bejermek üçin ýeterlik maliýe serişdesini goýbermeýändigini aýdyp gelýärler.
Şeýle-de, olar "gurluşykdaky korrupsiýa zerarly, häkimiýetleriň jaýlaryň gurluşygynda aşa pes hilli harytlardan peýdalanýandygyny" hem belleýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum