Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaý meselesi: Arkadag şäheriniň açylyşyna parallel, Türkmenabatda onlarça täze jaý ulanylmaga berler


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Türkmenistanyň hökümeti Arkadag şäheriniň 29-njy iýunda geçiriljek açylyş dabarasyna taýýarlyk görýän mahaly, bu çärä parallel, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasynyň açylmagyna garaşylýar. Bu aralykda, ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly problemalar saklanyp galýar.

Türkmenabatda açyljak täze ýaşaýyş jaý toplumlary şäher merkezindäki etrapçalarda ýerleşýär.

“Çagalaryň oýun meýdançalary, seýilgähler sökülip, şäher merkezinde täze köp gatly jaýlar guruldy. Häzir şol jaýlaryň gurluşygy tamamlanyp, açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylar aýdýarlar.

Bu jaýlaryň gurluşygyna anyk haçan girişilendigi mälim däl, ýöne ýerli ýaşaýjylar şäherde başlanyp taşlanýan jaý gurluşyk meýdançalarynyň az däldigini aýdýarlar.

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly problemalar saklanyp galýar, Döwlet statistika komiteti 2022-nji ýylyň dekabrynda geçirilen Ilat ýazuwynyň we Ilatyň ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerini çap etmeýär.

Ýöne ýurduň dürli sebitlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ençeme raýatlar ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly problemalardan şikaýat edýärler.

Ýadyňyza düşýän bolsa, ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan Mähri gelneje (ady üýtgedildi) dowam edýän ykdysady krizisiň hem-de giň ýaýran işsizligiň arasynda ýaşaýyş jaý meselesiniň ýitileşýändigini, üç çagasynyň we adamsynyň geçen asyryň ortalarynda çagalar bagy hökmünde gurlan we häzirki wagtda ulanyşdan galan bir binada gözgyny halda ýaşamaga mejbur bolýandyklaryny gürrüň berdi.

Ýa-da, geçen ýylyň tomsunda Balkan welaýatynda Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan Bilbil daýza ýigit çykan dört ogly, gelinleri we agtyklary bilen, 19 adam bolup, bary-ýogy dört otagly jaýda ýaşamagyň güzaplary we mellek edinmegiň kynçylyklary barada gürrüň berdi.

Ýöne diňe Mähri gelneje ýa-da Bilbil daýza däl, eýsem, başga-da ençeme türkmenistanly şeýle problemalary başdan geçirýär. Ýöne Türkmenistanyň hökümeti Ilatyň ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň takyk netijelerini aýan etmän, bu problemamyň hakyky gerimini gizlin saklaýar.

Türkmenistanda 29-njy iýunda öňki prezident, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag adyny göterýän täze şäheriň açylyş dabarasy bolar.

Bu çärä gabatlap, Türkmenabat şäherinde hem onlarça täze jaý ulanylmaga berler. Şeýlelikde, döwlet mediasy täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň dabaraly açylyşynyň fonunda, "bagtyýar durmuş" wagzyny batlandyryp, Mähri gelneje ýa-da Bilbil daýza ýaly ýiti jaý meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny agzamakdan saklanýar.

Azatlygyň habarçylary Türkmenabatda başlanyp taşlanýan käbir köp gatly jaýlaryň tölegleriniň jaý eýeleri tarapyndan öňünden geçirilendigini aýdýarlar.

Ýerli gurluşyk kompaniýalary bilen şertnama baglaşan türkmenabatly ýaşaýjylar özlerine gurluşygyň iki ýyldan dört ýyla çenli tamamlanjakdygynyň aýdylandygyny, ýöne kähalatlarda gurluşygyň uzaga çekýändigini aýdýarlar.

Ýatlasak, Azatlygyň habarçylary şu ýylyň fewral aýynda iki ýylda tamamlanmagy wada berlen täze jaýlaryň gurluşygynyň 2023-nji ýyla geçip, heniz-de gutarmandygyny habar beripdiler.

Türkmen metbugaty "Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi, ýurduň paýtagty we sebitleri tanalmaz ýaly özgerdi" diýip, ýurtdaky gurluşyklaryň depginine uly baha berýän reportažlary ýygy-ýygydan köpçülige ýetirýär.

Türkmenistanda, hususan-da paýtagt Aşgabatda ak mermere bürenen beýik-beýik binalar, täze ýaşaýyş jaý toplumlary döwlet telewideniýesinde yzygiderli mahabatlandyrylýar. Ýöne Azatlygyň habarçylary täze jaýlaryň aglabasynyň boş durýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG