Türkmenistanyň günbatarynda Balkan welaýatynda ýerleşýän polimer materiallaryny öndürýän gaz-himiýa toplumy işini togtatdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, zawod bir ýyl töweregi ýapylmak howpy astynda bolup, işgärleriniň takmynan 90% -ni işden boşatdy.
Kompaniýanyň öňki işgärleriniň sözlerine görä, zawod soňky aýlarda tas işlemän, önüm öndürmändir.
"Zawod indi işlemegini düýbünden bes etdi. Ondan öň kärhana daşary ýurt kompaniýalary bilen gurluşyk üçin hasaplaşýança işleýärdi. Döwlete geçirilenden soň işjeňlik peselip başlady" - diýip, kärhananyň birnäçe işgäri bilen gürleşen habarçymyz aýdýar.
16-njy ýanwarda “Turkmen.news” neşiri Balkan welaýatynyň Gyýanly obasyndaky polimer zawodynyň soňky birnäçe ýyl bäri tas işlemän, indi işini bes edendigini habar berdi. Neşir ähli işgärleriň tölegsiz rugsada iberilendigini we zawodda problemalary çözmäge kömek etjek hünärmenlere garaşylýandygyny belledi.
Gaz himiýa toplumy, “Turkmengaz”, Günorta Koreýanyň “LG International Corp” we “Hyundai Engineering”, şeýle-de Ýaponiýanyň "TOYO Engineering Corporation" kompaniýalarynyň arasynda 2013-nji ýylda gol çekilen üç taraplaýyn şertnamanyň çäginde 2018-nji ýylda guruldy.
2023-nji ýylyň maý aýynda kärhanadaky birnäçe çeşme gaz himiýa toplumynda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň iki hepdäniň içinde müňe golaý iş ýerini azaldandygyny Azatlyga habar beripdi.
Türkmen.news neşiriniň habarynda geçen ýylyň maý aýynda zawodda gazyň syzmagy zerarly üç işçiniň heläk bolandygy, iki adamyň ýaralanandygy aýdyldy. "Bu, eýýäm işini togtadan kärhanada önümçiligi gaýtadan dikeltmek üçin edilen iň soňky synanyşykdy. Ýanwar aýynyň başynda galan soňky işgärler öz hasabyna rugsada iberildi. Indi zawodda diňe dört howpsuzlyk işgäri işleýär" diýlip, maglumatda aýdylýar.
Şeýle hem neşir 2024-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda Gyýanlyda Günorta Koreýadan hünärmenleriň gelmegine garaşylýandygyny, olaryň problemalary düzetmäge we zawody täzeden açmaga synanyşjakdygyny habar berdi. "Dikeldiş boýunça gepleşikler uzak wagt bäri dowam edýär. Ilki bilen 'Hyundai Engineering' kompaniýasynyň hünärmenleri bu işe 608 million dollara razy boldular, ýöne soňra barlag geçirip, zawodyň ýagdaýyny görenlerinden soň bahany 1 milliard dollara çykardylar" diýip, Turkmen.news belleýär.
3 milliard 423 million dollar möçberinde sarp edilen pula gurlan uly önümçilik toplumy 2018-nji ýylda ulanylmaga berildi. Resmi maglumatlara görä, gaz himiýa toplumy ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemek we 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmek üçin önümçilik kuwwatyna eýe.
Azatlygyň kärhanadaky çeşmeleri, toplumyň işindäki kynçylyklaryň onuň ýolbaşçylarynyň çalyşmagyndan soň başlandygyny belledi.
Geçen ýazda Gyýanly zawodynyň içerki bölümleriniň birinde ýokary wezipelerde işleýän bir hünärmen toplumdaky ýokary wezipeleri tas doly diýen ýaly döwlet emeldarlarynyň dogan-garyndaşlarynyň eýeleýändigini gürrüň beripdi. Şol döwürde işgärler işini ýitirmekden we aýlyklaryndan mahrum bolmakdan howatyrlanýandygyny aýdypdy.
Türkmenistanyň ýangyç we energiýa toplumynda işleýän daşary ýurt kompaniýalary, türkmenistanly işgärlerine has ýokary aýlykly iş hödürleýär. Işgäriň sözlerine görä, "Hyundai Engineering" adaty işçilere aýda 1300 dollar, hünärmenlere bolsa 3500 dollar aýlyk berýärdi.
Iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda ençeme iri kärhana iş orunlaryny köpçülikleýin azaltdy. Azatlygyň habarçylary birnäçe nebit öndürýän kärhanalarda, şol sanda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaş bolýan şirketlerde işgärleriň işden çykarylandygyny ençeme gezek habar berdiler. 2022-nji ýylda Balkan welaýatyndaky gaz ýataklarynda işleýän birnäçe kärhananyň işgärleriniň sany birden 30% azaldylypdy. Şol bir wagtyň özünde, deňizde we gury ýer ýataklarynda işleýän içerki we daşary ýurt nebit hem gaz kärhanalarynyň öz kuwwatynyň ortaça 60% möçberinde işleýändigi belli boldy.
Türkmenistanda soňky on ýyllykda ýurduň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga we ilata iş ýerlerini hödürlemäge gönükdirilen birnäçe iri önümçilik kärhanasy guruldy, ençemesi soň ýapylmak howpy astynda düşdi.
Şol bir wagtyň özünde, bar bolan kärhanalaryň işindäki şowsuzlyklar hökümetiň täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin has köp çykdajy etmegine päsgel bermeýär. Ýaňy-ýakynda täze kärhanalary gurmak boýunça täze planlar yglan edildi. Ýurt metbugatynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi ýylylyk we ses izolýasiýa serişdelerini we süýümleri öndürýän zawod gurmak üçin tender yglan etdi.
Hökümet gymmat bahaly täze desgalara milliardlarça dollar harçlamagyny dowam etdirýärkä, dowamly işsizlige we azyk ýetmezçiligine sezewar bolýan ilatyň aglaba köplüginiň ýaşaýyş derejesi peselmegini dowam etdirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum