Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanyň hassahanalarynda şepagat uýalarynyň işini "arassaçylyk işgärleri ýerine ýetirýär"


Saglyk işgärleri (Illýustrasiýa suraty)
Saglyk işgärleri (Illýustrasiýa suraty)

Balkanyň hassahanalary saglyk işgärleriniň ýiti ýetmezçiligini başdan geçirýär diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitiň lukmançylyk edaralaryndaky ygtybarly çeşmeleri habar berýärler.

Olaryň tassyklamagyna görä, üç aý bäri dowam edýän problemanyň soňky hepdelerde has-da ýitileşmegi netijesinde, hassahanalarda şepagat uýalarynyň ýerine ýetirýän işlerini arassaçylyk işgärleri berjaý edip başladylar.

“Şu günler hassahanalarda medisina ugrundaky hiç hili bilimi bolmadyk sanitar tämizçi bolup işleýän işgärler sanjym işlerini we beýleki ýazuw, hasap-hesip işlerini ýerine ýetirýärler. Bular hassahanalaryň baş lukmanlarynyň tabşyrygy esasynda amal edilýär” diýip, çeşmämiz 23-nji aprelde beren maglumatynda belledi.

Çeşmelerimiz muňa sebit hassahanalarynda medisina boýunça ýokary bilimi bolan saglyk işgärleriniň ýetmezçiliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Bu ýagdaýlara Balkanabat şäherindäki welaýat hassahanasynda, Tiz kömek merkezinde, ýokanç we inçekeselleri hassahanalarynda, onkologiýa welaýat hassahanasynda duş gelse bolýar.

“Türkmenbaşynyň köp ugurly täze hassahanasynda, saglyk öýlerinde we Awaza şypahanasynda hem şu ýagdaýlar gaýtalanýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalýan lukmançylyk edaralaryndan we welaýat saglygy saklaýyş bölüminden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Şeýle-de, redaksiýa bu tejribäniň näsaglaryň saglygyna, bejergisine ýetirýän ýa-da ýetirmegi mümkin täsirlerini hem häzirlikçe anyklap bilmedi.

Ýöne çeşmelerimiz sebitde saglyk işgärleriniň gytçylygynyň emele gelmegine, ýurtda aýlyk haklarynyň juda az, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmat bolmagynyň arasynda, Türkmenistany terk edýän lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň sanynyň görlüp-eşidilmedik derejede köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“Häzir Balkanda kimi görseň, Germaniýa, Polşa, Slowakiýa işlemäge ýa-da ýaşamaga gitmegiň aladasynda. Özüni oňarýanlar Kanada, ABŞ-a işlemäge ýa-da ýaşamaga gitmek üçin resminamalary toplamagyň, wiza almagyň aladasynda. Bu gidişinde dowam etse, Türkmenistanda adam galarmyka diýen pikir döreýär. Muny biometriki pasport almak üçin migrasiýa edaralaryndaky nobatlaryň iki ýyldan aşmagy hem tassyk edýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Galyberse-de, çeşmelerimiz ýurtda lukmançylyk orta okuw mekdeplerini tamamlap, hassahanalara işe girmek üçin soralýan parany tapyp bilmän, işsiz ýören şepagat uýalarynyň sanynyň hem az däldigini aýdýarlar.

“Bu ýagdaýlar, sebitde ozal hem o diýen öwerlikli bolmadyk saglyk hyzmatlarynyň has-da pese gaçmagyna getirýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Türkmenistanyň saglyk pudagy, Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, soňky onýyllyklarda juda peseldi. Muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, öz hünärini bilýän lukmanlaryň köpüsiniň işlemek ýa-da ýaşamak üçin daşary ýurtlara gitmegi, şeýle-de, bilim we saglyk pudagynda “giň ýaýran parahorluk” sebäp boldy.

Mundan iki hepde çemesi ozal Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýaşaýjylar göwreli zenanlaryň öz ýaşaýan sebitinde kadaly lukmançylyk kömegini alyp bilmeýändigni we muňa sebitde öz hünärini bilýän lukmanlaryň azlygynyň sebäp bolýandygyny gürrüň berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG