Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar güni gezelençler, arzanladyş aksiýalary, mugt buz gaýmaklar bilen ýatda galdy, ýöne...


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan. Arhiw suraty.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan. Arhiw suraty.

Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde Çagalary goramagyň halkara gününde käbir dükanlarda we söwda merkezlerinde çagalar üçin ýörite arzanladyş aksiýalary geçirildi, seýilgählerde çagalara mugt buz gaýmaklar paýlanyp berildi, halkara çagalar güni bu sebitde, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, sähel gyzgalaňly geçdi. Bu aralykda, bazarlarda zähmet çekip, gazanç edýän ýaş ýetginjekleri hem synlasa bolýardy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“Türkmenabat şäheriniň Görogly seýilgähinde çagalary bilen gezelenç edip ýören maşgalalary synlasa bolýardy. Olaryň aglabasy sebit merkeziniň eteklerindäki etraplaryň ýaşaýjylarydyr” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Seýilgähiň golaýynda ýerleşýän bir gül bazarynyň satyjysy gezelenje çykan maşgalalaryň, esasan, daşary ýurtlarda zähmet çekýän migrantlaryň maşgala agzalary bolandyklaryny aýdýar.

“Gezelenje gelen maşgalalaryň aglaba bölegi ýakynda daşary ýurtlardan dolanyp gelen zähmet migrantlary ýa-da olaryň maşgala agzalarydyr” diýip, gül satyjysy aýdýar.

Birnäçe şäher ýaşaýjysy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli 1-nji iýunda şäheriň käbir söwda merkezlerinde, dükanlarda we garbanyşhanalarda ýörite çagalara niýetlenip, arzanladyş aksiýalarynyň geçirilendigini aýdýarlar.

“Iň arzan ýumşak oýnawajyň bahasy 300 manat. Býujet işgärleriniň muňa güýji ýetmeýär” diýip, bir oýunjak satyjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, bazarlarda, ýa-da awtoulag ýuwujy kärhanalarda ýaş ýetginjekler öz işlerine arakesme bermediler. Olar özlerini goramagyň halkara gününde zähmet çekip, gazanç etmegi dowam etdirdiler.

“Şäheriň bazarlarynda ýük arabalaryny sürüp, ýa-da ýüzärlik tütedip, gazanç edýän 13-14 ýaşly ýetginjekleri görmek bolýardy” diýip, şäheriň bir iri bazarynyň satyjysy aýdýar. “Bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar çagalary, baýramçylyk gününde bir döwüm çöregiň yzynda” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Döwlet mediasy 2-nji iýunda ýurduň çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine badalga berlendigini habar berdi. Bu mynasybetli Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabaralary geçirildi.

Azatlyk Radiosynyň gündogar welaýatdaky habarçylary we çeşmeleri bu sebitde okuw esbaplaryny satyn almak üçin zähmet çekýän çagalar barada, ýa-da maşgalalarynyň güzeran şertlerini ýeňletmäge çalyşýan ýaş ýetginjekler barada habar berýärler.

“Parallel synpdaşlarymyň iki sanysy tomusky dynç alyş möwsümini şagalaňly geçirmek üçin, şu ýyl Amyderýanyň kenaryndaky “Bagtyýarlyk” sagaldyş merkezine gidýärler. Bulardan başga-da, Awazadaky “Lebap” çagalar dynç alyş merkezine gidýärler diýip eşitdim. Biziň dynç alyş merkezimiz “awtomoýkalarda” iş bilen geçýär, käwagt kanalda suwa düşýäris. Işlemesem bolanok, öňümizdäki okuw ýylyna okuw esbaplaryny, egin eşiklerini satyn almaly. Öýe-de ýardam etmeli” diýip, bir awtoulag ýuwujy kärhanasynyň işçisi, 14 ýaşly bir ýetginjek Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Biraz öň, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar ýurtda çagalaryň “hökümetiň ýalňyş ykdysady we sosial syýasatyndan ejir çekýändigini” gürrüň berdiler.

Bu aralykda, Türkmenistanyň goňşusy Özbegistanyň Daşkent şäherindäki “Aşgabat” seýilgähinde 1-nji iýunda park ýolbaşçylarynyň çagalara mugt buz gaýmak we oýunjak paýlamak synanyşygy administratiw temmiler bilen tamamlandy.

Seýilgähiň administrasiýasy sosial torlarda bildiriş çap edip, seýilgähde 1-nji iýunda günortan çagalara 20 müň sany ýumşak oýnawaçlaryň we buz gaýmaklaryň paýlanjakdygyny yglan edipdir.

Munuň yz ýany, seýilgähiň girelgesinde we çykalgasynda, seýilgähe barýan ýollarda we içerki ugurlarda dyknyşyklar emele gelipdir.

Ýöne ýurduň Içeri işler ministrligi seýilgähiň administrasiýasynyň köpçülik çärelerini geçirmegiň düzgünlerini berjaý etmändigini, şeýle-de mugt oýunjaklary paýlamak boýunça sosial ulgamlarda bildiriş çap etmek arkaly, seýilgähde we onuň töwereginde köp adamyň ýygnanyşmagyna sebäp bolup, bu hereketiň raýatlar üçin howp döredendigini aýtdy. Netijede, seýilgähiň direktory, orunbasary we mahabat bölüminiň başlygy 15 gije-gündiz möhlet bilen administratiw tussaglyga höküm edildi.

Daşkent şäherindäki Aşgabat seýilgähi 2018-nji ýylyň aprelinde açyldy. Şondan dört ýyl soňra, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda hem Daşkent seýilgähi ulanylmaga berildi.

Dünýäniň ençeme ýurdunda 1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde bellenip geçilýär. Bu mynasybetli çagalaryň hukuklaryna hem-de abadançylygyna gönükdirilip, dürli çäreler guramalaşdyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG