Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IMO arkaly haýyr-sahawat soraýan hojalyklar polisiýanyň basyşlaryna sezewar bolýar


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Balkan welaýatynda näsag çagalarynyň saglyk bejergisine niýetläp, Internet arkaly ildeşlerinden haýyr-sahawat ýardamlaryny soraýan üpjünçiligi pes maşgalalar häkimiýetler tarapyndan basyşlara sezewar edilýärler. Olar ýurtda höküm sürýän "bagtyýar durmuşyň" keşbine zeper ýetirmekde aýyplanýarlar.

“Näsag çagasynyň ýa-da ýakyn dogan-garyndaşlarynyň saglyk bejergisine niýetläp, Internet üsti bilen haýyr-sahawat toplamaga çalyşýan adamlar köpelýär. Polisiýa olary ‘gedaýlar’ atlandyrýar we şeýle mazmunda maglumat paýlaşan adamlara administratiw temmi bermek haýbatyny atýar” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, orta ýaşlaryndaky bir ýalňyz ene özüniň ýiti böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýän 12 ýaşly oglunyň howandarlyga mätäçdigini, böwrek transplantasiýa operasiýasyny geçirmek üçin lukmanlar tarapyndan daşary ýurtlardaky keselhanalaryň birine dilden ýollanma berlendigini gürrüň berýär.

Ol özüniň IMO messenjerinde paýlaşan postunda ýardam sorap, öz ildeşlerine haýyş bilen ýüz tutýar.

“Ýerli lukmanlar çagada bir ýylyň içinde Hindistandaky keselhanalaryň birinde böwrek transplantasiýanyň geçirilmegini maslahat beripdirler. Olar özleriniň şeýle amallaryň hötdesinden gelip bilmeýändiklerini aýdypdyrlar. Çaganyň ejesi şeýle maksat bilen, 30 müň dollar möçberinde maliýe ýardamyny soraýar” diýip, enäniň paýlaşan postundan habarly bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Polisiýa şu we şular ýaly başga-da birnäçe IMO postlaryny pozduryp, onlaýn ýüzlenmeleriň awtorlaryna haýbat atýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy howandarlyga mätäç maşgalanyň yzyny yzarlap, çagany saglyk barlagyndan geçiren bir ýerli lukman bilen gürrüňdeş boldy.

“Ol biziň hassahanamyzda saglyk barlagyndan geçirildi. Biz bu näsag boýunça, Aşgabatdaky Iç keselleri halkara saglyk merkeziniň Çagalar bölümine ýollanma berdik. Netije bolmady” diýip, lukman aýdýar.

Döwlet mediasy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurduň dürli saglyk merkezlerinde saglyk bejergisini alýan, operasiýa edilýän çagalar barada habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmenbaşyly maşgalanyň hem, bu gaznanyň haýyr-sahawat ýardamyna ýüz tutmaga synanyşandygyny aýdýar.

“Netije bolmady. Çaganyň atasy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodda işlän döwründe kazyýet jogapkärçiligine çekilip, türme tussaglygyna höküm edilipdir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy raýatlaryň haýyşlaryny seljerende berk üç arka barlagyny ileri tutýar. Bu maşgala üç arka barlagyndan geçip bilmändir” diýip, maşgalanyň haýyşyndan habarly bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Adamsynyň tussag edilmeginden soňra, üpjünçiligi ymykly peselen ýalňyz ene böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýän çagasy bilen bir jaýda kireýine ýaşap, zordan güzeran aýlaýan ekeni.

Ol, ähtimal, iň soňky çykalga hökmünde IMO messenjeri arkaly post paýlaşyp, ildeşlerine haýyş bilen ýüzlenýär. Ýöne bu hereket onuň polisiýa tarapyndan soraga çekilmegine, “gedaý” diýlip atlandyrylmagyna alyp gelýär.

“Polisiýa IMO arkaly ýardam soraýan adamlary ýurduň 'bagtyýar keşbine' şek ýetirmekde, ýurdy masgaralamakda aýyplaýar. Garyplara gödek çemeleşýärler. Dokuň açdan habary ýok diýleni” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli lukmanlar soňky ýyllarda çagalaryň arasynda dürli keselçilik hadysalarynyň, öýken, böwrek, ýürek ýetmezçilikleri ýaly keselleriň has köp duş gelinýändigini aýdyp, bu ýagdaýy maşgalalaryň iýmit üpjünçiliginiň pes bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

“Üpjünçiligi pes maşgalalalaryň çagalary iýmit ýetmezçiliginden, witamin, belok, uglewod ýetmezçiliginden ejir çekýärler. Bu hojalyklarda etli naharlar ýa-da miweli önümler tas iýilmänsoň, çagalarda çylşyrymly keseller anyklanýar. Çaga eýýäm enäniň göwrelilik döwründe witamin ýetmezçiligine sezewar bolýar” diýip, ýerli lukman Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýurtda ykdysady kynçylyklaryň, dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän pursatynda, 2021-nji ýylyň martynda döredildi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtdaky garyplygyň hem-de keselçiligiň gerimini açyp görkezýän maglumatlary aýan etmeýär.

Döwlet mediasyna görä, bu gaznanyň hasabyna 2023-nji ýylyň dowamynda iki ýüzden gowrak operasiýa töleg edilipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň saglyk pudagyndaky nogsanlyklar, saglyk bejergisini almak üçin Eýran, Türkiýe, Hindistan ýaly ýurtlara syýahat etmeli bolýan raýatlar barada yzygiderli habar berýärler.

Döwlet mediasy paýtagt Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýat merkezlerinde gurulýan täze keselhanalar, saglyk merkezleri barada yzygiderli reportažlary efire berýär. Ýöne böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýän çagalaryň ykbaly ýa-da üpjünçiligi pes hojalyklaryň başdan geçirýän durmuş problemalary, olaryň saglyk bejergisini almakda ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri döwlet metbugatynda agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG