Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportunda uçara goýberilmedik türkmen raýaty öz janyna kast etmäge synanyşdy


Aşgabadyň aeroporty (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň aeroporty (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň aeroportunda daşary ýurda barýan uçara goýberilmedik lebaply ýaşaýjy öz janyna kast etmäge synanyşdy.

Bu waka, soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Türkmenistanda daşary ýurda barýan raýatlaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň onlarça gezek ýüze çykan mahalyna gabat geldi.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 1-nji awgustda paýtagt Aşgabatdan, Lebap we Mary welaýatlaryndan maglumat berdiler.

“24-nji iýulda paýtagtyň aeroportynda Russiýa işlemäge barýan Türkmenistanyň birnäçe raýaty Aşgabat-Moskwa ugry boýunça uçýan “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçara goýberilmedi. Migrasiýa gullugynyň işgärleri munuň sebäbini aç-açan düşündirmediler. Şondan soň, bu raýatlaryň biri howa menziliniň hajathanasyna girip, iki eliniň damarlaryny kesmeklik bilen, öz janyna kast etmäge synanyşdy” diýip, gürrüňi edilýän raýatyň ýakyn garyndaşlarynyň biri anonimlik şertinde aýtdy

Onuň tassyklamagyna görä, janyna kast etmäge synanyşan Türkmenabat şäheriniň Demirýolçylar etrapçasynyň 38 ýaşly ýaşaýjysy aeroportuň polisiýa işgärleri tarapyndan saklanyldy.

“Häzir hukuk goraýjylar ony Türkmenabadyň psihonewrologik hassahanasynda ruhy hassa hökmünde ýerleşdirmäge synanyşýarlar” diýip, raýatyň garyndaşy onuň Çaga serebral paraliçinden ejir çekýän gyzyny operasiýa etdirmek üçin Russiýa gidip, işlemäge we pul ýygnamaga çalşandygyny hem aýtdy.

Azatlykda öz janyna kast etmäge synanyşan lebaply ýaşaýjynyň şahsyýetini anyklaýan has jikme-jik maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçymyz paýtagtyň howa menzilindäki polisiýa işgärleriniň birine salgylanyp, 24-nji iýulda daşary ýurda barýan uçara goýberilmedik ýene bir welaýat ýaşaýjysynyň iki eliniň damaryny kesip, öz janyna kast etmäge synanyşandygyny aýtdy. Habarçymyz bu barada jikme-jik maglumatlary anyklamaga synanyşýar.

Ýerli synçylaryň birnäçesi häkimiýetleriň raýatlaryň, köplenç resmi düşündiriş bermezden, daşary ýurtlara gitmegine rugsat bermezliginiň, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda ozal hem ruhy çökgünlikdäki köp raýatyň has-da ejizlemegine getirýändigini aýdýar.

Habarçylarymyz soňky hepdelerde daşary ýurtlara barýan raýatlaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň onlarça gezek ýüze çykandygyny aýdýarlar.

“Uçarlaryň her birine tas her gezek 20-30 adam goýberilmedi. Olaryň arasynda daşary ýurtlarda okamaga barýan ýaşlar hem köp. Uçardan düşürilýänleriň ähli resminamalary düzüw bolsa-da, olara hiç bir düşündiriş berilmän, öz welaýat migrasiýa gullugyňyzdan soraň diýýärler. Welaýatlardaky migrasiýa edaralary hem hiç hili düşündiriş bermeýärler” diýip, habarçylarymyz aýdýarlar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň aeroportundan, polisiýa bölüminden we Döwlet migrasiýa gullugyndan teswir alyp bilmedi.

Uçara goýberilmedik maryly ýaşlaryň biriniň aýtmagyna görä, okuw wizasyny almaga kömek eden “araçylar” oňa ýurduň ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglarynyň tamamlanmagyna garaşmagy maslahat beripdirler.

“Olar maňa şondan soňra daşary ýurda gitmäge gaýtadan synanyşyp görmelidigimi, aeroporta ýanym bilen $300-$500 alyp gidip, şol ýerde para berip, uçara münüp biljekdigimi hem aýtdylar. Migrasiýadan geçjek mahaly, puly kime bermelidigini hem özleri öňünden aýtjaklaryny bellediler” diýip, maryly ýaşlaryň biri aýtdy.

Şu ýyl Türkmenistanyň ÝOJ-laryna okuwa kabul etmek we giriş synaglaryny geçirmek işleri 15-nji iýul – 26 awgust aralygynda gurnalýar. Türkmenistanyň prezidenti bu baradaky buýruga 12-nji iýulda gol çekdi.

Türkmenistanda raýatlaryň, şol sanda daşary ýurtlarda okamaga barýan ýaşlaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal, hususan-da, täze okuw ýylyň öňüsyrasynda ýüze çykýar.

Häkimiýetler muňa aç-açan düşündiriş bermeýär. Ýerli synçylar muny “häkimiýetleriň ýurduň barha azalýan ilatyny Türkmenistanda saklap galmak tagallalary” häsiýetlendirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG