Lebap welaýatynyň Çärjew, Dänew, Saýat we Hojambaz etraplarynda iri şahly mallar köpçülikleýin gyrylýar. Ýerli weterinarlar mallaryň arasynda peýda bolýan keselçiligiň sebäplerini anyklap, saglyk bejergilerini hödürläp bilmeýärler. Bu aralykda, sebit paýtagtynda sygyr etiniň bahasy arzanlady, ýöne ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi iri şahly mallaryň arasynda ýaýraýan keselçilik bilen baglylykda sygyr etini satyn almakdan wagtlaýyn saklanýandyklaryny aýdýarlar.
Gündogar sebitde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir etrap ýaşaýjysy maldarçylyk hojalygyndaky 23 sygyrdan 12-siniň heläk bolandygyny aýdýar.
Bu keselçilik iki hepde çemesi mundan ozal ýüze çykyp başlapdyr. Azatlyk Radiosy bu mesele bilen bagly ýerli hünärmenler, weterinarlar bilen gürleşip bilmeýär.
“Obalarda weterinar tapmak kyn. Goňşy obadan bir weterinar tapyp, ondan maslahat soranymyzda kanagatlanarly jogap alyp bilmedik” diýip, Saýat etrabynyň bir ýaşaýjysy aýdýar.
Ýerli ýaşaýjylar Çärjew etrabynyň öňki Farap etrabyna degişli bolan sebitlerinde, şeýle-de, Guşçulyk, Orazaly we Ýaňýaryk obalarynda bu keseliň giň ýaýraýandygyny aýdýarlar.
“Bu kesele duçar bolan iri şahly mallaryň bedeninde gara reňkli tegmiller peýda bolup başlaýar. Munuň netijesinde, mallar birnäçe günüň dowamynda ölýärler” diýip, etrap ýaşaýjylary aýdýar.
Gündogar sebitde kä halatlarda mallaryň maslyklarynyň gowaça meýdanlarynyň gyralaryna oklanýan halatlary hem hasaba alynýar.
“Ýakynda bir goňşym ölen malynyň maslygyny taşlan adamy tutup ony polisiýa tabşyrdy. Oňa administratiw pul jerimesi salyndy” diýip, bir oba ýaşaýjysy aýdýar.
Azatlyk Radiosy sebitde iri şahly mallaryň arasynda ýaýrap barýan keselçilik barada ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmeýär.
Bu habarlar Balkan welaýatynyň 10-a golaý obasynda iri şahly mallaryň köpçülikleýin haram ölmeginden bir aý çemesi wagt soňra peýda bolýar.
Ýatlasak, awgustyň başlarynda Balkan welaýatynyň Gazagystan bilen serhetleşýän obalarynda, Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäheriniň çetki obalarynda mallaryň arasynda keselçilik ýüze çykyp başlady.
Ýerli resmiler emele gelen bu ýagdaýyň sebäpleri boýunça düşündiriş bermediler, ýöne obalar karantin astyna alnyp, mallaryň arasynda sanjym işleri geçirilip başlandy.
Hususan-da, Tüwer, Çagla, Bekdaş suw, Göksuw we Tüýe geçdi obalarynda, başga-da serhetýaka birnäçe kiçi obalarda keselçilik we mal ölümleri hasaba alyndy.
“Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we welaýat weterinariýa gulluklarynyň işgärleri obalary hlorly erginler bilen zyýansyzlandyrmak işlerini hem geçirýärler” diýip, şonda bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýöne mallaryň haýsy keselden haram ölýändigi ýa-da olaryň alamatlary barada kelam agyz gürrüň bolmady.
Ýurduň gündogar we günbatar sebitlerindäki mal ölümleri bilen bagly habarlaryň arasynda, Lebap welaýatynyň Türkmenbat şäheriniň bazarlarynda sygyr etiniň bahasy birden aşaklap başlady.
“Bazarlarda sygyr etiniň bahasy 66 manatdan 58 manada çenli arzanlady. Ýöne arzançylyga garamazdan, ýerli ýaşaýjylar keselçilik zerarly, mal etini satyn almakdan häzirlikçe saklanýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Geçen aýyň ortalarynda Mary welaýatynda sygyr etiniň bahasy 30 göterim çemesi gymmatlapdy. Azatlygyň habarçylary iki hepde çemesi mundan ozal hem Mary welaýatynda ownuk mallaryň bahalarynyň gymmatlandygyny habar berdiler.
Türkmenabadyň daýhan bazarlarynyň birinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir bazar satyjysy mallaryň arasynda ýaýraýan keselçiligiň alyjylaryň arasynda dowul döredýändigini aýtdy.
“Şonuň üçin häzir alyjylar esasan goýun etini satyn alýarlar” diýip, ol aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum