Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Esgerleriň ýatak jaýlarynda mör-möjekler köpelýär, şahsy düzümiň arasynda deri keselleri ýaýraýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Balkan welaýatynyň Bereket goşun galasynda, Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän Ýangaja polkunda we Mary welaýatynyň Serhetabat harby diwiziýasynda esgerleriň arasynda deri keselleri bilen bagly saglyk şikaýatlary köpelip başlady diýip, harby çeşmeler aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan harby pudagyň işgärleri şeýle keselçiligiň harby bölümlerde esasan arassaçylyk we gigiýena talaplarynyň berjaý edilmezligi bilen baglylykda ýüze çykýandygyny aýdýarlar.

“Esgerleriň ýatakhanalarynda ownuk mör-möjekleriň, tagtabitiniň ýaýramagy netijesinde esgerleriň arasynda deri keselleri köpelýär” diýip, harby lukmanlar aýdýar.

Mör-möjekleriň çokan ýerlerinde, esgerleriň ýüzünde we teninde çişjagazlar döräp, düwürtikler peýda bolýar.

“Bu düwürtikler soňy bilen ulalyp, esgeriň ýüzi ganjaryp başlaýar. Gana infeksiýa düşen halatynda esgerleriň hossarlaryna jaň edilip, zerur medisina serişdeleri satyn alynýar we keseliň ulalmagynyň öňüne geçilýär” diýip, bir çeşme aýdýar.

Hususan-da, yssy howa şertlerinde, tomus paslynda esgerleriň ýatak jaýlarynda mör-möjekler, tagtabitleri has köpelipdir.

Harby çeşmeler, meselem, 128 esgerden ybarat şahsy düzümi bolan batalionlaryň birinde takmynan 50 çemesi esgeriň deri kesellerine ýolugandygyny aýdýarlar.

“Umumy esgerlerden aýratyn gulluk edýän esgerler, ýagny aýratyn otaglarda ýaşaýan esgerler, meselem, harby serkerdeleriň kätipleri, auditantlar şeýle keseller bilen kesellemeýärler” diýip, harby çeşmeler aýdýar.

Harby lukmanlar emele gelen bu ýagdaýa çözgüt ýa-da çäre hödürläp bilmeýärler. Esgerler harby lukmanlaryň özlerine eşiklerini benzin bilen ýuwmagy maslahat berýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň ýaragly güýçleri ýyllarboýy ýaramaz üpjünçilik we arassaçylyk şertleri, iýmit ýetmezçiligi ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Harby häkimiýetler bu meseleler boýunça beýanat bermeýärler. Döwlet metbugaty ýurduň harby bölümlerindeki problemalar, şahsy düzümiň amatsyz ýaşaýyş-durmuş şertleri barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy çagyryş boýunça harby gullugy tamamlan esgerleriň arasynda deri keselleri bilen öýlerine dolanýan raýatlaryň hem bolandygy habar berýär.

“Deri keselleri bilen harby gullukdan dolanan esgerler saglyk merkezlerine ýüz tutup, bejergi alýarlar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Esger hossarlary bu ýagdaýy harby bölümleriň ýaramaz arassaçylyk we sanitariýa şertleri bilen hem-de ýaramaz iýmit üpjünçiligi bilen baglanyşdyrýarlar.

Esgerleriň aýaklarynda, aýak barmaklarynda deri kömelekleriniň köpeýän halatlary hem köp bolýar diýip, harby gullukdan boşan esgerler aýdýar.

Azatlyk Radiosy ýurduň günbatar we günorta harby garnizonlarynda emele gelen ýagdaýlar boýunça harby edaralardan resmi teswir alyp bilmeýär.

Ýöne soňky ençeme aý wagt bäri ýurduň dürli sebitlerinde diňe bir harby bölümlerde däl, eýsem, ýaşaýyş jaýlarynda hem tagtabitiniň köpelmegi bilen bagly wakalar has köp habar berildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky sapar sentýabr aýynyň başlarynda tagtabitine meňzeş mör-möjekleriň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde hem-de Awaza milli syýahatçylyk zolagynda hem peýda bolup başlandygyny habar berdiler.

Tomus aýlarynda paýtagtyň ýaşaýjylary hem tagtabitiniň ýaýramagyndan ejir çekdiler.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu ýylyň tomus aýlarynda Mary welaýatynda, Tejen etrabynda we Aşgabatda ösümlik bitine meňzeş mör-möjekleriň ýaýraýandygyny habar berdiler.

Ýöne Balkan we Mary welaýatlaryndaky harby bölümlerde mör-möjekleriň, tagtabitiniň hem-de deri keseliniň giň ýaýramagy bilen ýurduň dürli sebitlerinde ösümlik bitine meňzeş mör-möjekleriň, ýa-da tagtabitiniň ýaýramagynyň arasynda baglanyşygyň bolup-bolmandygyny anyklap bolmaýar.

“Gan sorujy möjekler esgerleriň ýorgan-düşegine ýaýrap, esgerleriň gany bilen iýmitlenýärler. Olar esgerlerde bar bolan keselleri hem birek-birege ýokuşdyryp bilýärler” diýip, çeşmeler aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG