Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bir aýdan gowrak wagt galanda, maryly ene-atalar özleriniň kör, ker ýa-da lal çagalaryny Baýramaly etrabynda ýerleşýän ýurduň Körler we kerler jemgyýetiniň mekdebine we çagalar bagyna ýerleşdirmekde kynçylyk çekýärler. Ene-atalaryň ençemesi munuň üçin özlerinden $200-$500 aralygynda para talap edilýändigini aýdýar.
“Hökümet tarapyndan býujetiň hasabyna ýöredilýän bu internat hem, gynansak-da, beýleki mekdepler ýaly parahorluga uçran. Ozal hem ýaşaýyşdan utulan çagalarymyzy bu mekdebe ýerleşdirmek üçin welaýat bilim müdirliginden ýa-da etrap bilim bölüminden tanyş adam tapmaly bolýarys. Bu adamlar we araçylar 500 dollara çenli para soraýarlar” diýip, maryly ene habarçymyza gürrüň berdi.
Ene-atalar çykdajynyň munuň bilen hem çäklenmeýändigini aýdýarlar. Mekdebe ýerleşmek isleýän çagalar ýörite "medkomissiýadan" geçirilýär.
“Çaganyň şol komissiýadan geçip, mekdebe kabul edilmegi üçin-de azyndan 1000 manat çykdajy etmeli. Bu serişdeleri berip bilmedik ene-atalara ‘ýer ýok’ diýen jogap berilýär we olardan garaşmak talap edilýär” diýip, maryly ene belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada gürrüňi edilýän mekdepden we onuň çagalar bagyndan, şeýle-de welaýat bilim bölüminden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 24-nji iýulda telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, habarçymyzyň sözlerine görä, soralýan parany berip bilmeýän we saglyk ýagdaýy çäkli çagalaryny mekdebe ýa çagalar bagyna ýerleşdirip bilmeýän ene-atalaryň sany sanardan köp. Olar çagalarynyň gelejekde mätäçlikde galmagyndan alada edýärler.
“Käbir ene-atalar bolsa, çagalaryny mekdebe ýerleşdirmek üçin bergä girmäge razy bolýarlar. Özüm hem şolaryň biri bolup, şu wagt çagamyň aladasyny etmesek, soňra olara durmuşda kyn bolar. Biz ene-ata ömürlik däl. Şonuň üçin ol biziň ýok wagtymyzda durmuşda ýaşamaga az-kem taýyn bolmaly” diýip, baýramalyly bir ene gürrüň berdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtdaky kör, ker ýa-da lal çagalaryň sany baradaky statistikany aç-açan mälim etmeýärler.
Ýöne geçen ýylyň sentýabrynda “Turkmen News” neşiri Türkmenistanyň BMG-niň aýal-gyzlara garşy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetine iberen hasabatyna salgylanyp, 2018-2022-nji ýyllarda Türkmenistanda 18 ýaşa çenli aralykdaky maýyp çagalaryň sanynyň 22,4 göterim artandygyny habar berdi.
Häkimiýetler ýurtda maýyp çagalar üçin niýetlenen mekdep-internatlarynyň we çagalar baglarynyň sany baradaky maglumatlary hem aç-açan äşgär etmeýärler.
Ýöne soňky ýyllarda Azatlyk bu edaralaryň we olarda mugallymlaryň ýetmezçiligi, ene-atalaryň çagalaryny bulara ýerleşdirmek üçin para bermäge mejbur bolýandygy barada ençeme gezek maglumat taýýarlady.
Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlaryň durmuş goraglylygyny kepillendirýär. Ýurduň durmuş üpjünçiligine degişli döwlet ulgamy maýyplygy bolan adamlara sosial ýeňillikleri we dürli hyzmatlary bermäge borçlanýar.
Ýöne Azatlyk ýurtda lukmanlaryň maýyplygy resmileşdirmekden ýüz öwürýändigi, şeýle-de maýyplygy tassyklatmak üçin "para bermelidigi" barada hem habar berip gelýär.
Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär. "Transparency International” guramasynyň şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum