Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda un-çörek gytçylygy baradaky habardan soň çörek satuwda peýda boldy


Çörek alyp barýan çagalar. Türkmenistan (arhiw suraty)
Çörek alyp barýan çagalar. Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenbaşy şäheriniň döwlet dükanlarynda çörek söwdasy janlandy. Iki aý uzaga çeken çörek gytçylygynyň aradan aýrylmagy Azatlygyň beren habarynyň yzýanyna gabat geldi. Balkandaky habarçylaryň 19-njy awgustda beren maglumatyna görä, häzir çörek söwdasy häkimiýetleriň berk gözegçiligi astynda geçýär, howpsuzlyk işgärleri hatda alyjylaryň telefonlaryny barlaýar.

Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary şu günler döwlet dükanlaryna baryp, buhanka çöregini satyn alyp bilýärler. Çörek döwlet dükanlarynda geçen hepdäniň çarşenbe gününden bäri günde satuwda peýda bolýar.

"Ir sagat 7:00-de we öýlän 20:00 çenli diňe ýazgyda duran adamlar üçin üç çörekden satylýar. Tekjelerde hemişe çörek ýok, gelen badyna satylyp gutarýar" diýip, Türkmenbaşydaky habarçymyz aýtdy.

Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary döwlet dükanlaryndan buhanka çöregini diňe ýaşaýan ýerindäki söwda nokadyndan öňünden ýazga durup, satyn alyp bilýärler.

"Çörek diňe dükanyň döwlet belgisi haýsy etrapça degişli bolsa, alyjynyň propiskasy görlüp berilýär. Her kime satylmaýar. Içerki migrantlara paýok çöregi degişli däl" diýip, habarçymyz söwda işgärini sitirleýär.

Il içinde "paýok çöregi" diýlip atlandyrylýan buhanka görnüşli çörek ilat köpçüliginiň azyk rasionyny düzýär. Buhankany arzan bahadan 2,5 manada diňe döwlet dükanlarynda satyn alyp bolýar, hususy söwda nokatlarynda bir çöregiň bahasy ortaça 10 manada durýar.

Şu günler türkmenbaşyly alyjylar döwlet dükanlarynda çöregiň yzygiderli satylyp başlanmagyna örän begenýärler.

Mundan öň arzan bahaly buhanka çöregi ýerli dükanlarda iki aýa golaý wagt bäri tapdyrmaýardy. Azatlygyň Türkmenbaşydaky habarçysynyň 8-nji awgustda beren maglumatynda, käbir ýerli döwlet dükanlarynda buhanka çöreginiň hepdede bir sapar satuwda çäkli mukdarda bolandygyny, unuň bolsa, soňky iki aýa golaý wagt bäri tekjelerde asla görünmeýändigini aýdypdy.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmenbaşyly çeşmeler we ýaşaýjylar çörek söwdasynyň janlanmagyna Azatlygyň beren habary täsir etdi diýip hasap edýärler.

"Golaýda Türkmenbaşynyň 1-nji we 2-nji döwlet dükanlarynda un tekjelerde iki aý bäri ýok, buhanka çäkli satylýar diýen maglumatdan soň, welaýatyň alyjylar jemgyýeti MHM bilen bilelikde Türkmenbaşynyň ähli dükanlaryna üç aýlyk un paýogynyň satylmagyny we her gün çörek satmagy ýola goýdy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Döwlet dükanlaryna çörek satyn almaga baran alyjylar hem problema barada habar berilmegi ýagdaýa täsir etdi diýip hasap edýärler. Azatlyk bilen gürleşen alyjylaryň biri şeýle diýdi: "Adamlar çöregiň satylyp başlanmagy Azatlyk Radiosynda makala berlenden soň ýola goýuldy diýýärler. Azatlyk Radiosy sag bolsun, bolmasa ne paýok bar, ne-de buhanka. Adamlar arzyňy eşitdirmeseň zat ýokdugyna düşünýärler" diýip, Türkmenbaşynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Bu aralykda häzirki çörek söwdasy häkimiýetleriň berk gözegçiligi astynda geçýär. Dükanlarda çörek satylan wagtynda polisiýa we raýat eşikli MHM işgärleri alyjylara gözegçilik edýär we ellerindäki telefonlaryny barlaýar. Bu barada ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri şeýle diýdi: "Çörek we un paýogyny satyn almaga baran raýatlaryň smartfonlary barlanýar. Öý hojalyk edaralaryň işgärleri MHM wekilleri bilen bilelikde her bir raýaty un almazdan öň sim karta belgisini we smartfonlaryny barlap, käbir halatlarda el telefonlardaky maglumatlary kompýutere göçürüp alýarlar we şondan soň paýok berýärler".

Şeýle-de çeşmäniň sözlerine görä, şahsy maglumatlaryny bermejek bolup, smartfonlardaky ähli maglumatlaryny öçürip baran adamlara hem şübhelili garalýar.

Türkmenistanda çörek gytçylygy 2017-nji ýylyň aýagyndan başlandy. Emma häkimiýetler şondan bäri 8 ýyllap dowam edýän azyk gytçylygynyň sebäplerini resmi derejede düşündirmedi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurt boýunça bugdaý plan borçnamasyny ýerine ýetirýändigini ýylda yglan edýär. 12-nji iýulda yglan edilen 2024-nji ýylyň planyna görä, şu ýyl 1 million 400 müň tonna galla hasyly ýygnalypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG