Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýallarda ýatgy we göwüs düwnügini anyklamaga gönükdirilip, ginekologiýa barlaglary geçirilýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Mary welaýatynda aýallaryň arasynda düwnük keseliniň (rak) köpelmegi bilen bagly dowam edýän aladalaryň fonunda, sebitiň saglyk öýlerinde gelin-gyzlaryň arasynda geçirilýän ginekologiýa barlaglary batlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

Welaýatdaky saglyk öýleri özleriniň jogapkärçiligindäki ilatly sebitlerde ýaşaýan 25-55 ýaş aralygyndaky gelin-gyzlary ginekologiýa barlaglaryna çagyrýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar ilat arasynda aýal ugurlaryna degişli düwnük keselleriniň, hususan-da ýatgyda emele gelýän düwnük keseliniň, hem-de göwüsde, döş mäzlerinde döreýän düwnük keseliniň anyklanylmagy bilen bagly hadysalaryň köpelýändigini aýdýarlar.

“Saglyk öýleri telefon üsti bilen jaň edip, öz garamagyndaky aýal-gyzlary ginekologiýa barlaglaryna çagyrýarlar. Telefon jaňlaryna jogap berilmedik halatynda, maşgala lukmanlary adamlaryň öýlerine baryp gaýdýarlar” diýip, aýallaryň arasynda onkologiýa kesellerini anyklamaga gönükdirilip geçirilýän barlaglardan habarly bir saglyk pudagyndaky çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Sebitde habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan gelin-gyzlar soňky wagtlarda saglyk şikaýatlary bilen ýerli keselhanalaryň onkologiýa bölümlerine ýüz tutýan aýallaryň sanynyň görnetin köpelýändigini aýdýarlar.

“Welaýatyň Onkologiýa hassahanasynyň aýallarda ýüze çykýan düwnük kesellerine gönükdirilen bölümlerinde has köp nobatlary synlasa bolýar” diýip, bir maryly zenan aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe aýal maşgala bu sebitde aýallarda onkologiýa keselleriniň anyklanylmagy bilen bagly wakalaryň ýygjamlaşýandygyny tassyklaýarlar.

“Ýatgyda we göwüsde düwnük keseli döreýär. Ýurduň onkologiýa keselhanalarynda Mary welaýatyndan bolup, bejergi alýan hassalar köp” diýip, zenan maşgala aýdýar.

Sebitde aýal-gyzlaryň arasynda düwnük keseliniň has köp anyklanylmagynyň mümkin bolan sebäpleri barada maglumat ýok. Galyberse-de, bu sebitde aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keselleriniň ýokarlanýandygyny görkezýän resmi statistikalar, ýa-da ylmy-lukmançylyk barlaglarynyň netijeleri elýeterli däl.

Ýöne saglyk öýleri tarapyndan aýallarda düwün keselini anyklamaga gönükdirilip geçirilýän ýörite barlaglar ýerli ýaşaýjylaryň aladalaryny gytaklaýyn tassyklaýar.

“Ginekologiýa barlaglary takmynan bir sagada çekip bilýär. Barlaglarda aýallaryň döş mäzlerindäki gatylyk barlanýar we ýatgydan nusga alynýar” diýip, ginekologiýa barlaglaryna gatnaşan bir zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Barlaglardan ýüz öwürýän zenanlardan ýazmaça düşündiriş alynýar. Ýazmaça beýanatlar ýüze çykyp biljek saglyk ýagdaýlary boýunça ähli jogapkärçilikleri zenanlaryň üstüne ýükleýär.

Iki aýyň dowamynda Mary welaýatynda degişli ýaşlardaky gelin-gyzlaryň arasynda onkologiýa kesellerini anyklamaga gönükdirilen ginekologiýa barlaglaryny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Barlaglaryň tölegi 50-100 manat aralygynda kesgitlenipdir.

Mundan ozal, şeýle barlaglar şu ýylyň martynda Lebap welaýatynda hem geçirilipdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary, mundan ozal hem, Türkmenistanda ilat arasynda onkologiýa keselleriniň köpelýändigini habar berdiler.

Ýurduň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda 1960-1970-nji ýyllarda gurlup, ulanylmaga berlen köne onkologiýa keselhanalary hereket edýär.

Döwlet metbugaty, 2023-nji ýylyň oktýabrynda bu welaýatlarda täze onkologiýa hassahanalaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigini habar beripdi.

Şonda bu hassahanalaryň gurluşyk işleriniň Yslam ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilýändigi mälim edildi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri üç hassahananyň gurluşygynyň mundan ozal ýurtda köpugurly welaýat hassahanalarynyň gurluşygyny öz üstüne alan “Nahal” hojalyk jemgyýetine ynanylandygy habar berdiler.

2022-nji ýylyň maý aýynda Daşoguz welaýatynda hem 150 orunlyk täze onkologiýa hassahanasy ulanylmaga berildi.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda aýallaryň arasynda düwnük keseliniň köpelmegi boýunça ýerli saglygy goraýyş edaralaryndan teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG