Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty geldi


Ukrainadan gelen hoşallyk hatlary
Ukrainadan gelen hoşallyk hatlary

Arkadag şäherinde ýerleşýän haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty geldi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän gaznanyň howandarlyga mätäç çagalara hemaýat berýändigi aýdylýar.

Bu waka mynasybetli geçirilen dabara hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Arkadag şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, bu gazna şu ýylyň mart aýynda Ukrainanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegini iberdi.

Hoşallyk hatynda Ukraina Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Dokma senagaty ministrliginden, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden iberilen serişdeler, harytlar we azyk önümleri üçin minnetdarlyk bildirilipdir.

Hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow dabarada eden çykyşynda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýandygyny we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Türkmenistandaky ddatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko ukrain halkynyň adyndan hem-de öz adyndan türkmen ýolbaşçylaryna ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallygyny bildirdi hem-de, hoşallyk haty bilen birlikde, haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistandan sowgat alan çagalaryň şadyýan keşbini şekillendirýän fotosuratlary gowşurdy.

Hoşallyk hatynda “Belozersk hassahanasy” täjirçilik bolmadyk jemagat kärhanasynyň baş lukmany, “OHMATDET” milli ýöriteleşdirilen çagalar hassahanasynyň baş direktory we beýlekiler türkmen tarapyna çuňňur hoşallyklaryny beýan edipdirler.

Ukrain ilçisiniň aýtmagyna görä, ynsanperwerlik kömegini almak ukrain çagalarynyň durmuşynda şatlykly waka boldy.

XS
SM
MD
LG