Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkegiň sudy 11 derňewçi žurnalisti deslapky tussaghana iberdi


Temirov Live derňewçi toparynyň häzirki we ozalky 11 žurnalisti saklandy.
Temirov Live derňewçi toparynyň häzirki we ozalky 11 žurnalisti saklandy.

17-nji ýanwarda Bişkegiň sudy Temirov Live derňewçi toparynyň saklanan häzirki we ozalky 11 žurnalistini 13-nji marta çenli deslapky tussaghana ýerleşdirmek barada höküm çykardy. Olar takyklaşdyrylmadyk maglumatda “köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyryş etmekde” aýyplanýarlar.

Žurnalistler 16-njy ýanwarda saklanypdy.

Ondan bir gün, Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti 24.kg garaşsyz habar agentliginiň iki redaktoryny soraga çekipdi. Olar Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen ilteşikli takyklaşdyrylmadyk bir maglumatda “urşy propoganda etmekde” aýyplandylar.

Hukuk toparlary we käbir gyrgyz kanunçykaryjylary žurnalistleriň saklanmagyny ýazgaryp, muny azat media hüjüm diýip atlandyrdylar.

XS
SM
MD
LG