Aşgabadyň söwda nokatlarynda towuk ýumurtgasynyň söwdasy giňden ýola goýuldy. Ýumurtga öňküsinden arzan satylýar. Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary ýyllarboýy azyk gytçylygyna öwrenişen ýaşaýjylar üçin geň görünýän bu bolçulygyň sebäplerini anykladylar.
Aşgabadyn bazarynda şu günler towuk ýumurtgasynyň arzan bahadan gyzgalaňly satuwy ýaýbaňlanýar. Öň her biri 2 manatdan satylan ýumurtganyň bahasy soňky hepde 50 teňňä çenli aşaklady.
Uzaga çeken azyk gytçylygynda ýumurtganyň birden arzan bahadan satylmagynyň sebäpleri barada gürrüň beren söwda resmileriniň sözlerine görä, ýumurtganyň satuwda köpelmegi onuň ýaramlylyk möhleti bilen baglanyşykly.
"Häzirki tapgyr towuk ýumurtgasynyň ýaramlylyk möhletiniň gutarmagyna sanagly wagt galanlygy sebäpli iýunyň 12-ne çenli harydy ilata islendik arzan bahadan satyp gutarmaklyk kabinet ministriniň söwda pudagyna gözegçilik edýän wise-premýeriň tabşyrygy söwda ministrligine gelip gowuşdy" diýip, habarçymyz Azatlyk bilen anonim gürleşen söwda ministrliginiň resmisini sitirleýär.
Habarçylarymyz paýtagtyň bazarlarynda ýumurtga söwdasynyň her ýerde alnyp barylýandygyny, köp mukdarda satuwa çykarylýan ýumurtganyň bahasynyň yzygiderli arzanlaýandygyny, satyjylaryň harydy satyp gutarmaga howlugýandygyny aýdýarlar. Her biri iki manada satylan ýumurtga başda 1,5 manada satyldy, soň 1 manada düşdi we iň soňunda 0,5 manat boldy.
Mundan öň towuk ýumurtgasynyň bolçulygy birden Lebap welaýatynda hem döräpdi.
Maý aýynyň aýagynda Türkmenabat şäherindäki döwlet dükanlarynda we uly söwda merkezlerinde ýaramlylyk möhleti tamamlanyp barýan ýumurtga arzan bahadan satylyp başlandy.
“Şäheriň döwlet dükanlarynda we “Köýten”, “Döwrebap”, “Lebap” söwda merkezlerinde adatça 45 manatdan satylýan bir guty ýumurtgany 30 manatdan islän möçberiňde satyn alyp bolýar. Onuň ýaramlylyk möhleti iýun aýynyň ortalarynda tamamlanýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 29 maýda habar beripdi.
Habarçymyz şonda Türkmenabatda satylýan arzan bahaly ýumurtganyň uly böleginiň, käte tas ýarysyndan gowragynyň zaýalanandygyny habar beripdi. "Satyn alan ýaşaýjylaryň ençemesi olaryň ýarysyndan gowragynyň zaýa çykýandygyny aýdýarlar" diýip habarçymyz belläpdi.
Muňa garamazdan, arzan ýumurtganyň hyrydary köp boldy.
Lebabyň döwlet dükanlarynyň birnäçe satyjysy anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda bu ýumurtgalaryň iýun aýynyň 15-ne çenli satylyp gutarylmalydygy barada söwda resmileri tarapyndan dilden buýruk berlendigini aýdypdy. Emma dükan satyjylary alyjylaryň ýumurtganyň zaýalanan bolup çykmagyna bildirýän şikaýatlaryna hiç hili düşündiriş bermediler.
Towuk ýumurtgasy ilatyň iýmit rasionynyň esasy harytlaryň biri bolmagyna galýar. Ýurtda birnäçe ýyllap ilata çäkli görnüşde satylan subsidirlenen azyk önümleriniň hataryna giren towuk ýumurtgasynyň söwdasy uly nobatlar bilen alnyp barylýardy. Käbir döwürlerde ýumurtga adam başyna sanalyp satyldy.
Döwlet dükanlarynda bazardaky bahadan arzanrak satylan ýumurtgany almak üçin adamlar gijelerine nobata düzülip başlaýardy. Ýumurtga söwdasyna polisiýa tarapyndan gözegçilik edildi.
Subsidirlenen bahadan satylan azyk harytlarynyň hiliniň köplenç pes bolmagyna garamazdan, oňa hyrydar köp boldy, pes girdejili ilat köpçüligi arzanrak azyga mätäçlik çekýär.
Türkmen hökümeti soňky ýyllarda ýeňillikli bahalary gymmatlatdy we subsidirlenen azygy satmak tejribesini şu ýyl ýatyrdy.
Aşgabatda ýumurtga söwdasyna degişli häzirki ýagdaý barada Türkmenistanyň söwda ministrliginden resmi görnüşde maglumat alyp bolmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum