Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: Yzygiderli elektrik kesilmeleri ýerli ýaşaýjylaryň rahatyny bozýar


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Türkmenabat.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Türkmenabat.

Tomus aýlarynda ilat arasynda elektrik energiýasyna bolan talabyň ýokarlanmagy bilen, Lebap welaýatynyň gür ilaty etraplarynda yzygiderli tok kesilýär. Ýerli ýaşaýjylar öz ýaşaýan sebitlerinde elektrik geçirijileriniň hatardan çykýandygyny aýdyp, olaryň täzelenilmegini soraýarlar. Energiýa bökdençlikleri ilatyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary gündogar welaýatyň sebit merkezinde, şeýle-de Çärjew, Dänew we Saýat ýaly birnäçe etrapda, hususan-da maý aýynyň ikinji ýarymyndan bäri has-da ýygjamlaşan elektrik kesilmeleri barada habar berýärler.

“Şäheriň 1970-nji ýyllarda gurlan köp gatly jaýlarynda yssy howa şertlerinde her hepdede tas iki-üç gezek elektrik üpjünçiligi kesilýär. Iýul aýynda tas her günde diýen ýaly tok kesilýär. Biz her gezek üpjünçilik merkezine jaň edýäris, ýöne telefon jaňlaryna jogap bermeýärler, telefonlar ‘zanit’ görkezýär” diýip, Türkmenabat şäheriniň üçünji kwartalynyň bir ýaşaýjysy aýdýar.

Şäheriň elektrik üpjünçilik kärhanasynyň işgärleri bu kwartaldaky elektrik geçiriji ulgamlaryň könelendigini, olaryň häzirki zaman ülňülerine gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

Üçünji kwartalyň beýleki bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde maý aýynda ýagan ýagyşlardan öň, bu sebitde elektrik geçirijilerini täzelemek boýunça taýýarlyk işleriniň geçirilendigini aýdýar.

“Şonda jaýlaryň öňündäki ýerleri gazyp, elektrik geçirijilerini çalyşmak boýunça taýýarlyk işlerini alyp bardylar. Ýöne meseläni çözmäge derek, ýollary gazyp adamlaryň hereketini bökdediler” diýip, şäher ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Welaýat merkeziniň beýleki sebitlerinde hem elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençlikler döreýär. Bahar etrapçasynyň bir ýaşaýjysy, 20 ýaşly bir gyz maşgala özüniň pensioner mamasyna ideg edýändigini we yzygiderli elektrik kesilmeleriniň özleriniň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir edýändigini gürrüň berýär.

“Meniň mamamda ýokary derejeli gipertoniýa bar we bir gezek ýürek infarktyny geçirdi. Ol otagda gije-gündiz kondisioner işledilmedik ýagdaýynda gaty erbet bolýar, demi gysyp, derläp başlaýar. Elektrik üpjünçiligi kesilmedik halatynda hem, biz kondisionerlere aýratyn stabilizatorlary çatdyk. Şeýle stabilizatorlaryň bahasy 6 müň manat. Durnuksyz elektrik üpjünçiligi zerarly, elektron enjamlar sandan çykýar. Men 20 ýaşymda, ýöne men özümi bilelim bäri, tok problemasy her ýylda adamlary ynjalyksyz edýär” diýip, ýaş gyz Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenabat şäheriniň elektrik üpjünçilik kärhanasynyň bir işgäri şäheriň elektrik ulgamlarynyň maddy binýadynyň pes bolandygyny aýdýar we energiýa kärhanalarynda ýol berilýän korrupsiýa, ogurlyk hadysalarynyň kadaly üpjünçilige ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýar.

“Başlyklar merkeze hasabat berenlerinde, ähli zat gül ýaly diýip, hasabat berýärler. Az mukdarda iberilýän maddy üpjünçiligi hem ogurlaýarlar. Edaralarda ýokary hünärli elektrik işgärleri hem ýetmezçilik edýär, biz ähli zada ýetişip bilemizok. Adamlar köpçülikleýin arz-şikaýat bildirenlerinde bolsa, başlyklar ähli gahar-gazaby bize gönükdirýärler. Halys ýadatdylar...” diýip, bir elektrik üpjünçilik kärhanasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenabat şäheriniň Üjünji kwartlaryndaky birnäçe köp gatly jaýyň ýaşaýjylary bileleşip, 2023-nji ýylda yzygiderli elektrik kesilmeleri boýunça şäher häkimligine arza ýazypdyrlar. Ýerli ýaşaýjylar öz hatlarynyň resmiler tarapyndan kabul edilendigini emma henize çenli bu meseläniň aradan aýrylmaýandygyny aýdýarlar.

Yzygiderli elektrik kesilmeleri baradaky habarlar ýurdyň beýleki bir sebitinde, demirgazyk Daşoguz welaýatynda täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilýän pursatlaryna gabat gelýär. Döwlet mediasy 5-nji iýunda Daşoguz – Balkan asma elektrik geçirijisiniň açylyp, täze elektrik beketleriniň ulanylmaga berlendigini habar berdi.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 2021-nji ýylyň sentýabrynda döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde täze gazturbinaly elektrik bekedi işe girizildi. Türkmen metbugaty şonda bu desganyň içerki sarp edijileriň elektrik üpjünçiligini kanagatlandyryp, Özbegistana, Gyrgyzystana we Owganystana eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga hem mümkinçilik döretjekdigini aýtdy.

Şeýle-de, 2016-njy ýylda welaýatyň öňki Döwletli etrabynyň çäginde kuwwaty 254 megawat bolan “Watan” elektrik bekedi açyldy.

Türkmenistanyň hökümeti ýurdy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde, bu döwürde ýurduň çäginde öndürilýän elektrik energiýasynyň umumy möçberini 33 milliard kilowat-sagada ýetirmegi göz öňünde tutupdy.

Muňa garamazdan, Türkmenabat şäherinde pensioner mamasyna ideg edýän 20 ýaşly gyz, şäheriň üçünji kwartalynyň ýaşaýjylary we beýlekiler yzygiderli gaýtalanýan elektrik kesilmelerinden ejir çekýärler.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça Lebap welaýatynyň elektrik üpjünçilik kärhanalaryndan teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG