Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak žurnalisti Azattyky goldany üçin, jogapkärçilige çekildi


Žurnalist Žamila Mariçewa
Žurnalist Žamila Mariçewa

2-nji maýda gazak žurnalisti Žamila Mariçewa Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyny, ýagny Radio Azattyky goldap, internetde makala çap edeni üçin sud jogapkärçiligine çekildi.

Mariçewa 24-nji aprelde köçede ylgamaga çykan mahaly saklandy. Oňa “ýalan maglumatlary” ýaýratmakda aýyplama bildirildi.

Munuň žurnalistiň ýanwarda ProTenge Telegram kanalynda Radio Azattykyň Daşary işler ministrliginden akreditasiýa almak ugrundaky ýüzbe-ýüz bolan meselelerini gozgap, çap eden makalasy bilen ilteşiklidigine meňzeýär. Häkimiýetleriň bu hereketi garaşsyz mediany çäklendirmek ugrundaky synanyşyk hökmünde aladalary döretdi.

Mariçewa Radio Azattykyň edýän işlerine uly baha berip, muny professionallyk diýip häsiýetlendirdi, şeýle-de habar serişdesiniň gepleşikleriniň Gazagystandaky möhüm orny barada nygtady.

XS
SM
MD
LG