Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňlerçe adamyň nägileliginden soň, lotereýa oýnunda satylan joraplaryň puly yzyna berilýär


Marydaky söwda merkeziniň öňünde üýşen ýaşaýjylar. TikTok sosial ulgamyndan alnan surat.
Marydaky söwda merkeziniň öňünde üýşen ýaşaýjylar. TikTok sosial ulgamyndan alnan surat.

15-nji awgustda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki "Belent" söwda merkeziniň daşynda müňlerçe adam söwda nokady tarapyndan gurnalan lotereýa oýnunda özlerine wada berlen baýraklaryň çykmandygyna köpçülikleýin nägilelik bildirenden soň, käbir raýatlaryň puly yzyna berlip başlandy. Şol bir wagtda, häkimiýetler lotereýa oýnunyň 17-nji awgustda welaýatyň uly bazarynda täzeden geçiriljekdigi barada beren wadasynda tapylmady. Marydaky lotereýa oýny bilen bagly soňky maglumatlary Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitden habar berdiler.

"17-nji awgustda lotereýanyň guramaçylary tarapyndan satylan joraplar yzyna alnyp başlandy. Ýöne joraplar ulanylan, ýagny geýlen bolsa, onda olaryň puly yzyna berilmeýär. Jorap satylan, täze görnüşinde yzyna alynýar. Käbir raýatlar eýýäm joraby açyp ulanan bolsa-da, onlap, ýüzläp ýa-da müňläp jorap satyn alan adamlar pullaryny yzyna almagy umyt edýärler" diýip, çarşenbe güni söwda merkezine baryp gören ýerli ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz lotereýany gurnaýjylaryň joraplary alyp, olaryň puluny yzyna berip başlandygyndan köp adamyň habarsyzdygyny hem aýtdy.

Ýatlatsak, habarçymyz awgust aýynyň başynda "Belent" söwda merkeziniň lotereýa oýnunyň geçirilýändigini we oýna 50 manat töläp, bir jorap satyn alan her bir raýatyň gatnaşyp bilýändigini yglan edendigini aýtdy. Lotereýany gurnaýjylar oňa gatnaşan adamlaryň hiç biriniň baýraksyz galmajakdygyny, ýagny lotereýalaryň hiç biriniň boş däldigini hem aýdypdyrlar.

15-nji awgustda, lotereýa oýnunyň geçirilen güni söwda merkeziniň daşynda takmynan dört müňden gowrak adam üýşdi. Emma gatnaşyjylaryň aglabasy baýrak utup bilmänsoň, olar "gurnaýjylar hiç bir lotereýanyň boş däldigini aýtdylar" diýip, özlerine wada berlen baýraklaryň çykmandygyna we özleriniň aldawa salnandygyna köpçülikleýin nägilelik bildirdiler. Nägileligi köşeşdirip, köpçüligi dargatmaga çalşan howpsuzlyk işgärleri bilen adamlaryň arasynda goh-galmagal turdy. Basa-baslykda ene-atalaryň çagalaryny tapyp bilmeýän halatlary-da boldy. Raýatlara garşy güýç ulanan howpsuzlyk işgärleri onlarça adamy tussag etdiler.

"Häzir joraplaryň alnyp, olaryň pullarynyň yzyna berlip başlanmagy, adamlaryň nägilelik bildirip, uly gozgalaň turuzmagynyň netijesi diýsek ýalňyşmarys. Adamlar bir aýakdan şol ýerde öz haklaryny soramadyk bolsa, onda bu mesele halkyň bähbidine çözülmezdi. Halkyň aýaga galmagy bilen, hökümet tiz wagtyň içinde meseläni halkyň bähbidine çözmeli boldy" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz häkimiýetleriň lotereýa oýnunyň 17-nji awgustda welaýatyň uly bazarynda täzeden geçiriljekdigi barada beren wadasynda tapylmandygyny hem habar berýärler.

Ýatlatsak, 15-nji awgustda tussag edilmelere garamazdan, söwda merkeziniň daşynda durup, nägileligini dowam etdiren adamlar diňe lotereýanyň şu hepde welaýatyň uly bazarynda gaýtadan oýnaljakdygy barada häkimiýetleriň beren wadasyndan soňra, giçlik sagat 6-dan soň söwda merkeziniň öňüni terk edipdiler.

"Onlarça adam Marynyň täze bazaryna baryp, lotereýa oýnunyň geçiriljek ýerini gözledi. Olar bu ýerdäki söwdegärlerden lotereýa oýnunyň boljak ýerini soranda, hiç hili oýnuň bolmajakdygyny bilip galdylar" diýip, waka şaýat bolan başga bir maryly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçylarymyz 17-nji awgustda Marynyň täze bazarynyň içinde we daşynda polisiýa işgärleriniň hem-de ulaglarynyň adatdakysyndan has köp bolandygyny hem habar berdiler.

Şeýle-de, olar müňlerçe adam söwda merkeziniň öňünde nägilelik bildirenden soň, welaýatda VPN hyzmatlarynyň we "IP adresleriniň" petiklenendigini hem aýtdylar.

"Soňky üç günüň dowamynda lotereýa oýny we onuň bilen bagly dörän halk nägileligi baradaky gürrüňler tutuş ýurda ýaýrady. Häkimiýetler bu barada has köp maglumatyň, suratdyr wideolaryň ýaýramagyndan alada edýärler" diýip, ýaşaýjy belledi.

Bu aralykda, sosial ulgamlarda söwda merkezinde bolan waka barada has köp wideolar peýda bolup başlady. Wideolaryň birinde adamlaryň köpçüliginiň söwda merkezine zor bilen kürsäp girmäge synanyşýandygyny görse bolýar. Beýleki bir wideoda bolsa, ýüzlerçe adamyň söwda merkeziniň içine girendigini we ol ýerdäki başagaýlygy synlasa bolýar.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri adatça bolşy ýaly bu waka barada kelam agyz söz aýtmaýarlar. Azatlygyň bu barada söwda merkezinden we Mary şäheriniň polisiýa müdirliginden kommentariý almak synanyşyklary hem netijesiz galýar. Şeýle-de, redaksiýa tussag edilenleriň ykbalyny hem anyklap bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG