Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly komissiýa Balkanly lukmanlaryň görkünde kemçilik gördi, lukmanlar täze geýim almaga mejbur edilýär


Bakan welaýatyndaky hassahanalaryň işgärleri bu görnüşdäki eşikleri öz hasabyna satyn almaly bolýarlar.
Bakan welaýatyndaky hassahanalaryň işgärleri bu görnüşdäki eşikleri öz hasabyna satyn almaly bolýarlar.

Balkan welaýatynyň saglyk işgärleri ýene-de maddy basyşa sezewar boldular. Olardan täze iş geýimini satyn almak talap edildi. Azatlygyň Balkandaky habarçysy bu talabyň ýerli saglyk edaralarynda paýtagtdan gelen komissiýa tarapyndan geçirlen barlagdan soň peýda bolandygyny habar berýärler.

"Balkanyň saglyk edaralaryna pudagyň ministrligi tarapyndan barlag geldi. Saglyk ministrliginiň wekilleri lukmanlaryň we saglyk işgärleriniň işlerinden, şeýle-de daş-keşbinden hem geýimlerinden kemçilikleri tapyp welaýatyň saglygy goraýyş bölüminden berk nägile boldular" diýip, sebitdäki saglyk edaralarynyň biriniň wekili 24-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen balkanly saglyk işgärleriniň sözlerine görä, paýtagtly resmiler Balkan welaýatynda bir hepdäniň dowamynda bolupdyr we regionyň dürli hassahanalaryna we saglyk edaralaryna, şol sanda etraplardaky we obalardaky medisina nokatlaryna aýlanyp, ýerli saglyk işgärleriniň ählisiniň işine öran pes baha beripdir.

Komissiýa agzalary ýerli saglyk edaralaryna "kemçilikleri düzetmek" üçin 1 aý möhlet kesgitläpdir.

"Bize bir aýdan komissiýanyň gelip barlajakdygy we 30 günüň dowamynda bellenen kemçilikler düzelmese welaýat saglyk resmileriniň wezipelerinden gitjekdigi duýduruldy" diýip, Balkanyň ýene bir medisina edarasynyň resmisi gürrüň berdi.

Balkan welaýatynyň saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleriniň sözlerine görä, aşgabatly komissiýanyň barlag netijesinde kesgitlän kemçilikleri uly sanawy emele getirýär.

Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan bu sanawda şeýle kemçilikler görkezilýär:

1. Saglyk öýlerinde we hassahanalarda lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we şepagat agalarynyň daş-keşbi, geýimleri, ak halatlary talabalaýyk däl. Hatda lukmanlaryň iş ýerinde geýýän şypbyklary ýyrtylan, ak halatlary könelişip saralyp giden.

2. Gyzylarbat, Hazar, Bereket hassahanalarynda arassaçylyk gigiýena ýagdaýy ýaramaz. Barlagçylar otaglaraky saçakçylary surata düşürip şikaýata goşdylar.

3. Hassahanalardaky krowatlar we düşekler hapa. Balkanabat,
Magtymguly, Gyzylarbat şäherleriniň enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş edaralarynda, çaga doguryş hassahanalarynda täze doglan çagalaryň ölüminiň köpelendigi nägilelik döredýär.

4. Resminamalar, günlik hasabatlar hem-de maşgala lukmanlarynyň doldurmaly kitapçalary talabalaýyk ýöredilmeýär.

Balkan welaýatynyň saglyk edaralarynda geçirlen barlaglardan şeýle netije çykaran aşgabatly komissiýanyň sapary ýerli saglyk işgärleriniň gününi hasam kynlaşdyrdy.

Welaýatyň medisina işgärleriniň Azatlyga aýtmagyna görä, ýerli saglyk ýolbaşçylary indi agzalan kemçilikleri düzetmegiň ugruna çykyp, öz goly astyndaky işgärlerine basyşyny artdyrypdyr. Täze iş geýimlerini satyn almak we hassahanalary bejermek we düşeklerini täzelemek üçin çykdajylar saglyk işgärleriniň üstüne ýüklenipdir.

"Lukmanlar täze ak halatlary, ak şypbyk satyn almaly. Iň arzan halat we balak 1400 manat, ak şypbyk 200 manat. Saglyk öýlerinde we hassahanalarda işleýän lukmanlaryň aýlygy 2500 manat, şepagat uýalarynyň aýlygy 1700 manat. Olar agyr zähmet çekip, alýan bu aýlygyna Balkanyň şertlerinde zordan maşgalasyny ekleýärler" diýip, balkanly lukman aýdýar.

Balkanyň hassahanalarynda işleýän saglyk işgärleriniň sözlerine görä, häzir keselhanalarda krowatlary we düşekleri çalyşmak planlaşdyrylýar we muny iş kollektiwleriniň hasabyna täzelemek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, lukmanlaryň iş tejribesini artdyrmak üçin balkanly lukmanlary 1 aýlyk Aşgabada okuwa ugratmak ýaly çäreler hem göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatynyň dürli saglygy saklaýyş edaralarynyň ençeme işgäri bilen anonim gürleşdi. Emma Balkanly saglyk resmilerinden barlaglar, kemçilikler we görülýän çäreler barada resmi derejede teswir alyp bolmady.

Bu aralykda habarçylar, hususan-da, Gyzylarbat, Bereket we Hazar etraplaryndaky hassahanalaryň köne we onlarça ýyllap bejergi görmedik binalarda ýerleşýändigine ünsi çekýärler.

"1970-nji ýyllarda gurlan hassahanalaryň ýerzeminleri suwdan doly. Binalar iňňän könelşen. Içi mör-möjekden doly. Suw we ýyladyş ulgamy ýaramaz halda. Olary bejermekden, täze bina gurmak has amatly" diýip, Balandaky habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň hökümeti saglygy saklaýyş pudagyndaky kemçilikleri resmi taýdan boýun almaýar.

Medisina hyzmatlarynyň hili peselip, bahasynyň gymmatlamagy sebäpli ilatyň gitdigiçe has uly bölegi saglygyny berjermek mümkinçiliginden mahrum bolýarka, resmi maglumatlarda täze keselhanalaryň gurulýandygy we pudagyň ösýändigi yglan edilýär. Bu aralykda Azatlyk Radiosynyň we beýleki media serişdeleriniň maglumatlarynda ýurduň dürli welaýatlarynyň we paýtagtyň keselhanalaryndaky aýylganç şertler mälim edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG