Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýany, howpsuzlyk güýçlendirilýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär, Balkan welaýatynda adamlaryň gijeki hereketine gözegçilik pugtalandyrylýar, paýtagt Aşgabatda polisiýa ulaglary gürelýär.

“Günbatar welaýatda agşam sagat 9:00-dan soňra köçä çykýan adamlaryň pasportlary polisiýa işgärleri tarapyndan barlanýar, olaryň gijeki hereketiniň sebäpleri anyklanýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir balkanly ýaşaýjynyň sözlerini getirýär.

Şeýle çäreler, hususan-da, Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Balkanabat şäherinde we Türkmenbaşy şäherinde giň gerime eýe bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy iri şäherlerde howpsuzlyk edaralarynyň, Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň ofiserleriniň gije-gündizleýin nobatçylygy has-da ýygjamlaşdyrandygyny habar berýär.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň habarçylary paýtagt Aşgabatda hem köçelere patrullyk edýän polisiýa ulaglarynyň görnetin gürelendigini habar berýärler.

Şol bir wagtda, günbatar welaýatda ýerli häkimiýetler raýatlaryň arasynda hökümetiň alyp barýan syýasaty bilen ylalaşmaýan pikirleriň beýan edilmegine degişli gözegçiligi hem güýçlendirýärler.

“Şu günler Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri Balkanabat şäherindäki jemgyýetçilik ýerlerinde, bazarlarda, we köpçülik transport serişdelerinde döwlet syýasatyna, prezidente garşy gürleýän adamlary anyklamak işlerini hem batlandyrýarlar” diýip, balkanabatly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda häkimiýetler hökümetiň alyp barýan syýasatyna garşy özge pikirleriň beýan edilmegini onsuz hem berk gözegçilik astynda saklaýarlar. Ýöne garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, häkimiýetleriň esewan işleri has-da güýçlenip başlady.

Ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda güýçlendirilýän howpsuzlyk çäreleriniň raýatlaryň arasynda bar bolan nägilelik alamatlaryny öňünden basyp ýatyrmaga gönükdirilendigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynda häkimiýetleriň raýatlar bilen geçirýän ýygnaklarynyň hem ýygjamlaşandygyny, şeýle ýygnaklaryň dowamynda hökümetiň alyp barýan syýasatyna garşy çykmazlygyň berk ündelýändigini habar berýärler.

“Polisiýa ofiserleri 20 gün möhlet bilen hüşgärligiň güýçlendirilendigini aýdýarlar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

MHM we içeri işler edaralary raýatlaryň arasynda howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň harby pudakdaky bir çeşmesi harby-deňiz goşunlarynda hem hüşgärligiň ýokarlandyrylandygyny aýdýar.

“Ýöne bu zatlaryň ählisi döwlet ýolbaşçylarynyň esassyz gorkularyna esaslanýan bolmagy mümkin” diýip, harby pudakdaky çeşme aýdýar.

“Türkmenistanyň hronikasyna” görä, polisiýa işgärleri Aşgabatda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekýän adamlara jerime ýazýarlar, ýa-da jerime ýazman, 20-50 manat aralygynda para alyp goýberýärler.

Şeýle-de, awtobus duralgalarynda, bazarlarda we söwda merkezlerinde howpsuzlyk işgärleri nobatçylyk çekýär. Olar wagtal-wagtal adamlaryň şahsyýetnamalaryny barlaýarlar. Käbir adamlar polisiýa ulaglarynda alnyp gidilýär.

Aşgabat şäheriniň polisiýasy esasan içerki migrantlary tussag edýär. Olar soňra awtobuslarda ýa-da otly bilen öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýar.

Şol bir wagtda, “neşekeşler, alkogolikler we öýsüz adamlar hem Ahal welaýatynyň daşynda ýerleşýän mejbury bejeriş merkezlerine ugradylýar” diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary eýýäm awgustyň birinji hepdesinde paýtagtda Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk maşklaryna badalga berlendigini habar berdiler.

Awgustyň ahyrynda balkanly medeniýet işgärleri baýrama taýýarlyk çäreleriniň çäginde Aşgabada ugradylyp başlandy.

Türkmenistan 2017-nji ýyldan bäri Garaşsyzlyk baýramyny 27-nji sentýabrda belleýär. Onda ozal, bu baýramçylyk her ýylyň 27-nji oktýabrynda bellenip geçilýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG