Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň onkologiýa keselhanasyna ýüz tutýanlar köpelýär


Aşgabadyň keselhanasy. (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň keselhanasy. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda onkologiýa keseline uçran raýatlaryň sany köp bolmagyna galýar. Paýtagtyň keselhanalarynda günde ýüzlerçe adamyň nobata durandygyny görse bolýar. Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary keselhanalardaky ýagdaý we bejergi almak üçin şertler barada habar berýärler.

Paýtagtyň Köpetdag etrabyndaky onkologiýa merkezine ýüz tutýan hassalaryň arsynda leýkemiýa, ýagny ak gan keseliniň möwç alandygyny paýtagtly saglyk resmileri aýdýarlar. Bu keselhana Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Keseli tassyklanyp, goşmaça barlaglara we medisina kömegine mätäç bolup, keselhana barýan hassalaryň sany günde ýüzden geçýär.

"Leýkemiýa ýolugan hassalaryň sany şu ýylyň başyndan bäri has-da artýar. Hassalaryň aglabasyny orta ýaşdan ýokary adamlar düzýär. Köpüsi zenanlar. Kesele uçranlaryň arasynda çagalar hem bar, olarda hasam agyr ýagdaýda geçýär" diýip, lukman aýdýar.

Habarçymyzyň anyklamagyna görä, diagnostika formal taýdan mugt hem bolsa, uzyn nobatlar hassalaryň zerur kömek almagyny kynlaşdyrýar we adamlary başga ýol gözlemäge mejbur edýär.

"Nobatsyz barlagdan geçmek üçin lukmanlara para bermeli bolýar, onuň möçberi 300, 400 manata barabar bolýar. Ýöne bejergi almak doly tölegli bolup, 10 müňden başlanyp, 20 müň manat aralygynda çykdajy talap edýär" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar we bejergi almak üçin sarp edilýän puluň bir böleginiň bejergini elýeterli etmegi tizleşdirmek üçin gidýändigini belledi.

Keselhanada ýatan syrkawlaryň sany hem örän köp. Otaglarda ýer bolmansoň, syrkawlar geçelgelerde ýygnalýan wagtlaýyn krowatlarda ýatýarlar we şeýle oňaýsyz şertlerde bejergi almaly bolýarlar.

"Onkologiýa keselinden gutulýan syrkawlaryn sany örän az sanly bolup, syrkawlaryň köpüsi ömür boýy bu kesele garşy göreşmeli bolýarlar" diýip, aşgabatly ýene bir lukman aýdýar.

Türkmenistanyň saglyk resmileri onkologiýa keseline degişli sanlary we onuň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Ýurtda keselçiligiň derejesini görkezýän umumy sanlar we onkologiýa keseliniň statistikasy 30 ýyla golaý wagt bäri çap edilmän gelýär.

Şeýle-de bolsa, ýurtda geçirilýän çäreler keselçiligiň ýagdaýyndan habar berýär. Soňky iki ýyl bäri aýallarda ýatgy we göwüs düwnügini anyklamaga gönükdirilen köpçülikleýin ginekologiýa barlaglary geçirilýär. Bu barlaglar tutuş ýurt boýunça alnyp barylýar.

Şu ýylyň başyndan bäri welaýatlardaky saglyk öýleri özleriniň jogapkärçiligindäki ilatly sebitlerde ýaşaýan 25-55 ýaş aralygyndaky gelin-gyzlary ginekologiýa barlaglaryna çagyrýarlar.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň 21-nji iýunda beren maglumatyna görä, bu welaýatda geçirilýän barlaglar aýallaryň arasynda onkologik düwnük keseliniň köpelmegi bilen bagly.

Mundan öň 2023-nji ýylda ýurduň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin geçirilen medisina barlaglary 18 ýaşy dolduran aýal-gyzlaryň ählisine hökman degişli bolup, onkologiýa kesellerini anyklamak maksadyna gönükdirildi.

Yzýany güýzde Yslam ösüş bankynyň Türkmenistanda üç sany onkologiýa hassahanasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi teklip edýändigini Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar beripdi. Her biri 150 hassa niýetlenen täze hassahanalaryň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda guruljakdygy mälim boldy.

Bu üç welaýatda täze onkologiýa keselhanasyny gumak planlary 2018-nji ýyldan bäri agzalýar we şu çaka çenli 1960-1970-nji ýyllarda gurlan onkologiýa keselhanalary näsaglary kabul edýär.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, Türkmenabadyň Deri-wenerologiýa hassahanasynyň bir korpusynda ýerleşýän onkologiýa bölümi 70 golaý hassa bejergi berip bilýär. Marynyň onkologiýa keselhanasy hassalaryň köpüsini Aşgabada ugratmaly bolýar.

Azatlyk bilen gürleşen onkologiýa näsaglary hassahanalaryň köpüsindäki hyzmatlaryň hiliniň örän erbetdigini we şertleri 'aýylganç diýip häsiýetlendirýärler.

2023-nji ýylyň maý aýynda Daşoguz welaýatynda 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy açylyp ulanylmaga berildi. Türkmen mediasy Aşgabatda 500 orunlyk Halkara onkologiýa merkeziniň gurluşygynyň dowam edýändigini habar berdi.

Azatlyk bilen anonim gürleşen türkmenistanly saglyk resmileri ýurtda onkologiýa keselleriniň köpelýändigini tassyklaýarlar.

2019-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentine hödürlenen Türkmenistanyň Meýletin milli synynda, Türkmenistanda ilatyň ölümine getirýän esasy keselçilikleriň biri ýürek-damar kesellerinden soň, onkologiýa keselleri diýlip, görkezilipdi.

Maglumatda adam ölüminiň 12 prosentini emele getirýän onkologiki keseller barada statistiki sanlar getirilip, Türkmenistanda aýallarda duş gelinýän esasy onkologiki keseller boýunça süýt mäzlerindäki düwün hem-de ýatgy boýunjygyndaky düwün agzalypdy. Erkek adamlaryň ölümlerine getirýän esasy keselleriň hatarynda traheýanyň we bronhlaryň rak keseli, ýagny bokurdak düwüni, inçekesel, aşgazandaky düwün, hem-de bagyrdaky düwün we öt haltanyň kanallaryndaky düwün agzalypdy.

Şondan bäri Türkmenistanda onkologiýa keseline degişli resmi san elýeterli bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG