Lebap welaýatynda gyzgalyňly, köpçilikleýin pagta ýygymy dowam edýar. Pagta meýdanlaryna günde ýerli edara-kärhanalarynyň işgärleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu aralykda Azatlygyň welaýatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde ekin meýdanlarynda pagta ýygýan tehnika hem köpelipdir, kombaýnlar bilen gyssagly ýygylýan pagtanyň ýerine bugdaý ekilýär.
Bir aýdan gowrak wagtlap esasan el güýji bilen dowam etdirilýän pagta ýygym kampaniýasyna häkimiýeler tarapyndan girizilen käbir özgerişlikler barada habar beren ýerli korrespondentler kombanlaryň hem pagta ýygyma girişendigini aýdýarlar. Kombaýnlar hem pagta ýygymyna girisdiler" diýip, habarçymyz 12-nji oktýabrda habar berdi.
Resmi habarlarda pagtanyň kombanýlar bilen ýygyýandygy habar berilse-de, hususan-da Lebapda iş ýüzünde pagta hasyly esasan el bilen ýygylýar.
Emma habarçymyz bilen gürleşen daýhanlar kombaýnlaryň has giň ulanylyp başlanmagynyň bugdaý ekişlik bilen baglanyşdyrýarlar. Tehnika pagta hasyly ýygnalansoň, onuň ýerine bugdaý ekilmeli meýdanlarda işledilýär.
"Diňe pagtanyň aşagyna bugdaý ekiljek ýerlere kombaýn girip pagtany ýygnaýar. Kombaýyn uly meýdany yzly-yzyna iki gezek aýlanyp, meýdandaky pagtany ýygnaýar. Bir gezekde kombaýn doly derejede pagtany ýygnap bilmänsoň ikinji gezek hem geçmeli bolýar. Galan pagtany ýygnamak üçin yzyndan traktor joýa girip, goza çöpüniň arasyny çala dyrmalaýar we ýeri sürüp çykýar" diýip, habarçymyz gürrüňdeş bolan oba hojalyk işgäri gürrüň berdi.
Onuň düşündirişi ýaly şeýdip, gögerip duran pagtanyň arasyna bugdaý ekilýär. Bu bolsa, entek açylmadyk körekleri soň ýygnamak üçin edilýär.
"Goza çöpi hiç hili goparylmaz ýaly, diňe teker ýöreýan ýerleri sürülýar, yzýany bugdaý ekiji ýoriteleşdirlen traktorlar arkaly bugdaý sepilip ekilýar. Bu bugdaý ekilen ýerlerde bugaý gögerip maýsalap başlansoň, 1 aý çemesi wagt geçensoň galan gowaça körekleri doly açylansoň, bu bugdaý meýdanyna girip, el bilen galan pagtany ýygnap alarlar" diýip, oba hojalyk bilermeni aýdýar.
Daýhanlar bu tejribäniň öňem ulanylandygyny, şeýdip, şol bir ýerden iki gezek hasyl alynýandygyny belleýärler. Şeýle-de, olar tejribäniň topragy arrykladýandygy, ýeriň "dem alyp" bilmeýändigini we netijede hasylyň pes bolýandygyny aýdýarlar. Üstesine, bu usul kärendeçileriň işini kynlaşdyrýar, olar goza çöpüni ýygnanda ekilen bugdaýy zaýalaman goza çöpini elde orup çykmaly bolyarlar. Şeýlelikde paýta meýdanlarynda sürüm işleri ýanwarda geçirilýär.
Türkmenistanda pagta ýygym kampaniýasynyň resmi taýdan sentýabr we noýabr aralygynda göz öňünde tutalmagyna garamazdan, ýurtda pagta awgustdan başlap, dekabryň aýagyna çenli ýygylýar we bu işe mejbury iş güýji çekilýär.
Şu günler Lebapda býujet işgärleriniň tas ählisi pagta meýdanlaryna çykmaga mejbur edilýär.
Habarçylara görä, Türkmenabadyň edara-karhanalarynyň býujet işgärlerini günde Farap, Dänew, Saýat etraplaryna aftobus bilen alyp gidýärler. Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegiň ýerine pagta meýdanlaryna baryp, gün uzyn mugtuna pagta ýygmaly bolýarlar.
Dünýäniň pagta öndürýän esasy ýurtlarynyň onlygyna girýän Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edýär. Bjuýet işgärlerinden başga-da paýta meýdanlarynda çagalar hem göze ilýär. Bu ýagdaýlary resmi taýdan kommentirlemeýän türkmen hökümeti şu ýyl 1,25 million tonna pagtany ýygnamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri planyň dolýandygyny ýyllarboýy habar berýärler.
Türkmenistan çig pagtasyny Russiýa, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Britaniýa we başga-da birnäçe ýurda eksport edýär.
ABŞ Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň import edilmegini gadagan etdi. Dünýäniň iri kompaniýalarynyň onlarçasy türkmen pagtasyny satyn almakdan ýüz öwürdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum