Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply mugallymlar goşmaça gazanç etmek mümkinçiliginden mahrum edilýändiklerini aýdýarlar


Türkmen zenanlary (Illýustrasiýa suraty)
Türkmen zenanlary (Illýustrasiýa suraty)

Lebaply bilim işgärleriniň ençemesi özleriniň hepdede 36 sagatdan artyk işläp, goşmaça gazanç etmek mümkinçiliginiň çäklendirilýändigini aýdyp, nägilelik bildirýär.

Olar bu çäklendirmäniň parahorlugyň möwjemegine getirýändigini, para beren bilim işgärleriniň ondan “azat edilýändigini” belleýärler. Bu barada lebaply mugallymlaryň ençemesi anonim şertde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Men işleýän mekdebimde direktoryň soraýan parasyny berip bilmänim üçin maňa hepdede 24 sagat iş wagty hem berilmedi. Mundan gelýän girdeji maşgalamy eklemäge ýetmeýändigi üçin hususy eýeçilikdäki bilim merkezinde işe girdim. Indi şu aýdan başlap, bu merkeziň başlygy mekdepde okadýan sagadym bilen merkezde okadýan sapagymyň umumy sanynyň 36-dan geçmeli däldigini, ondan artyk okatmaga hakymyň ýokdugyny aýdýar” diýip, türkmenabatly mugallym belledi.

Bu çäklendirme bilen orta mekdeplerdäki işlerindenn soň, Türkmenabat şäherindäki, Çärjew we Dänew etraplaryndaky hususy bilim merkezlerinde sapak okadyp, goşmaça gazanç edýän mugallymlaryň ençemesi ýüzbe-ýüz bolýar.

Olaryň tassyklamagyna görä, bilim merkezleriniň başlygy bu çäklendirmäniň sebäbini Türkmenistanyň Bilim hakyndaky kanunynyň 53-nji maddasy bilen düşündirýär.

Bilim ulgamynda zähmet gatnaşyklaryny kesgitleýän maddada bilim edaralarynyň pedagogik işgärleri üçin hepdede otuz alty sagatdan artyk bolmadyk gysgaldylan dowamlylykdaky iş wagtynyň bellenilýändigi aýdylýar.

Ýöne bilim işgärleri özleriniň döwlete degişli bolmadyk bilim merkezlerinde goşmaça gazanç edýändiklerine ünsi çekip, çäklendirmä nägilelik bildirýärler.

“Biz meseläni çözmek maksady bilen, döwlete degişli däl bilim merkezlerinde zähmet gatnaşyklary hakyndaky kanunlary öwrenmek üçin ýurduň Zähmet kodeksini we Bilim hakyndaky kanunyny hem açyp gördük, emma hiç zat tapmadyk” diýip, çärjewli bir mugallym belledi.

Ýurduň Bilim hakyndaky kanunynda bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertlerini kesgitleýän 15-nji maddada eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralarynda beýlekiler bilen bir hatarda, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlandyrmagyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýändigi aýdylýar.

Bilim merkezleriniň başlyklary mugallymlara beren maglumatynda bu düzgünleriň "mugallymlaryň ýadamazlygy üçin" Bilim ministrligi tarapyndan kabul edilendigini, özleriniň edip biljek zadynyň ýokdugyny hem aýdýarlar.

Ýöne mugallymlar bu çäklendirmäniň parahorlugyň möwjemegine getirýändigini, para beren bilim işgärleriniň ondan “azat edilýändigini” belleýärler.

“Bilim merkezleri mugallymlar bilen ylalaşyp, ýagny olardan para alyp, okuwçylaryň goşmaça toparlaryny döredýärler we olardan gelýän girdejiler gara buhgalteriýada hasaba alynýar. Beýle etmeklik bilen, bilim merkezi döwlete tölemeli salgytlary tölemeýär we goşmaça sagatlar üçin mugallymlardan para almak mümkinçiligi döreýär” diýip, welaýat baş bilim müdirligindäki çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýatyň bilim resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde bilim berýän mugallymlaryň ortaça zähmet haky takmynan 2000-3000 manada barabar bolup, bu Merkezi bankyň kursunda 570-850 dollara, gara bazaryň nyrhynda 100-150 dollara deňdir.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň arasynda, býujet işgärleriniň aglabasynyň, şol sanda mugallymlaryň zähmet haklarynyň güzeran eklemäge ýetmeýändigini, habarçylarymyz aýdyp gelýärler.

Olar bu ýagdaýlaryň käbir mugallymlary okuwçylardan para almaga, käbirlerini işden soň dürli işlerde zähmet çekip, şol sanda hususy ulagynda kireý edip ýa-da öýlerinde çagalara sapak berip, goşmaça gazanç etmäge iterýändigi barada hem ençeme gezek habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG