Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Täjigistanlylaryň köprägi zenanlaryň ukybyna ynamsyz garaýar


“Atlas taksi” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tahmina Bahronowa
“Atlas taksi” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tahmina Bahronowa

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş programmasynyň geçiren täze barlagyna görä, dünýäniň 60 ýurdunda, soraglara gatnaşanlaryň 83%-den gowragy aýallara garşy öňden galan ters pikirde.

Hususan-da, Täjigistanda soraglara gatnaşanlaryň 99,9%-i aýallara garşy öňden galan ters pikirleri beýan etdiler. Üstesine aýallara doly ynam bildirýän ýekeje erkek hem bolmady.

2017-2022-nji ýyllarda geçirilen barlaglardan tapawutlylykda, aýallaryň 81%-i erkekleriň hem 85%-i aýallara hiç bir esassyz ynamsyzlyk bildirdiler. Soraga gatnaşanlar syýasy, ykdysady we bilim ulgamlarynda, şeýle hem aýallaryň fiziki el degrilmezlik pudagynda öňden galan ters pikirleri beýan etdiler. Soňky barlaglardan bäri geçen on ýylyň dowamynda, sanlar kän bir üýtgemedi diýip, hasabatyň awtorlary belläp geçýärler.

Sorag geçirilenleriň ýarysyna golaýy erkekleriň syýasy liderlik ornuna we telekeçilik-biznes işlerine ýolbaşçylyk etmäge aýaldan has gowy hötde gelip bilýändigine ynanýar. Ýöne täjigistanlylar we ýurduň resmi gullukdaky topary bu barlaglaryň netijeleri bilen doly ylalaşmaýarlar. Bu meselede olaryň öz garşylykly pikirleri bar.

Tahmina Bahronowa 4 ýyl bäri "Atlas taksi” birleşigine ýolbaşçylyk edip gelýär, onuň garamagynda 200 erkek adamy işleýär. Aýdylyşyna görä, ol jemgyýetiň girizen käbir üýtgewsiz düzgünlerini bozmaga çalyşýardy.

«Erkekler çagalykdan başlap, aýallary ojagyň başynda görmäge öwrenişýärler, olar öý-içerini arassalaýarlar, çagalara seredýärler, aşhanada nahar bişirýärler. Şonuň üçin olar aýallary ýolbaşçy ornunda göz öňüne getirip bilmeýärler. Ýöne meniň bilen işleýän sürüjiler hem-de meniň garamagymdaky erkek adamlar öz ýolbaşçylarynyň aýaldygyna şat» diýip, gürrüňdeşimiz Tahmina Bahronowa aýdýar.

Bahronowa aýallaryň başarnyklaryna we güýjüne şübhelenýänleriň pikiri bilen ylalaşmaýar. Ol aýallar erkeklere garanyňda ýolbaşçylyk işine has çynlakaý çemeleşýär diýip hasaplaýar.

«Aýalyň ýolbaşçy bolmagyndan gorkmagyň geregi ýok, aýallar islendik zady başaryp bilýär. Ýöne olara ynam bildirmeli, aýal ýolbaşçylaryna erkek adamlaryň goldawy örän möhümdir. Aýallar öz işini iň ýokary derejede ýerine ýetirýärler» diýip, Bahronowa aýdýar.

Biziň gürrüňdeşimiziň aýdýanlary bilen Täjigistanyň resmi düzüminde işleýänler hem ylalaşyp, ýurduň ähli sferalarynda aýallaryň uly goşant goşýandygyny öňe sürýärler. Aýallaryň işleri boýunça komitet hatda şeýle statistikany agzap geçdi: Täjigistanyň döwlet düzümlerinde ýolbaşçy wezipeleriň 20%-ini aýallar eýeleýär, döwlet gullugynda işleýänleriň 25%-i aýallardyr. Täjigistanyň ilatynyň 50% golaýyny aýallar düzýär.

Täjigistan hökümetiniň Aýallar we maşgala meseleleri baradaky komitetiniň wekili Sabohat Mahmadaliýewa ýurduň parlament agzalarynyň umumy sanynyň 28%-i aýallar düzýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna habar berdi.

«Aýallaryň köpüsi bilim we saglyk ulgamlarynda işleýärler. Medeniýet we bank-maliýe ulgamynyň 39%-i aýallardyr. Aragatnaşykda işleýänleriň 20%-i aýallar. Kanun goraýjy edaralarda zenanlaryň orny hem uly ähmiýete eýe, olar öz borçlaryny erkekler bilen deň esasda ýerine ýetirýärler» diýip, Mahmadaliýewa aýdýar.

Täjigistanlylaryň aýallaryň mümkinçilikleri baradaky garaýşy düýpli tapawutlanýar:

  • · Eger aýal bilim alan bolsa, onda ol köp zady başarýar! Adatça bilimsiz adamlar aýallar hiç zada ukyply däl diýip hasaplaýarlar. Ýöne häzirki wagtda paýtagtda we umuman Täjigistanda ýolbaşçy wezipelerde köp sanly aýal bar. Olar ençeme kärhanalara we edaralara ýolbaşçylyk edýärler.
  • · Her bir aýal özüne görä gymmatly. Mysal üçin, özüni bütinleý işe bagyş eden zenan üstünlik gazanýar, eger ol maşgala we öý-hojalyk işlerini-de öz üstüne alsa, onda üstünlik başartmaýar. Käbirleri muny kabul etmeýär.
  • · Ýolbaşçy orunlarda aýallar köp. Olar döwlet edaralaryny dolandyrýarlar, ministrlik wezipelerini eýeleýärler, etraplara ýolbaşçylyk edýärler.

Biz bilen söhbetdeş bolanlaryň köpüsi hojalyk-durmuş şertlerinde, aýratynam sebitlerde, erkekleriň ýolbaşçy bolmagyny goldaýarlar, ýöne paýtagtda zenanlaryň mümkinçiliklerine has gowy baha berilýär diýýärler. Täjigistanyň häzirki hökümetinde iki aýal ministr bar, ýurduň Zähmet we Medeniýet ministri zenanlardyr. Premýer-ministriň bir orunbasary hem aýallaryň arasyndan bellenildi.

Täjigistanyň ýolbaşçy gatlagyndaky zenanlaryň iň ýokary wezipesini ýurduň prezidentiniň gyzy Ozoda Rahmon eýeleýär. Ol prezidentiň iş dolandyryjy edarasynyň başlygy. Prezidentiň ýene bir gyzy Ruhşona Emomali Täjigistanyň Beýik Britaniýadaky ilçisidir.

2013-nji ýylda aklawçy we raýat jemgyýetiniň aktiwisti Oýnihol Bobonazarowa Birleşen reformaçy güýçler tarapyndan, Täjigistanyň prezidentligine dalaşgär hökmünde çykan ýeke-täk kandidat boldy. Emma onuň kandidaturasy "gerekli sanly gollary ýygnap bilmändigi" sebäpli hasaba alynmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG