Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary "Talybanyň" aýal-gyzlara garşy girizen çäklendirmelerini "adamzada garşy jenaýat" atlandyrýar


Owgan mekdebi
Owgan mekdebi

Iň ýokary hukuk toparlarynyň ikisi 26-njy maýda “Talyban” tarapyndan Owganystandaky aýal-gyzlara garşy girizilen ýowuz çäklendirmeleri jynsy ýanamalar esasynda adamzada garşy edilýän jenaýat hökmünde ýazgardy.

Halkara Günä geçiş guramasy bilen Halkara Hukukçylar geňeşiniň (ICJ) täze hasabatynda “Talybanyň” owgan aýal-gyzlarynyň hukuklaryny basyp ýatyrmagynyň, “tussaglyk, zor bilen ýitirim edilmek, gynamalar we beýleki ýowuz daraşmalar” bilen bilelikde, Halkara jenaýat kazyýeti tarapyndan jynsy yzarlamalar aýyplamasy esasynda jogapkärçilige çekilmäge sebäp bolup biljekdigi” aýdylýar.

Başda has aram dolandyryş wadalaryny berendigine garamazdan, "Talyban" 2021-nji ýylyň awgust aýynda häkimiýet başyna gaýdyp geleninden soň, aýal-gyzlara garşy ýowuz çäklendirmeleri girizmäge başlady.

XS
SM
MD
LG