Agyr ýagdaýa düşüp, ildeşlerinden ýardam soraýan türkmenistanlylar häkimiýetler tarapyndan basyşa sezewar bolýar. Mary welaýatynyň polisiýasy sosial ulgamlarynda kömek soraýan raýatlary yzarlaýar. Şeýle bildirişler IMO, TikTok sosial ulgamlarynda paýlaşylýar.
Marydaky çeşmeleriň gürrüň bermegine görä, sosial ulgamlarda halkdan kömek sorap, öz agyr durmuşyny gürrüň berýän we däri-dermana mätäçlik çekýän adamlaryň maglumatlary we wideolary paýlaşylsa welaýatynyň polisiýa we MHM işgärleri paýlaşýan adamlary gözläp, soraga çagyrýarlar.
"Milli howpsuzlyk edarasynyň we polisiýanyň işgärleri ýagdaýy agyr adamlary soraga çagyrylyp wideony aýyrmagy talap edýärler. 'Biziň baý ýurdymyzda halkyň agyr we kyn günde ýaşaýandygyny görkezip, Arkadagymyzy we arkasy dagly Serdary abraýdan düşürýärsiňiz' diýip, adamlar bilen gürrüňdeşlik geçirýärler. Adamlara haýbat atyp, gorkuzyp goýberýärler" diýip, maryly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri uly mätäçligi zerarly kömek soramaga mejbur bolan adamlary yzarlap, soraga çekýän wagtynda, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň sözlerine görä, maşgalalary köpçülige ýüzlenip ýardam soramaga çykgynsyzlyk iterýär.
"Azyk we derman üçin kömek soran adamlar maýyplara döwletiň berýän pensiýa we kömek pulunyň hiç zada ýetmeýändigini aýdýarlar. Indi bolsa kömege derek, naçar adamlary döwletiň berýän ujypsyz kömek pulundan hem 'mahrum etjek' diýip gorkuzýarlar" diýip, çeşme aýdýar.
Mary welaýatynda ilat köpçüligi agyr durmuş şertlerinde ýaşaýarlar. Hatda her gün iýmitlenmäge mümkinçiligi bolmadyk maşgalalaryň sany köpelýär.
"Häzir adamlaryň durmuş ýagdaýlary gaty agyr bir gün dok ýatsalar üç gün aç ýatmaly bolýarlar. Kimdir biri toý, sadaka etse, şol ýerden ulylary we kiçi çagalary öýlerine nahar daşap gün görýän hojalyklar bar. Munuň ýaly garyp günde ýaşaýan adamlaryň sanynyň öňküsinden 3-4 esse artanyny görse bolýar" diýip, maryly çeşmeleriň ýene biri aýtdy.
Marynyň has gurply ýaşaýjylary her gezek sadaka berlende azyk sorap gazanyň daşyna üýşýän adamlaryň köpelýändigini gürrüň berdi.
"Sadakalarda entäk myhmanlara nahar doly çekilip dynmanka gazanyň daşyna üýşip 'yzymda gelinim, gyzym, oglum, syrkaw garrym, syrkaw çagam bar, gelip bilmedi, öýde-de nahar ýok' diýip palow, dograma, hatda çorbanam gap jam tapmasalar plastik paketleri uzadyp, nahar alyp gidýän adamlar gaty köpeldi, hatda gaýtalap ikinji gezek gelip nahar alýanlar hem bar, adamlar aç" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Kömege mätäçlik çekýän maşgalalaryň agyr ýagdaýa düşmeginiň dürli sebäpleri bar.
"Tanyşymyň ýan ýoldaşy töhmet bilen türme tussaglygyna basyldy. Ençeme ýyl geçensoň boşap öýüne dolandy we ol gelende syrkaw we agyr keselli geldi. Türme adamlary dogry ýola salman, gaýta agyr syrkaw we işe ýaramajak hala salyp, türmeden goýberýär" diýip, çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan söhbetdeşleriniň atlaryny olaryň howpsuzlyk aladalary sebäpli agzamakdan saklanýar.
"Meniň ýoldaşym syrkaw halda çagalarymyzy eklemek üçin agyr işlerde kerpiç zawodunda işledi. Men hem agyr işlerde her günüme 55 manada işledim. Soňra goňşularymyň tamdyrynda çöregimi bişirdim. Goýun ýüňünden keçe dokamak, mal bakmak, kerpiç zawodlarynda işlemek, pagta ýygmak, otag etmek, ýüpek gurçuk pile tutmak, ýorgan-düşek tikmek ýaly agyr işlerde zähmet çekip, gününi görmäge synanyşýan zenanlara döwlet tarapyndan goldaw hany? Prezidentiň hem ejesi bar, näme üçin ol biziň agyr halymyzy görmejek bolýar?" diýip, pensioner zenan aýdýar.
Türkmenistanda garrylar we maýyplar üçin pensiýa, kiçi çagaly maşgalalar üçin kömek pullary ujypsyz bolmagynda galýar we hatda Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri bilen deňeşdirilende iň pes hasaplanýar.
"Biz şu günem we eýýäm bir aý çemesi çörek pulymyz bolman, ekin meýdanlaryna aýlanyp, semzek we şeker şugundyryň ýapragyny ýygnap, nahar edip iýýäris. Haçan-da biri sadaka berse, şonda dişimize et degýär, haçan-da çagalarym iki sany almany kiselerine salyp, öýe äkelse, entäk süýt emýän 7 aýlyk çagamyza witamin bolsun diýip, kiçi demir çemçe bilen gyryp berýäris" diýip, köpçagaly maşgalanyň başy gürrüň berdi.
Türkmenistanda berk petiklenýän sosial ulgamlarynda ýardam soraýanlaryň bildirişleri paýlanýarka, kömege mätäç naçarlaryň başgalardan haraý gözlemegi diňe bir sosial ulgamlary bilen çäklenmeýär. Çagalary, eli bäbekleri eneleri we garrylary köçelerde hem-de gapymy-gapy aýlanyp azyk, pul we köne geýim soraýan adamlaryň arasynda gitdigiçe köp görse bolýar.
Polisiýanyň sosial media ulgamlarynda kömek sorýanlary yzarlamagy wagtal-wagtal güýçlenýär. Emma halkyň gitdigiçe agyrlaşýan ýagdaýyny görmezlige salýan häkimiýetler bu mesele barada resmi çykyş etmekden we teswir bermekden ýüz öwürýär.
Käte türkmen mediasynda birnäçe ýyl mundan öň döredilen öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat fondundan kömege mätäç raýatlara kömek berlendigi barada habar peýda bolýar.
Emma bu fonduň daşary ýurtlara, şol sanda Owganystana uly göwrümli gumanitar kömegini ugradýandygy yglan edilýärkä, öz raýatlaryna bölünip berlen kömek ýoýulýar. Howandarlyga mätäç çagalara, üpjünçiligi pes hojalyklara niýetlenen et, tüwi, alma ýaly azyk önümleriň maşgalalara gowşurylanda kagyzda görkezilen mukdardan esli az berilýän pursatlary seýrek bolmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum