Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyz göçürilende 100, toýda 250 myhman... Merkezi Aziýa uly dabaralary nädip gadagan etmäge çalyşýar?


Toý saçagy
Toý saçagy

Gyrgyzystan gerekmejek zaýaçylygy çäklendirmek baradaky kanun taslamasyny maslahatlaşýar. Taslamanyň awtorlary döwlet maşgala toýlarynyň we käbir däp-dessurlaryň, şol sanda ýas bilen bagly üýşmeller düzgünleşdirilmegini isleýär. Täjigistanda we Özbegistanda şeýle düzgünler öňräkden bäri güýje girizildi.

Toý bilen ýasa – bir sygyr ýa-da bir ýylky

Gyrgyzystanda bu kanunçylyk toý we hatyra çärelerini geçirmegi düzgünleşdirmeli. Häzir ol maslahat edilýär. Kanun taslamasy 27-nji ýanwarda gyrgyz parlamentiniň web sahypasynda çap edildi.

Taslamada aýdylyşyna görä, toýa 250-den köp adam çagyrylmaly däl. Şeýle üýşmeleň üçin bir sygyr ýa-da bir ýylky soýmak ýeterlik diýlip hasaplanýar. Dokumentiň awtorlarynyň aýtmagyna görä, gyz göçürmek üçin, bir gara mal ýa-da ýaby soýmak ýeterlik we 100-den köp adam çagyrylmaly däl. Eger gyz göçürmek hem toý dabarasy şol günde geçirilse, şol bir mukdardaky et bilen 350 adama gatnaşmaga rugsat berilýär.

Uzyn toý kerweni hem gadagan edilip bilner. Bu pursatda toý sebäpkärleri hem myhmanlar üçin, maşynlaryň sany üçden köp bolmaly däl.

Bu kanun ýas çäresine gatnaşyjylaryň sanyny çäklendirmeýär, ýöne şol wagtda ownuk mallaryň, ýabynyň ýa-da iri malyň soýulmagyny gadagan edýär. Eger kanun kabul edilse, üç günden soň, merhumyň hatyrasyna saçak ýazmak mümkin bolar. Ýöne bir ýylkydan ýa-da gara maldan artyk mal soýmak bolmaz. Bu dokumentde "üçi", "ýedisi", "kyrky", "ýyly" we şoňa meňzeşleri geçirilmek gadagan.

Kanunyň awtorlarynyň bellemegine görä, resminama adamlaryň sosial-ykdysady bähbitlerini goramaga, şeýle hem aşa artykmaç çykdajylary çäklendirmäge gönükdirilendir, artykmaç harajatlar bolsa raýatlaryň ykdysady ýagdaýyna düýpli zyýan ýetirýär.

Ilkinji gadagançylyk däl

Gyrgyzystanda şagalaň çägini birnäçe gezek çäklendirmäge synanyşyk boldy. 2022-nji ýylda prezident Sadyr Žaparow adam jaýlanan güni mal soýmagy gadagan edýän perman çykardy. Görnüşi ýaly, deputatlaryň häzirki kanunçylygy raýatlaryň çykdajylaryna gözegçilik etmek syýasatynyň dowamydyr.

Öňki daşary işler ministri, häzirki jemgyýetçilik işgäri Çolponbek Abykeýew häkimiýetleriň halkyň däp-dessurlaryny "diňe kanun ýazmak bilen" üýtgedip bilmejekdigini aýdýar.

“Hatda Stalin hem halk däp-dessurlaryny ýok edip ýa-da üýtgedip bilmedi” diýýär. Ol adamlaryň uly toý tutmak üçin, köp pul harçlamaga öz meýline ygtyýar berýändigine ynanýar.

Düzgüni bozanlara 3000 dollar jerime

Ýas we toý üçin çykdajylary çäklendirmek hakynda kanunçylyk Gyrgyzystanyň Administratiw kodeksine üýtgetmeler girizmek bilen utgaşýar. Ol düzgüni bozujylara jerime salmaga mümkinçilik berýär. Artykmaç çykdajylary çäklendirmek hakyndaky kanunçylygy bozandygy üçin, guramaçylara 300 müň som (3 müň 400 dollar töweregi) jerime salynýar. Dabarany geçiren restoranyň eýelerine 100 müň som (1 müň 100 dollardan gowrak) jerime salynýar. Kanun kabul edilen ýagdaýynda, gözegçilik etmek üçin, ýörite komissiýalar bolar. Olaryň düzümine ýerli emeldarlar we din wekilleri girer.

Şairbek Taşiýew
Şairbek Taşiýew

Kanun çykaryjy maslahata hödürlenen taslamanyň awtorlary Zamirbek Mamasadykow we Şairbek Taşiýew. Olaryň ikinjisi Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýewiň kiçi dogany. Olaryň sözüniň äheňi dürli dabaralar sebäpli adamlaryň artykmaç harçlaýan çykdajylarynyň öňüni almakdyr.

Şol bir wagtyň özünde, Çuý welaýatynyň obalarynyň birinde, ýaşaýjylar adam jaýlanan güni mal soýmazlyk barada, 10 ýyl mundan ozal ylalaşdylar.

«Golaýda meniň ejem ýogaldy. Hoşlaşmak isleýänler gelip, doga okap, mazaryna guma atyp, soňra gaýtdylar. Mal soýulmady, hatda çaý hem berilmedi. Ýasa gelenleriň käbiri, esasanam, gartaşan adamlar soragly bakdylar. Ýöne biz obadaşlarymyz bilen ylalaşan däp-dessurymyza eýerdik: adam jaýlanýan güni çykdajy etmeli däl. Ejemiň kyrky gününde saçak ýazdyk. Onda mal soýduk. Ejemiň kyrkyna 100-den gowrak adam geldi, olaryňam köpüsi oba adamlary hem goňşularymyz" diýip, Aýbek gürrüň berýär.

Şeýle ylalaşyk beýleki jemagatlarda hem bar. Emma şowhun döreden kanun taslamasynyň awtorlarynyň aýtmagyna görä, ýas hem toý çärelerini uludan tutmak däbi has giňden ýaýran.

"Çaklaňja" maşgala çäresi

Şunuň ýaly kanunlar Täjigistanda we Özbegistanda eýýäm güýje girizildi. Ony Daşkent 2019-njy ýylda, Duşanbe bolsa 2007-nji ýylda kabul etdi.

Özbegistanda diňe myhmanlaryň sany däl, eýsem onuň wagty hem düzgünleşdirilýär: ähli maşgala dabaralary 23:00 çenli tamamlanmaly. Maşgala dabarasyna çagyrylanlaryň sany 200 adamdan geçmeli däl. Bu çäreler bilen baglanyşykly irki palawa diňe 250-ä golaý myhman gatnaşyp biler.

Ýas bilen bagly çäreler üç günden artyk dowam etmeli däl. Şol bir wagtda, kanunda ýasa gatnaşyjylaryň sany çäklendirilmeýär.

Myhman kabul etjek kafeleriň we restoranlaryň administrasiýasy iki günden gijä galman, planlaşdyrylan dabara barada, içeri işler edaralaryna ýazmaça habar bermeli bolar.

Dokumentde dabara wagtynda artykmaç zaýaçylygyň aýan edilmegi "gadagan” diýilýär. Ýas-matam çärelerinde hem "çendenaşa" däp-dessurlaryň bolmaly däldigi aýdylýar.

Şunuň bilen bir wagtda, etrap geňeşiniň ýolbaşçylary maşgala çäreleriniň "çaklaňja we tygşytly" geçirilmegini üpjün etmelidirler. Düzgüniň bozulan halatynda, olar şahsy jogapkärçilik çekýärler.

Dokumentde soňky ýyllarda Özbegistanda, dürli maşgala çäreleri we dabaralar mahalynda "at-abraýa çapmak, özüni görkezmek islegi, beýleki adamlaryň ýeter-ýetmez ýagdaýyna gyýa garamak, şeýle-de, aşa artykmaç çykdajy halkyň däp-dessurlaryny we düzgünlerini äsgermezlik bolýandygy" aýdylýar.

Täjigistanda “tanzim nähili işleýär?

Gyrgyzystanda kanunçylygyň taslamasy Özbegistanyň häzirki kanunçylygyna örän meňzeş. Ol hem 2007-nji ýylda Duşenbede kabul edilen kanuna meňzeýär. Täjigistanda oňa "däpleri, dabaralary we dessurlary düzgünleşdirmek hakyndaky" kanun diýilýär. Onuň gysgaça hem ýörgünli ady "tanzim" bolup, ol "düzgünleşdirme, tertibe salmak" manyny berýär.

Kanun çagyrylmaly myhmanlaryň sanyny, naharyň mukdaryny we dabaranyň dowam etmeli wagtyny çäklendirýär. Onda toýa 150-den köp adamyň çagyrylmaly däldigi bellenildi. Uzyn toý kerweni-de gadagan: hatarda 4 maşyn, şol sanda çatynjalaryň maşyny bilen, ondan köp bolmaly däl. Toý dabarasy diňe iki çäre bilen çäklenilýär – toýuň öňündäki säher palawy (oşi nahor) we toý dabarasynyň özi. Ol üç sagatdan uzaga çekmeli däldir.

Kanun onlarça toý däplerini we dabaralary gadagan edýär. Olar gelin-gyz garyndaşlaryna sowgat paýlamak, mal soýmak hem beýleki artykmaç dabaralara degişlidir.

Şol wagt täjikleriň köpüsi "tanzimi" özleriniň şahsy işlerine döwletiň goşulyşmagy hasap etseler-de, ilatyň aglaba bölegi bu kanunyň kabul edilmegini makullady. Kanun her dürli maşgala dabarasynyň bahasyny azaltmaga mümkinçilik döretdi.

Geçen 18 ýylyň içinde kanun birnäçe gezek üýtgedildi. Her gezekde hem gadagançylyga girizilýän sanaw giňeldilip, ony bozýanlar üçin jerimeleriň möçberi artdy.

Desserhansyz, aglaýjysyz ýas

Täjigistanyň häkimiýetleri çaganyň dogluşy bilen bagly dabaralara hem çäklendirme girizdiler. Çaga doglandan soňra ýedinji gün amala aşyrylýan "akika" däbi gadagan edildi: eger-de oglan doglan bolsa, onda iki goýun soýmak gerekdi, gyz bolsa bir goýun. Malyň eti goňşulara, mätäçlere paýlanylýardy.

Mal soýulman, sungat işgärleriniň hyzmatyndan peýdalanman, ýeterlik çäklendirmeler bilen geçirilmeli maşgala dabarasyna, ýagny täze doglan çagalara gahworabandon (sallançakda ýatyrmak), çillagureson – çilleden çykarmak, muýsargiron (çaganyň ilkinji gezek saçyny almak) ýaly däpleri geçirmäge rugsat berilýär. Muňa derek, häkimiýetler ene-atalara çagalarynyň geljekki bilimleri we ösmegi üçin, bank hasaplaryny açmagy maslahat berýärler.

Şeýle berk çäklendirmeler matam çärelerine-de degişli boldy. Kanun birnäçe ýas däpleriniň geçirilmegini çäklendirýär; "ýedisini”, ýigriminji gününi", "alty aýlygyny", “ýogalan gününi” bellemegi gadagan edýär. "Üçi", "kyrky" we "ýyly" bolsa mal soýman, saçak ýazman bellenilmeli.

Galyberse-de, ýas çärelerinde gaty ses bilen gygyryp aglamak, kelläňi ýere urmak, depäňden guw sowurmak, egin-eşigiňi ýyrtmak, saçyňy ýolmak, ýüzüňi dyrnaçaklamak, şeýle hem ýörite aglaýan adamy çagyrmak gadagan edildi. Merhumyň garyndaşlaryna aglamaga rugsat berilýär, ýöne gaty ses bilen däl.

Kanuny bozýanlara uly möçberde jerime salynýar. Mysal üçin, dogluş, toý hem ýas çärelerinde düzgüniň bozulandygy üçin, ýönekeý adamlar 8640 somoni (800 dollara golaý), wezipeli adamlar - 25200 somoni (2,2 müň dollardan gowrak) çenli pul tölemeli. Toý dabaralarynyň tertibini bozýanlara has-da köp: raýatlar - 15 müň 840 somoni (1 400 dollardan gowrak), wezipeli adamlar - 39 müň 600 somoni (3600 dollara çenli), sungat işgärlerine we edara-kärhanalaryň eýelerine jerimeleriň mukdary 108 müň somoni (9800 dollardan gowrak) bolýar.

"Adamlar näme diýýär?"

Sosiolog Nodira Islomowanyň pikirine görä, täjikler haýsydyr bir däp-dessuryň nähili we näme bilen baglanyşyklydygyna garamazdan, toý ýa-da sünnet bolsun, ony uly möçberde amala aşyrmaly diýen düşünjä eýerdiler.

«Şeýle çärelere näçe köp adam gatnaşsa, şonça-da öz mertebesini beýik saýýarlar. Käte adamlar özlerini uzak möhletli bendilik ýagdaýa saldylar, sebäbi olar karz alyp, bergä batyp, ony töleýänçäler, özlerini we maşgalalaryny ýarym aç şertlere düşürdiler. Munuň barysy başgalaryň göwnünden turmak: “Ol nähili zor!” diýdirmek üçin edilýär.»

Sosiologyň pikirine görä, "adamlar öz gazanjyny kaşaň dabaralara we märeke köplüginiň tarypyny gazanmaga däl-de, köplenç adaty iýmek-içmäge, saglygy goraýyş üçin zerur çykdajylara we keselleriň irki öňüni alyş çärelerine, çagalaryň bilimine sarp etmek ýaly wajyp zatlara ýygnamalydyrlar”.

Şeýle-de bolsa, ýurduň käbir ýaşaýjylary bu kanunyň birnäçe resmiler we pul toplaýanlar üçin ýazylmandygyna ynanýarlar. "Häzir hem öz çärelerini ajaýyp we uly möçberde geçirmegi başarýanlar bar. Mysal üçin, her birine 150 adamdan çagyryp, toýy iki günde geçirýär. Doglan gününi köp sanly myhman bilen restoranda belleýänler bar" diýip, Duşanbe şäheriniň ýaşaýjysy anonim şertde aýtdy.

Din işlerini, adatlary we däp-dessurlary düzgünleşdirmek baradaky komitetden bir çeşmäniň maglumatyna görä, "Täjigistanda däpleri, dabaralary we dessurlary düzgünleşdirmek hakyndaky" kanunyň kabul edilmeginden soňky geçen 18 ýylyň içinde, ýurduň ýaşaýjylary 30 milliarddan gowrak somoni tygşytladylar. Bu bolsa 3 milliard dollardan gowrakdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG