Russiýada “Wagner” hakyna tutma toparynyň ýatyrylan gozgalaňynyň yz ýany, türkmen häkimiýetleri bu ýurtda, hususan-da Moskwada işleýän we okaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlary bilen ýygnaklary geçirip başladylar. Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkan we Daşoguz welaýatlaryndaky edaralarynyň resmileri ýygnaga gatnaşan raýatlara "Moskwada ýagdaýyň gün-günden çylşyrymlaşýandygyny" aýdyp, olara Russiýadaky dogan-garyndaşlaryndan Türkmenistana dolanmagy soramagy maslahat berýärler. Bellesek bu, türkmen resmileriniň Russiýa barada ynamsyz sözleri aç-açan aýtmagy bilen bagly, soňky ýyllarda bilinýän, ilkinji waka boldy.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatyna görä, Balkanyň we Daşogzuň migrasiýa resmileri bu ýygnaklary 26-njy iýunda geçirip başladylar.
“Soňky günlerde dünýä metbugatynda peýda bolýan habarlardan çen tutulsa, rus hökümeti öz harbylarynyň gowşakdygyny, günbatar NATO güýçlerine garşy goranyş ulgamynyň gowşakdygyny görkezdi. Ruslar öz raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün edip bilmeýän wagty, daşary ýurtlardan gelen migrantlaryň howpsuzlygyna kepil geçip bilmezler” diýip, ýygnaga gatnaşan balkanly ene migrasiýa işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.
Häkimiýetleriň bu ýygnaklary, 23-nji iýunda Russiýada “Wagner” hakyna tutma toparynyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožiniň ýaragly gozgalaň turuzmagynyň yz ýanyna gabat geldi. “Wagnerçiler” şonda Günorta Harby okrugynyň merkeziniň ýerleşýän şäherini gözegçilik astyna aldy. Ýöne soňra rus häkimiýetleri ýaragly pitnäniň özara ylalaşyk esasynda ýatyrylandygyny yglan etdiler.
Migrasiýa işgärleri “Moskwada ýagdaýyň gün-günden çylşyrymlaşýandygyny” aýdyp, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna hem ünsi çekýärler.
“Ukrainanyň harby güýçleriniň haçan we nireden dron hüjümlerini etjekdigi barada Russiýanyň harbylarynyň hem habary ýok. Türkmen hökümeti öz raýatlarynyň howpsuzlygyndan alada edip, olaryň şol hüjümleriň gurbany bolmagyndan howatyrlanýar” diýip, balkanly ene migrasiýa işgäriniň sözlerini getirdi.
Şeýle-de, resmiler tomus paslynyň dowamynda Moskwada ýagdaýyň çylşyrymlaşmagynyň ähtimaldygyna hem ünsi çekdiler.
“Eger ýagdaý şeýle bolsa, döwletimiz Moskwanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen ýaşlarynyň okuwlaryny Kazan we Astrahan şäherlerindäki uniwersitetlere geçirip bermegiň üstünde işlär” diýip, ýygnaga gatnaşan daşoguzly ýaşaýjy migrasiýa resmisiniň raýatlara beren wadasyny sitirledi.
Çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, resmiler türkmen hökümetiniň Aşgabat-Moskwa ugry boýunça uçar gatnawyny ýatyrmak ähtimallygynyň bardygyny hem duýdurdylar.
“Olar şu günler uçar gatnawlary bar wagty adamlarymyz ýurda dolansalar, özleri we garyndaşlary üçin gowy bolardy hem diýdiler” diýip, daşoguzly ýaşaýjy aýtdy.
Bu, türkmen resmileriniň Russiýa barada ynamsyz sözleri aç-açan aýtmagy bilen bagly, soňky ýyllarda bilinýän, ilkinji waka boldy. Bellesek, türkmen hökümeti Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuny hem häzire çenli resmi derejede agzaman gelýär.
“Görnüşinden, türkmen hökümetinde Russiýanyň gowşaýandygy we bu söweşde Moskwanyň ýeňilmek howpunyň bardygy barada pikirler peýda bolana meňzeýär” diýip, daşoguzly ýaşaýjy aýtdy.
Resmileriň aýdan sözleri ýygnaga gatnaşan adamlaryň käbirinde täsir galdyrdy. Adamlaryň käbiri şu tomus paslynyň dowamynda çagalaryny ýa-da Moskwada zähmet çekýän garyndaşlaryny ýurda getirmek üçin ellerinden gelenini etjekdigini wada berdi.
Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetleriň bu çagyryşlaryna şübheli çemeleşýän raýatlar hem bar. Olar özaralarynda “bu pikirler hakykatmy ýa-da häkimiýetleriň öz raýatlaryny ýurda getirmek üçin edýän nobatdaky tagallasymy?” diýen soraglary orta atdylar.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkandaky we Daşoguzdaky edaralary bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 29-njy iýunda yzygiderli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Soňky ýyllarda Türkmenistandan daşary döwletlere gitmek isleýän raýatlar köpelýär. Muňa uzaga çeken ykdysady krizis, işsizlik, korrupsiýa, aýlyk haklarynyň gijikdirilmegi, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatçylygy, häkimiýetleriň ilata edýän gözegçiligi we basyşy sebäp bolýar.
Bu habarlaryň arasynda, soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň ýurtdan çykmagyny barha çäklendirýän ýaly bolup görünýär.
Türkmenistanda şu ýylyň başyndan bäri raýatlar biometriki pasport almakda kynçylyk çekýärler. Ýurduň käbir sebitlerinde biometriki pasportlar üçin nobatlar ençeme aý soňa, käbirinde bolsa, pasport bermek işi wagtlaýynça togtadylýar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeler bu ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum