Sepleriň elýeterliligi

 
Matamsyz jaýlanýanlar. Özbegistan öz raýatlary aradan çykanda, näme üçin döwlet derejesinde gynanç bildirmeýär?
Soňky habar

Matamsyz jaýlanýanlar. Özbegistan öz raýatlary aradan çykanda, näme üçin döwlet derejesinde gynanç bildirmeýär?


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Buharada Bahauddin Nakşbandyň mazaryna zyýaratda
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Buharada Bahauddin Nakşbandyň mazaryna zyýaratda

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew beýleki ýurtlarda bolýan betbagtçylykdan we adamlaryň ölümine eltýän hadysalardan soň, öz kärdeşlerine köplenç ilkinji bolup, gynanjyny bildirýär. Ýöne ýurduň öz içinde bu däbi saklamaýar, ýogsa onuň prezidentlik döwründe onlarça hekçilikli hadysa ýüze çykdy. Döwlet derejesindäki matam Özbegistanda iň soňky gezek 10 ýyl çemesi ozal öňki prezident Yslam Kerimow ýogalanda bolupdy.

Geçen ýylyň 15-nji dekabrynda Fergana şäherindäki ýangyç beketleriniň birinde güýçli gaz partlamasy boldy. Daş-töwerekdäki köçeleri galyň tüsse gurşap aldy. Resmi maglumata görä, konteýnerden ýangyç guýulýan wagty gaz syzypdyr. Şol maglumata görä, 4 adam ýogaldy (şaýatlaryň aýtmagyna görä, heläkçilik has köp bolupdyr).

Bu iş sosial ulgamyny ulanýanlary tolgundyrdy. Olar bolan ýagdaýy, şol sanda şol ýerde gurlan benzin bekediniň howpsuzlygynyň nähili derejededigini gyzgyn maslahatlaşdylar. Olary geň galdyran ýene bir ýagdaý – ölenleriň we ýaralananlaryň garyndaşlary Daşkendiň ýokary edaralardan teselli beriji sözleri eşitmediler.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurtda mundan uly betbagtçylyklaryň we tebigy heläkçiligiň bolan wagtynda hem dymyp durdy.

  • 2024-nji ýylyň 1-nji we 17-nji sentýabrynda Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy gaz käninde iki partlama bolup, resmi maglumata görä, 4 adam ýogaldy;
  • 2022-nji ýylyň dekabrynda Hindistandan getirilen "Doc-1 Max" bilen zäherlenip, 68 çaga ýogaldy;
  • 2022-nji ýylyň iýulynda Nukusda, Konstitusiýa girizilen düzedişlere garşy parahatçylykly protestleriň dowamynda, resmi maglumatlara görä, 21 adam ýogaldy, ýene-de 413 adam ýaralandy;
  • 2022-nji ýylyň aprel aýynda Jyzakda bolan suw joşmagy sebäpli, resmi maglumata görä, 5 adam ýogaldy. 2021-nji ýylda Namanganda we Andijanda bolan sil sebäpli resmi maglumata görä 10 adam ýogaldy;
  • 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Daşkent welaýatyndaky Ýangi-Angren ýylylyk elektrik bekedinde tozanly-kömürli howa sebäpli partlama bolup, resmi taýdan 3 adam ýogaldy diýildi;
  • 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Syrderýa welaýatynyň Sardoba suw howdanynda resmi aýdylyşyna görä, tehnogen heläkçiligi ýüze çykdy. Bu hadysa sebitiň taryhynda iň agyr betbagtçylyk boldy. Resmi maglumata görä 6 adam ýogaldy, 70 müňe golaý adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy, 2500-den gowrak şahsy we köp kwartiraly jaýlar ýykyldy;
  • 2018-nji ýylyň ýanwarynda Gazagystanyň Aktöbe sebitinde ýolagçy awtobusyny ot aldy. Onuň içinde 57 adam bardy. 52 adam şol bada ýogaldy, olaryň ählisi Özbegistanyň raýatlarydy.

Özbegistanyň resmi mediasy bu temalardan çekilip, diňe gysga habarlar bilen çäklendiler ýa-da asla habar hem bermediler.

Ejir çekenleriň ýagdaýlaryny esasan garaşsyz habar serişdelerinden bilip bolýardy. Hindi dermany "Doc-1 Max" atly serişdeden çagalaryň ölüminden soň, Gazeta.uz neşiri ejir çeken 68 çaganyň her biriniň maşgalalary bilen söhbetdeş bolup, milli ýas yglan edilmegini talap etdi.

«[Bu] heläkçilik milli möçberde pajygaly waka. Özbegistanyň öz-özüne goýan pozisiýasy ýaly güýçli we aladaçyl döwlet pajygaly wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin, ýalňyşlaryny boýun alyp netije çykarmalydyr. “Gazeta.uz” neşirine görä, Özbegistan merhum çagalary hatyralamak üçin, milli ýas yglan etmeli we düzedip bolmajak ýitgiden ejir çeken çagalaryň ene-atalaryna we dogan-garyndaşlaryna goldaw bildirmeli» diýip, neşir ýazdy.

Özbek häkimiýetleri bu çagyryşa jogap bermediler.

Ýas üçin sebäp

Ýas yglan etmegiň tertibi Özbegistanyň kanunçylygynda görkezilmeýär. Özbegistan Garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, ol diňe birnäçe gezek yglan edildi:

  • 1991-nji ýylyň 6-njy maýynda Angreniň golaýynda Jigaristan obasyny toprak basyp, 56 adam ýogaldy;
  • 1999-njy ýylyň 16-njy fewralynda Daşkentde bolan terrorçylykly hüjümler bilen baglylykda;
  • 2004-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Daşkent howa menzilinde "Ýak-40" uçarynyň urlup ýykylmagy bilen baglylykda, 37 adam ýogaldy. Şol sanda BMG-niň Özbegistandaky ofisiniň başlygy Riçard Konroý hem bardy.

Halk soňky gezek 10 ýyl çemesi mundan ozal, ýagny 2016-njy ýylda Yslam Kerimow aradan çykmagyna matam tutdy.

Şonda döwlet komissiýasy tarapyndan, Kerimowyň jaýlanmagyny guramak barada karar kabul edildi. Oňa şol döwürde premýer-ministr wezipesini ýerine ýetiren Şawkat Mirziýoýew ýolbaşçylyk etdi.

Şweýsariýada ýaşaýan ozalky özbek diplomaty we garaşsyz žurnalist Alişer Taksanowyň pikirine görä, ýurt baştutany adam heläkçiligi meselesi ýüze çykanda, öz halkyna gynanç bildirip, ýas yglan etmäge borçludyr. Ol munuň ahlak taýdan borçdugyna ynanýar.

Ozalky özbek diplomaty Alişer Taksanow
Ozalky özbek diplomaty Alişer Taksanow

“Sebäbi prezident halk bilen bir bolup, raýdaşlyk görkezmelidir. Şeýle hem ölenleriň we ýaralananlaryň maşgalalaryna belli bir maddy, maliýe hem psihiki kömek bermeli. Munuň üçin hökümetiň serişdeleri we mümkinçiligi bar" diýip, öňki diplomat aýdýar.

Gazagystanda we Gyrgyzystanda milli ýas Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda häkimiýetler beýle çäklendirme görkezmeýär.

Gazagystanda matam günleri on iki gezek yglan edildi. Gyrgyzystanda - 7: iň soňky gezek 2022-nji ýylyň sentýabrynda, Gyrgyz-Täjik serhedinde bolan ýaragly çaknyşykdan soň yglan edildi. Gazagystanda 2023-nji ýylda ýurduň Abaý sebitinde bolan ýangynlardan soň yglan edilipdi.

Bu aralykda, resmi Daşkent beýleki ýurtlarda heläkçilik ýüze çyksa, goldaw sözlerini gaýgyrmaýar. Prezident administrasiýasynyň resmi websaýtyndaky habarlaryň arasynda, daşary ýurtly ýolbaşçylara iberilýän göwünlik beriji telegrammalar hem örän giňden ýaýran.

21-nji ýanwarda Özbegistanyň prezidenti Türkiýäniň daglykdaky myhmanhanasynda dörän ýangynda, 76 adamyň ölümine sebäp bolan heläkçilige ilkinji bolup gynanç beýan etdi.

Öňki gazak diplomaty Kazbek Beýsebaýew ýas yglan edilmegini ýurduň içerki syýasaty üçin möhüm ädim hasaplaýar.

Öňki gazak diplomaty Kazbek Beýsebaýew
Öňki gazak diplomaty Kazbek Beýsebaýew

"Prezident daşary ýurtda kimdir birine göwünlik berende, bu bir zat. Öz ýurdunda hiç zat aýtmadyk ýagdaýynda bolsa düýbünden tapawutlanýar. Biz öz prezidentlerimiziň karar kabul etmegini, tabşyryk bermegini isleýäris" diýip, Beýsebaýew aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde, öňki diplomatyň pikirine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam pidasy bilen bagly uly hadysalaryň aglabasy adam eli bilen harsal ýa-da kemçilikli edilen tehogen häsiýete eýe bolup, ol köplenç ýagdaýda korrupsiýanyň çüýremeginiň netijesidir. Häkimiýetler ýalňyşlygy boýun alan halatlarynda, bu ýagdaýa öz täsirini ýetirip biler.

"[Ýas yglan etmegi islemezlik] döwletiň heläkçiligiň olaryň öz günäsi bolandygyny boýun almak islemezliginden gelip çykýar. Islendik hökümet öz ýalňyşlaryny boýun almagy asla halamaýar" diýip, öňki gazak diplomaty aýdýar.

Özbegistan Garaşsyzlygyny alandan bäri ýüze çykan uly betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar onlarça adamyň ölümine sebäp boldy. Şeýle-de, ýüzlerçe ejir çekenler, milliardlarça dollarlyk maddy zyýan barada gürrüň barýar. Bu heläkçiliklerden umumy ahlak ýitgileri hasaba alynmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG