Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze buýruga garamazdan, Lebapda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýär


Türkmenistanda pagta ýygymyna çekilen ýetginjekler (Arhiw suraty)
Türkmenistanda pagta ýygymyna çekilen ýetginjekler (Arhiw suraty)

Lebap welaýatynyň ençeme etrabynda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilip başlandy. Bu barada sebitden maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň habarçylary käbir mekdep müdirleriniň çagalary temmi çäresi hökmünde pagta ýygymyna ugradýandygyny aýdýarlar. Türkmenistanda ýetginjekleriň pagta ýygymyna çekilmegini gadagan edýän buýruk şu ýylyň iýul aýynda güýje girdi.

“Kerki, Garabekewül, Farap, Darganata, Hojambaz, Saýat we Çärjew etraplarynda mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna ugradylmagy awgustyň ahyrynda başlandy. Olary daňdan sagat 5-den başlap pagta meýdanlarynda görse bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly saýatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Lebaply mugallymlaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, pagta ýygymyna ugradylýan çagalar hökmany suratda 14 ýaşyny dolduran bolmaly.

“Oba arçynlary we mekdep ýolbaşçylary çagalaryň, göze-başa düşmez ýaly, pagta meýdanlarynyň jümmüşine ugradylmalydygyny hem tabşyrýarlar” diýip, kerkili mugallym anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ol Kerkidäki köp çaganyň ene-atasyndan rugsat alnyp, pagta ýygymyna ugradylýandygyny hem belleýär.

“Ene-atalar öýe 5-10 manat pul getirer diýip, çagalarynyň pagta äkidilmegine razy bolýarlar. Sebäbi häzir köp maşgalanyň güzeran eklenji gaty gözgyny ýagdaýda. Bu ýyl dagy okuwçylaryň ençemesinde mekdep esbaplary hem ýok” diýip, kerkili mugallym belledi.

Şol bir wagtda, mugallymlar käbir mekdep müdirleriniň çagalary temmi çäresi hökmünde pagta ýygymyna ugradýandygyny aýdýarlar.

“Mekdebe, sapaklara ýetişigi pes bolan we tertip-düzgüni bozan okuwçylar pagta ýygymyna ugradylýar. Jeza bermek çäresi hökmünde ugradylýan okuwçylaryň aglabasy oglanlar bolup, olaryň ene-atalary bu barada habarly edilýär” diýip, garabekewülli bir mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada welaýat häkimliginden we Bilim müdirliginden, şeýle-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýöne Türkmenabat şäher häkimligindäki ygtybarly çeşmämiz etraplarda çagalaryň pagta ýygymyna çekilýändigi barada welaýat häkimligine habaryň gelip ýetendigini, ýöne resmileriň heniz dymýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda 18 ýaşyna ýetmedik adamlaryň pagta ýygymyna çekilmegini gadagan edýän buýruk şu ýylyň iýul aýynda güýje girdi. Buýruga 12-nji iýulda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylabow gol çekdi.

Şeýlelikde, 2017-nji ýylda kabul edilen zyýanly we howply işler sanawyna “Pagta ýygymçy” we “Pagtaçy” diýen iki sany täze iş goşuldy. Buýruk Adalat ministrliginde 22-nji iýulda hasaba alyndy. Şonda täze buýrugyň ýerine ýetirilişine Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň degişli orunbasarynyň gözegçilik etmelidigi aýdyldy.

Türkmenistan çaga zähmetiniň ulanylmagyny, ýagny iş berijileriň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, kämillik ýaşyna ýetmedik işçileri kyn iş şertlerinde, zyýanly ýa-da howply… işlerde ulanmagyny 2005-nji ýylda gadagan etdi.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda çaga zähmeti, şol sanda ýetginjekleriň pagtaçylykda işlemegi ýa işledilmegi dowam edýär.

Habarçylarymyz muňa maşgalalaryň eklenç zerurlygynyň, mätäçligiň, maşgalalaryň durmuş goraglylygynyň yzygiderli pese gaçmagynyň hem-de durmuşyň aşa gymmatlamagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Dünýäniň pagta öndürýän esasy ýurtlarynyň onlugyna girýän Türkmenistanyň hökümeti halkara hukuk goraýjy toparlar tarapyndan öz pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Adam gaçakçylygy boýunça 2024-nji ýyldaky ýyllyk hasabatynda türkmen hökümetiniň ýene-de bir ýyl mejbury zähmeti ulanmak, ululary we çagalary her ýyl mejbury pagta ýygymyna çekmek, jemgyýetçilik çärelerinde we beýleki ugurlarda ulanmak syýasatyny dowam etdirendigi aýdyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG