Ukrain goşuny rus güýçlerine garşy urşuň birinji hatarynda optiki süýüm ulanyp, täze pilotsyz uçarlary synagdan geçirýär.
Pes aralykdan uçýan pilotsyz uçarlar özüne gözegçilik edýän merkezden has daşlaşanda maýyşgaklaşýan, süýnýän inçe süýümli-optiki kabeller arkaly ýere birikdirilýär.
Radio bilen dolandyrylýan pilotsyz uçarlardan tapawutlylykda, optiki süýümli pilotsyz uçarlar garşydaş güýçler tarapyndan “elektron söweşiň” kömegi arkaly gysylyp bilinmeýär.
Inçe süýümli-optiki kabeller pilotsyz uçar partlaýan pursatyna çenli ýokary hilli suraty merkeze iberýär.
“Bu pilotsyz uçarlar sagatda 60 kilometre çenli tizlikde uçup, manewrleri ýerine ýetirip bilýärler, we süýüm 10 kilometr aralykdaky radiusda üzülmeýär” diýip, ukrain goşunynyň wekili Serhiý Beskrestnow aýdýar.
Optiki süýümli pilotsyz uçarlar ownuk ýük göterip, signallary ýitirmän binalaryň ýa-da tokaýlaryň arasynda pes aralykda uçup bilýärler, bu bolsa öň pilotsyz uçarlaryň hüjümlerinden howpsuz ýerlere hüjüm edilip bilinjekdigini aňladýar.
“Biziň ýigitlerimiz [optiki süýümli pilotsyz uçarlarymyz] tokaý ýollarynda howpsuz gezýärler, sebäbi tokaý radio signallaryny petikleýär” diýip, Beskrestnow belledi.
“Duşmanyň [pilotsyz uçarynyň] territoriýamyzdaky bir ýerde tokaýyň ortasyna gonmagy gaty kyn, sebäbi radio signaly ýitýär” diýip, ol sözüne goşdy.
Ýöne inçe süýümli optiki kabeller tarapyndan dolandyrylýan dronlaryň hem özüne mahsus problemalary bar.
Ýüpler gysylyp, biri-birine ýa-da obýektlere çolaşyp bilýär, şol bir wagtyň özünde bolsa, maýyşgaklyk we süýnme mehanizmi agramy artdyrýar we pilotsyz uçarlaryň ýük göterijilik ukybyny peseldýär.
“Pilotsyz uçarlarymyzyň ilkinji synaglary o diýen üstünlikli bolmady, sebäbi optiki süýümli rulonlarda näsazlyklar bardy. Ýöne soňky synaglar azyndan alty öndürijiden [ulanyp boljak] wariantlaryň bardygyny görkezdi” diýip, Beskrestnow aýtdy.
Russiýa söweş meýdanynda, esasanam Russiýanyň Kursk sebitinde optiki süýümli ilkinji adam görüş (FPV) aýratynlykly pilotsyz uçarlary ýerleşdirmekde Ukrainadan öňde barýar.
Ukrain goşuny 2024-nji ýylyň tomsunda ol ýere duýdansyz çozuş etdi.
“Hytaý öndürijileriniň habarlaryna görä, Russiýadan sargytlaryň sany her aý köpelýär. “Olar has köp pilotsyz uçar öndürýärler we wideo ýazgylarymyz olaryň ähli ugurlarda has köp ulanylýandygyny tassyklaýar” diýip, Beskrestnow belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum