Sepleriň elýeterliligi

 
Diplomatlar Saud Arabystanynda duşuşýan mahaly, Ukraina Moskwa garşy giň gerimli hüjümleri amala aşyrdy
Soňky habar

Diplomatlar Saud Arabystanynda duşuşýan mahaly, Ukraina Moskwa garşy giň gerimli hüjümleri amala aşyrdy


2025-nji ýylyň 11-nji martynda Moskwanyň Sapronowo obasynda pilotsyz hüjümden soň ýaşaýyş toplumynda zeper ýeten ýaşaýyş jaýyny görse bolýar.
2025-nji ýylyň 11-nji martynda Moskwanyň Sapronowo obasynda pilotsyz hüjümden soň ýaşaýyş toplumynda zeper ýeten ýaşaýyş jaýyny görse bolýar.

Ukrainanyň öten gije Moskwa we Moskwa sebitine eden hüjüminde azyndan üç adam öldi. Pilotsyz uçarlaryň amala aşyran uly göwrümli hüjümlerinde ýaşaýyş jaýlaryna we infrastruktura zeper ýetdi. Bu waka, Waşingtondan we Kiýewden gelen diplomatlaryň urşy bes etmegiň ýollaryny gözlemek üçin Saud Arabystanynda ýokary derejeli duşuşygy geçirip başlamazyndan sanlyja sagat öň boldy.

11-nji martyň başynda amala aşyrylan hüjümler Ukrainanyň rus paýtagtyna eden iň uly pilotsyz uçar zarbalary boldy diýip, Russiýanyň Saglyk ministrliginiň resmisi Alekseý Kuznetsow wakada 20 adamyň, şol sanda üç çaganyň ýaralanandygyny aýtdy.

Et ammarynda iki işçi öldi. Moskwanyň günortasynda ýerleşýän Domodedowanyň häkimi Ýewgeniýa Hrustalýowa Telegramda çap eden maglumatynda hüjümde ýaralanan üçünji adamyň keselhanada ölendigini aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurt boýunça Ukraina tarapyndan uçurylan pilotsyz uçarlaryň jemi 337 sanysynyň urlup ýykylandygyny, olaryň 91 sanysynyň Moskwany nyşana alandygyny aýtdy.

Soňky hepdelerde Russiýanyň çägine edilen ilkinji uly hüjüme pilotsyz uçarlaryň anyk näçesiniň gatnaşandygy belli däl.

Kiýewden “aýdyň signal”

Bu giň gerimli hüjümler, Birleşen Ştatlaryň we Ukrainanyň ýokary derejeli resmileriniň Ukrainadaky söweşi nädip soňlamalydygy barada gepleşikler geçirmek üçin Saud Arabystanynda duşuşmaga taýýarlyk görýän mahaly boldy.

Soňky günlerde Russiýa, söweşiň töweregindäki diplomatiýanyň güýçlenmegi bilen, Ukrainanyň infrastrukturasyna we raýat nyşanalaryna garşy hüjümlerini güýçlendirdi.

Ýerli ýaşaýjylar tarapyndan Moskwadan we onuň töwereginden ýerleşdirilen, tassyklanmadyk suratlarda we wideolarda pilotsyz uçarlaryň ýaşaýyş jaýlaryna zarba urandygy görkezildi.

Ukraina bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne almady.

Ýöne Ukrainanyň Milli awiasiýa uniwersitetiniň mugallymy Maksym Ýali Azatlyk Radiosynyň “Amerikanyň Sesi” bilen hyzmatdaşlykda dolandyrýan rus dilindäki “Nastoýaşeýe Wremýa” gullugyna beren interwýusynda ýary gije edilen hüjümleri, Saud Arabystanyndaky gepleşikleriň öňüsyrasynda, Kiýewden “aýdyň signal” hökmünde düşündirip boljakdygyny aýtdy.

“Mälim bolşy ýaly, ukrain tarapy öz meýilnamasyny öňe sürdi - howada we deňizde ok atyşygy bes etmek. Şeýdip, Russiýanyň şeýle formatda ok atyşygyň bes edilmegine razylyk bermegi üçin, şeýle hem Ukrainanyň pilotsyz uçarlar bilen köpçülikleýin hüjümleri, şol sanda Moskwanyň ýaşaýjylary üçin gaty duýgur bolup biljek Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda-da amala aşyrmak ukybynyň bardygyny görkezmek üçin öz mümkinçiliklerimizi howada görkezdik” diýip, Ýali aýtdy.

Howa menzilleri, demir ýollar

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa hüjümleriň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Feridun H. Sinirlioglunyň Moskwa eden saparynyň öň ýanyna gabat gelendigini aýtdy. Zaharowa Sinirlioglunyň paýtagtda pilotsyz uçaryň urlup ýykylan ýerine eltiljekdigini hem belledi.

Ukrain Telegram kanallary Moskwa sebitiniň çäginde partlamalaryň tassyklanmadyk wideolaryny ýaýratdylar.

Moskwa sebitiniň gubernatory Andreý Worobýow urlup ýykylan pilotsyz uçarlaryň galyndylarynyň Ramenskoýedäki bir ýaşaýyş jaýynyň üstüne hem gaçandygyny, azyndan ýedi kwartira zeper ýetendigini aýtdy.

Moskwa şäheriniň häkimi Sergeý Sobýanin Telegram kanalynda çap eden maglumatynda howa gorag güýçleriniň Moskwa tarap barýan 70-den gowrak ukrain pilotsyz uçaryny ýok edendigini habar berdi.

Ol urlup ýykylan pilotsyz uçaryň galyndylarynyň Domodedowskaýa köçesindäki ýaşaýyş jaýynyň üçegine zeper ýetirendigini hem tassyklady.

Hüjümler Moskwanyň esasy howa menzillerindäki howa gatnawyna hem täsir etdi. Russiýanyň Federal Howa gatnaw gullugy Şeremetewo, Žukowskiý, Domodedowo we Wnukowo howa menzilleriniň pilotsyz uçarlaryň hüjümleri sebäpli işini wagtlaýyn togtadandygyny habar berdi.

Moskwanyň Demirýol gullugy howa menzilindäki Domodedowo wokzalynda demir ýol infrastrukturasyna zeper ýetendigini tassyklady. Bu aralykda, Rýazandan gelen habarlar Dýagilewo harby howa menziliniň nyşana alnandygyny görkezýär.

Bu aralykda, Ukrainanyň howa goranyş güýçleri 11-nji martda ýaýradan maglumatynda öten gije Russiýanyň Iskander-M ballistik raketasyny we 79 sany pilotsyz uçar hüjümini üstünlikli yza serpikdirendigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG