Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamas Kaire delegasiýa ýollap, ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny maslahat eder


Hödürlenýän ylalaşyk ähli zamunlaryň azat edilmegini, munuň öwezine hem söweş hereketleriniň togtadylmagyny we zerur bolan gumanitar hemaýatyň Gaza aşyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Hödürlenýän ylalaşyk ähli zamunlaryň azat edilmegini, munuň öwezine hem söweş hereketleriniň togtadylmagyny we zerur bolan gumanitar hemaýatyň Gaza aşyrylmagyny göz öňünde tutýar.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terroristiki gurama hökmünde ykrar edilen Hamas topary, Gazadaky ok atyşyklary bes etmek boýunça Müsüriň soňky hödürlän plany ugrundaky gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň hatyrasyna, Kaire boldugyndan tiz öz delegasiýasyny ýollajakdygyny mälim etdi.

Hamasyň lideri Ismaýil Haniýeh 2-nji maýda ýaýradan beýanatynda, Müsüriň aňtaw başlygy bilen gepleşik geçirendigini, şeýle-de “ok atyşyklary bes etmek boýunça taslamany öwrenmek ugrundaky oňaýly ilerlemäni belländigini” aýtdy.

Beýanatda delegasiýanyň haçan sapar etjekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Hödürlenýän ýaraşyk ylalaşygy ähli zamunlaryň azat edilmegini, munuň öwezine hem söweş hereketleriniň togtadylmagyny we zerur bolan gumanitar hemaýatyň Gaza aşyrylmagyny göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG