25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi (ÝB)” Adam hukuklary boýunça dialogynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Bu barada döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer hukugy we adam hukuklary çygrynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, döwlet metbugaty ýazýar.
Resmi maglumata görä, raýat jemgyýetini kämilleşdirmek, hukugyň hökmürowanlygy we kazyýet reformasy, şeýle hem bilim, saglyk, gender deňligi, çagalaryň we maýyplaryň hukuklaryny goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine görä, dialogyň dowamynda taraplar hukuk goraýjylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine we adam hukuklary ulgamynda jogapkärçiligiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekdiler.
Duşuşykda türkmen tarapyna daşary işler ministri Raşid Meredow, Ýewropa Bileleşigine ÝB-niň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug başlyklyk etdi.
Bu duşuşygyň öňüsyrasynda, adam hukuklaryny goraýjy toparlar dialogda Türkmenistandaky hukuk kemsitmeleriniň gün tertibine getirilmegine we ýurduň adam hukuklary babatynda hakyky ösüşi gazanmalydygynyň bellenilmegine çagyryş etdiler.
Hukuk toparlary ýurtda söz azatlygynyň çäklendirilmegi, köpçülikleýin internet-senzura, aktiwistleriň, žurnalistleriň we bloggerleriň, şol sanda transmilli repressiýalaryň üsti bilen yzarlanylmagy, raýat jemgyýetiniň çäklendirilmegi, halkara esewan işlerine mümkinçilikleriň berilmezligi, gender stereotipleriniň, diskriminasiýanyň we zorluklaryň giň ýaýramagy ýaly adam hukuklarynyň meseleleriniň gozgalmagyny teklip etdiler.
Türkmenistanda häkimiýetler ýyllarboýy adam hukuklaryny çäklendirmekde tankyt edilýär.
Ýewropa Bileleşigi özüniň Merkezi Aziýa boýunça kabul eden strategiýasynda bu sebitde, şol sanda Türkmenistanda adam hukuklaryna hormat goýulmagyny ileri tutýar.
Şol bir wagtda, Türkmenistanyň hökümeti soňky ýyllarda daşary ýurtly täze hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirip gelýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Pannier 27-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen resmileriniň soňky ýyllarda täze hyzmatdaş gözleglerini güýçlendirip, hususan-da Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek meýillerini äşgär edýändiklerini aýtdy.
“Bu ýerde bellemeli bir optimist bellik – Türkmenistan, esasan-da özüniň gaz söwdasynyň ýakyn wagtlarda egsilmek ähtimallygynyň arasynda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar babatynda hem-de ykdysadyýet babatynda agyr mätäçlik çekýär we olar görnetin Ýewropa Bileleşigi we günbatardaky beýleki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyga çykýarlar” diýip, Pannier aýtdy.
Ol Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň mart aýynda ýewropa paýtagtlaryna amala aşyran saparyna, türkmen resmileriniň ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ýygjamlaşdyrýan duşuşyklaryna we beýleki wakalara salgylanyp, taraplaryň arasynda ösdürilýän aragatnaşyklara mysal berdi.
Bu gatnaşyklaryň özeninde Türkmenistan esasan söwda we ykdysadyýet pudagynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga, özüniň tebigy gazyny Günbatar ýurtlaryna-da eksport etmäge synanyşýar.
“Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen, hususan-da maliýe we ykdysady sebäplerden ugur alyp, täze gatnaşyklary ýola goýmaga synanyşýar. Ýöne bu ýerde bir zadyň öwezine bir zat bermeli. Eger Ýewropa Bileleşinden bir zat isleseň, munuň öwezine bir zat bermäge taýýar bolmaly. Meniň pikirimçe, gaz söwdasy munuň üçin ýeterlik bolman biler” diýip, Pannier aýtdy.
Ýewropa Bileleşigi 2000-nji ýyllaryň başlaryndan bäri 30-dan gowrak daşary ýurt döwletleri bilen Adam hukuklary boýunça dialoglaryny alyp barýar.
Türkmenistan bilen ÝB mundan ozal 2023-nji ýylyň dekabrynda adam hukuklaryny maslahat etdi.
“Türkmenistan häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine öňküsinden has-da mätäç bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň isleýän käbir zatlary babatynda, Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça gozgan käbir meseleleri babatynda Türkmenistan tarapyndan herekete geçilmegi mümkin. Ýöne munuň ähtimallygy örän pes. Türkmen hökümeti Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin, hem-de, nesip etdiginden, Ýewropa Bileleşigine gaz ibermäge başlamak üçin, nähili eglişiklere gelmäge taýýar bolup biler?” diýip, Pannier belledi we muňa garaşyp görmelidigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýewropa Bileleşigi Aşgabatda geçirilen ynsan hukuklary dialogynyň netijeleri boýunça heniz beýanat ýa-da maglumat çap etmedi.
Bileleşik 2019-njy ýylda Aşgabatda özüniň ilkinji wekilhanasyny açdy. Şonda taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek ylalaşygyna gol çekdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum