Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazadaky sammit döwründe adaty durmuş togtadyldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň Awazada geçiren sammitine görlen taýýarlyklar ilatyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir ýetirdi. Türkmenbaşy şäherinde azyndan dört günläp hereket çäklendirildi, adaty durmuş doly diýen ýaly togtady.

"Welaýatyň we şäheriň býujet işgärleri sammite üç hepde öňünden taýýarlyk görüp başladylar. Sammite üç gün galanda Awaza syýahatçylyk zolagynyň ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde ulaglaryň we adamlaryň hereketi howpsuzlyk güýçleri tarapyndan çäklendirildi" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Ýurduň harby-deňiz güýçleri sammite bir aý galanda Hazar deňziniň türkmen kenarynda howpsuzlygy güýçlendirdiler. Bu ýerde harby gämileriň sany artdyryldy.

14-nji dekabrda, ýagny sammitiň geçen gününde bolsa,

  • köçelerde ulaglaryň we adamlaryň hereketi doly diýen ýaly çäklendirildi,
  • 3G we 4G Internet üpjünçiligi doly kesildi,
  • deňiz ýaka territoriýalaryna düýbünden adam goýberilmedi,
  • mekdepleriň köpüsi ýapyldy we okuwçylara sapak geçilmedi,
  • jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýatyryldy,
  • restoranlar, kafeler we toýhanalar işlemedi. 14-nji dekabrda durmuş toýuny gurnamagy planlaşdyran ýaşlaryň toý dabaralary 16-njy dekabra geçirildi,
  • uçar gatnawlary ýatyryldy,
  • Myhmanlaryň geçýän köçeleriň ugrundaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň äpişgelerini açmak we çyralaryny ýakmak sammitden üç gün öň gadagan edildi. Gadagançylyk myhmanlar gaýdýança dowam etdi.

Güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilşine gözegçilik etmek işlerine welaýatyň tas ähli polisiýa işgärleri çekildi.

Şeýle-de, Aşgabatdan we welaýatlardan MHM hem-de polisiýa işgärleri getirildi. Olar Türkmenbaşyda 10 günlük iş saparynda boldular.

"Bir söz bilen aýdylsa 'şäherde siňek hem uçurylmady'. Ilatyň dükanlardan gerek azygyny almaga-da mümkinçiligi bolmady. Şäher howpsuzlygyna Arkadagyň hut özüniň gözegçilik edendigi, ähli kontroly öz eline alandygy aýdyldy" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada şäher häkimliginden we polisiýa bölüminden resmi kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda geçirilýän halkara çäreleriniň dowamynda we onuň öňüsyrasynda, ilatyň adaty durmuşy doly diýen ýaly çäklendirilýär. Köçeler ýapylýar, jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýatyrylýar. Bu ýagdaýlar onýyllyklaryň dowamynda gaýtalanyp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG