Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awaza döwlet emeldarlarynyň dynç alşyna taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hökümet agzalarynyň dynç alşyna taýýarlanýar. Munuň bilen baglylykda, sebitde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär we dynç almaga gelen raýatlar “üç arka” barlagyndan geçirilýär. Şeýle-de, ýerli edara-kärhanalaryň we Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri arassaçylyk işlerine çekilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri 28-nji iýulda sebitden maglumat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçy düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berýändigini aýtdy. Ol 14-nji iýulda eden çykyşynda hemişe bolşy ýaly, ýolbaşçy düzümiň Awazada, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da beýleki şypahanalarda dynç alyp biljekdigini hem belledi.

"Häzir Türkmenbaşynyň howa menzilinden Awaza çenli aralykda gije-gündiz arassaçylyk işleri geçirilýär. Deňziň kenaryndaky balyk maslyklary hem arassalanýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ynamdar çeşmämiz aýtdy.

Ol arassaçylyk çäreleriniň geçirilişini barlamak üçin welaýat häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň 28-nji iýulda günortan sagat 12-de Awaza barandygyny hem belledi.

Sebitde howpsuzlyk çäreleri hem güýçlendirildi. Myhmanhanalaryň plýažlarynda polisiýa işgärleriniň onlarçasy nobatçylyk çekýär.

“Hazar deňziniň türkmen kenarynda harby-goranyş gämi radarlary gije-gündiz nobatçylykda durarlar. Bu nobatçylyk ýokary derejeli döwlet emeldarlary dynç alyp gidýänçä dowam eder” diýip, ynamdar çeşmämiz harby-deňiz serhet komandiriniň aýdýan sözlerini sitirledi.

Mundan başga-da, myhmanhanalarda dynç almaga gelen raýatlaryň resminamalary içgin öwrenilýär we olar “üç arka” barlagyndan geçirilýär.

“Prezidentiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan dynç alýanlaryň ählisiniň ýaşaýan etraplaryndan, obalaryndan maglumatlar alynýar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Hazaryň kenarynda ýerleşýän kurort şäherindäki bäş ýyldyzly myhmanhanalara özleriniň otaglarynyň 30%-ni ýolbaşçy düzümiň maşgala agzalary üçin boş goýmak hem tabşyryldy.

“Myhmanhanalara bu myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek tabşyryldy” diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.

Günbatar welaýatyň häkimiýetleri, hökümet agzalarynyň dynç alşy döwründe, sebitiň bazarlarynda emeli “azyk bolçulygyny” hem döretmäge çalyşýarlar.

“Daşary ýurtlardan import edilen tropiki miweler we beýleki önümler Aşgabatdan getirilip, Türkmenbaşy şäheriniň ‘Kenar’ bazarynyň sowadyjy ammarlaryna ýerleşdirilýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bular barada welaýat häkimliginden we myhmanhanalardan kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri ýurduň ýolbaşçy düzümi awgust aýynda Awazada dynç alýar. Munuň bilen baglylykda, sebitde giň gerimli arassaçylyk çäreleriniň geçirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi bilen bagly ýagdaýlar her ýyl gaýtalanýar.

Döwlet mediasy ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň Awazada dynç alýandygy barada reportažlary görkezse-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG