21-nji iýulda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden prezidentlik ugrundaky ýaryşdan öz kandidaturasyny aýyrýandygyny yglan etdi. Bu Demokratik partiýasynda onuň ýeňiş gazanmak mümkinçilikleri barada barha artýan aladalaryň arasynda edildi.
81 ýaşly Baýden bu baradaky beýanatyny X sosial ulgamynda çap etdi.
“Siziň prezidentiňiz hökmünde hyzmat etmek, ömrümiň iň uly mertebesi boldy. Täzeden saýlanmak barada niýetim bolan bolsa-da, men çekilip, galan möhletimiň soňuna çenli ünsümi diňe prezidentlik borçlarymy ýerine ýetirmäge gönükdirmegiň, partiýanyň we milletiň bähbidine boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Baýden beýanatda belledi.
Baýden hepdäniň dowamynda millete ýüzlenip, çykyş etjekdigini hem aýtdy.
Baýdeniň Demokrat egindeşleri, onuň 27-nji iýunda Respublikançy dalaşgär Donald Tramp bilen geçiren şowsuz debatlaryndan soň, noýabrda geçmeli saýlawlar ugrundaky ýaryşdan çekilmegine çagyryş edip başladylar.
Baýden 78 ýaşly Trampy ýeňip biljekdigini aýdyp, birnäçe hepdeläp bu çagyryşlary ret etdi.
Baýden Demokratlardan prezidentlige täze dalaşgär hökmünde wise-prezident Kamala Harrisi goldady.
Demokratik partiýa özüniň milli gurultaýyny 19-22-nji awgust aralygynda Çikagoda geçirer.
Eger-de 59 ýaşly Harrisiň kandidaturasy tassyklansa, öňki prokuror we Kaliforniýadan senator möhüm partiýadan prezidentlige dalaş etjek ýurduň taryhyndaky ilkinji garaýagyz aýal bolar.
Tramp “Truth Social” sosial ulgamynda çap eden beýanatynda, Baýdeniň “prezidentlige dalaş etmek üçin laýyk däldigini” aýtdy.
Forum