Maryda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) awtoulaglaryň hereketine bolan gözegçiligi güýçlendirdi. Ulag eýeleri PÝGG-niň dürli bahanalar esasynda, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmadyk sürüjilere hem jerime ýazýandygyny aýdýarlar. PÝGG-niň işgärleri bolsa, özlerinden “gündelik planyň” talap edilýändigini belleýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji martda sebitden maglumat berdi.
“Mary şäheri bilen welaýatyň etraplarynyň arasynda polisiýa işgärleriniň sany göz-görtele köpeldi. Olar esasan hem ulagyny sähel ýokary tizlikde süren sürüjileri saklaýarlar we jerime ýazýarlar. Düzgün bozmadyk sürüjiler hem saklanýar we olarda bahana gözlenýär. Olara kemeri kadaly dakynmandygy, ýa derman gutujygynyň kadaly däldigi ýa-da çyralarynyň biriniň kadaly ýanmaýandygy aýdylyp, jerime salynýar” diýip, maryly sürüji aýtdy.
Sürüjileriň ençemesiniň tassyklamagyna görä, ulag eýelerine bir günüň dowamynda şol bir sebäp esasynda ençeme gezek jerime ýazylýan halatlary hem bolýar.
Şol bir wagtda, öňki tejribelerden tapawutlylykda, bu gezekki gözegçiliklerde PÝGG-niň işgärleri ulag eýelerinden para almaýarlar. Olar resmi protokol dolduryp, jerime ýazmaga ýykgyn edýärler.
PÝGG-niň işgärleriniň birnäçesiniň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, munuň sebäbi şu günlerde özlerinden “berk talap edilýän gündelik plan” bilen baglanyşykly.
“Her bir polisiýa işgärine günde 17-20 protokol ýazmak tabşyryldy. Hatda biz sürüji düzgün bozmasa-da, ulagy we resminamalary düzüw bolsa-da, bir bahana tapyp, jerime ýazmaly we günlük protokol planymyzy dolmaly. Biz bu plany dolup bilmesek, onda bize dolmadyk her bir protokol üçin 50 manat öz kisämizden tölemeli boljakdygymyzy duýdurdylar” diýip, polisiýa işgäri belledi.
Ol şu sebäpli polisiýa işgärleriniň 20 manat para almagyň deregine, jerime ýazyp, protokol planyny dolmaga çalyşýandygyny hem sözüne goşdy.
Azatlygyň bu aýdylanlar barada Marynyň Polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Ýöne waka, ýurduň içeri işler ministriniň prezident Serdar Berdimuhamedowa beýleki meseleler bilen birlikde, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Resmi metbugat Muhammet Hydyrowyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 6-njy martda geçirilen mejlisinde beren hasabatynyň jikme-jiklikleri barada maglumat bermedi.
Ýöne habarda döwlet baştutanynyň ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almak boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini belländigi aýdyldy.
Maryda awtoulaglaryň hereketine bolan gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň, prezidentiň bu bellikleri bilen baglanyşyklymy ýa däldigini anyklamak başartmady.
Türkmenistanda PÝGG-niň işgärleri ulag sürüjileriniň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edişine gözegçiligi wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Raýatlar bu çäreleri “häkimiýetleriň halky talamak, ilatyň hasabyna býujeti ýa-da öz jübülerini dolmak tagallalary” häsiýetlendirýärler.
Habarçylarymyz bilen anonim şertde söhbetdeş bolýan polisiýa işgärleri bolsa, özleriniň “ýokardan berlen tabşyryklary ýerine ýetirýändiklerini” aýdýarlar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum