Aşgabatdaky “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde ilata mugt sowgat paýlamak boýunça gurnalan çärede basa-baslyk döredi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.
“12-nji ýanwarda Berkarar söwda we dynç alyş merkezinde dürli ýaşdaky adamlaryň, şol sanda çagalaryň onlarçasy, belki-de ýüzlerçesi üýşdi. Märekäniň üýşmegine söwda merkezinde ilata mugt sowgat paýlanjakdygy barada IMO we beýleki sosial ulgamlarda bildirişleriň ýaýradylmagy sebäp boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu bildirişler geçen hepdäniň dowamynda söwda merkezinde dükanlary bar bolan telekeçileriň ençemesiniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda yzly-yzyna paýlaşyldy.
“Bildirişde söwda merkezinde “Aýaz babany ugradyş” çäresiniň geçiriljekdigi, oňa hemmeleriň çagyrylýandygy we gelen adamlara mugt sowgat paýlanjakdygy aýdyldy” diýip, paýtagtly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýöne mugt sowgatlaryň çäkli möçberde paýlanmagy we ony almaga gelen adamlaryň aşa köp bolmagy, olaryň üstünde dawa-jenjeliň döremegine sebäp boldy.
“Söwda merkeziniň dürli ýerlerinde duran we Aýaz babanyň eşigini geýen üç adam bu ýerdäki telekeçileriň maliýeleşdirmeginde taýýarlanan sowgatlary paýlap başlady. Toplanan adamlar Aýaz babalaryň daşyny gabap, sowgat almaga howlukdylar. Her biriniň içinde 15 manatlyk süýji-kökeler bolan bu sowgadyň üstünde dörän basa-baslyk dag aşdy” diýip, ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny suratlandyrýar.
Aýaz babalardan biriniň öz golaýynda duran ýetginjege sowgat bermän, yzdaky durana berip, haltasyndaky sowgatlaryň barynyň gutarmagy bilen, ol sowgat ýetmän galan adamlaryň ençemesiniň şarpygyna sezewar boldy.
“Basa-baslyk polisiýa işgärleriniň gelmegi bilen dargadylyp, adamlaryň tenine dürli şikesleriň ýetmeginiň öňi alyndy” diýip, ýaşaýjy belledi.
Wakanyň bolan ýerinden Azatlyk Radiosyna gelip gowşan suratlarda adamlaryň onlarçasynyň Aýaz babanyň keşbindäki adamyň daşyna toplanandygyny we ellerini uzadyp ondan sowgat almaga çalyşýandygyny görse bolýar.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada "10 ýyl Abadançylyk" we Atatürk köçeleriniň çatrygynyň günorta tarapynda ýerleşýän "Berkarar" söwda we dynç alyş merkeziniň administrasiýasyndan telefon arkaly teswir alyp bilmedi.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan söwda merkezindäki telekeçileriň birnäçesi bu çäräniň gurnalmagyna dükanlarda alyjylyk ukybynyň peselmeginiň sebäp bolandygyny aýdýar.
“Soňky hepdelerde söwda juda peseldi. Adamlar diňe iň zerur bolan harytlaryny alyp gidýärler. Telekeçiler alyjylary söwda merkezine çekmek maksady bilen, merkeziň administrasiýasyna bu çäräni gurnamagy teklip etdiler” diýip, paýtagtly telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz ýurtda ýedi ýyldan gowrak wagt bäri ýiti duýulýan ykdysady kynçylyklaryň arasynda, adamlaryň güzeran eklenjiniň ýaramazlaşýandygyny, arzan ýa-da mugt harytlara mätäçliginiň artýandygyny belleýär.
“Adamlar bir ýerde bir zadyň arzan satylýandygyny ýa-da mugt paýlanýandygyny eşitseler, onuň hiline we möçberine garamazdan, dessine şol ýere barýarlar. Bularda dawa-jenjeller, adamlaryň tenine dürli şikesleriň ýetmegi ýaly wakalar hem köp bolýar. Bu ýagdaýlar, ilatyň bolelin durmuşda ýaşaýandygy barada hökümetiň öňe sürýän syýasatyny aç-açan ýalana çykarýar” diýip, ýerli synçy anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy ykdysady kynçylyklar we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan mesele gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum