Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda okamaga ýykgyn edýän ýaşlar köpelýär


Türkmenistanyň okuw jaýlarynyň birindäki talyplar (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň okuw jaýlarynyň birindäki talyplar (Illýustrasiýa suraty)

Dünýäniň köp ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bir aý gowrak wagt galanda, häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň on müňlerçesiniň öňünde ýokary okuw jaýyna (ÝOJ) ýerleşmek aladasy keserip durýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan maglumat beren habarçylary we ygtybarly çeşmeleri ýaşlaryň arasynda ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmek isleýänleriň sanynyň juda azdygyny, daşary döwletleriň uniwersitetlerini saýlap alýanlaryň köpdügini habar berýärler.

“Ýaşlar esasan hem Russiýanyň ÝOJ-laryna girmegi saýlap alýarlar. Munuň sebäbi ýaşlaryň okuwdan daşary, boş wagtlarynda işläp bilýändikleri bilen baglanyşykly. Diňe oglanlar däl, eýsem gyzlar okuw gidip, okuwdan daşary işläp, hem okuw töleglerini töleýärler, hem-de ene-atasyna pul ugradyp, olara maddy goldaw berýärler” diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Habarçylarymyz bu tendensiýanyň şu ýyl has-da ýokarlanandygyny synlasa bolýandygyny belleýärler.

Muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, köp maşgalanyň güzeran eklenjiniň agyrlaşmagy sebäp bolýar.

“Häzirki wagtda ýurtda daşary ýurtlarda okaýan çagalarynyň iberýän pulunyň hasabyna ýaşaýan hojalyklar juda köp” diýip, ýagdaýlardan habarly Lebap welaýatyndaky çeşmämiz aýtdy.

Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda okamaga ýykgyn etmeginiň ýene bir sebäbi ýurduň ÝOJ-laryna girmegiň töweregindäki “para-berim” meselesi bilen baglanyşykly.

“Şu ýyl Lebapda okuwa para bermän girenleriň has köp boljakdygy hakynda myş-myş ýaýradylan bolsa-da, ÝOJ-lara girmek isleýänlerden para alynmagy dowam edýär. Tölegli fakultetler üçin azyndan 2 müň 500 we 3 müň dollar bara bermeli. Mugt we döwlet tarapyndan stipendiýa berilýän fakultetlere girmek üçin 10-50 müň dollar möçberinde para bermeli” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri anonim şertde gürrüň berdi.

Bellesek, şu ýyl Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek we giriş synaglaryny geçirmek işleri 15-nji iýul – 26 awgust aralygynda gurnalýar. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky buýruga 12-nji iýulda gol çekdi.

Lebaply we maryly ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, paradan başga-da, ýurduň ÝOJ-larynda talyplara okuwdan daşary işlemäge rugsat berilmezligi hem, ýaşlaryň daşary ýurtlarda okamaga ýykgyn etmeginiň sebäpleriniň ýene biridir.

“Meselem, tölegli fakultetlere giren talyplar okuwy tamamlanýança, ençeme esse çykdajy etmeli bolýarlar. Olara okuwdan daşary diňe çärelere gitmäge rugsat berlip, işlemegi gadagan edilýär. Gizlin işleýän wagty tutulan talyplar okuwdan çykarylmak bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly bilim işgäri anonim şertde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada agzalýan sebitleriň Bilim müdirliklerinden we ýurduň Bilim ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda her ýyl ýurt boýunça 80 müňden gowrak okuwçy umumy bilim berýän orta mekdeplerden uçurym bolýar we olardan 20 müňden gowragy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýär.

Ýurduň kanunçylygynda orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň aglabasynda bilim almagyň mugtdygyna kepil geçilýär. Muňa garamazdan, habarçylarymyz ýurduň ÝOJ-laryna girmek üçin dalaşgärlerden para almak tejribesiniň onlarça ýyl bäri saklanyp galýandygyny aýdýarlar. Köp ene-ata parany bermek üçin awtoulaglaryny, hojalygyndaky mal-garalaryny we mellek ýerlerini satýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurduň Ýoj-laryna okuwa girmek bilen bagly para-berim barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

“Transparency International” guramasynyň şu ýylyň 30-njy ýanwarynda çap eden soňky korrupsiýa indeksinde Türkmenistan ýene-de yzdaky orunlaryň birini, has anygy, aşakdan onunjy ýeri eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG