Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Osama Bin Ladeniň ölümine getiren operasiýa syn


Osama bin Ladeniň öldürilen ýerinde parçalanan dikuçaryň bir bölegi ýatyr, 2011-nji ýylyň 2-nji maýy.
Osama bin Ladeniň öldürilen ýerinde parçalanan dikuçaryň bir bölegi ýatyr, 2011-nji ýylyň 2-nji maýy.
Dört ýyl mundan ozal bir adamyň adynyň aýan bolmagy bilen başlanan zat ýaňy-ýakynda Osama bin Ladeniň ölümi bilen tamamlandy. Birleşen Ştatlaryň taryhynda şondan köp agtarylyp, yzarlanan gaçgak ýok.

Bin Laden ençeme aýlap jan edilip toplanan gizlin maglumatlaryň netijesinde tapylyp, soňra-da hüjüm mahaly kellesine degen gülleden öldi. Gizlin maglumat toplanmagyna sebäp bolan zat terrorda şübhelenilip, Amerikada türmeden saklanýanlaryň biriniň Bin Ladeniň ynamdar çapary, oňa maglumat gatnadýan kişi diýip, Abu Ahmed al-Kuwaiti lakamly bir adamy agzanlygy.

Birleşan Ştatlaryň aňtaw işgärleri ýekşenbe agşamy maglumatlaryň nähili toplanandygy barada köpräk gürrüň berseler-de, meseläniň ynjykdygy sebäpli öz atlaryny bermekden saklandylar.

Geň-taň diwar

Resmileriň aýtmagyna görä, olar bu çaparyň hakyky adynyň Şeýh Abu Ahmeddigini 2007-nji ýylda bilseler-de, onuň bolýan ýeriniň Yslamabadyň golaýyndadygyny 2009-njy ýylda anyklapdyrlar. 2010-njy ýylyň awgustynda hem onuň gatnaýan ýeri Yslamabadyň 60 kilometrliginde ýerleşýän şäherçe Abbottabatdaky daşy belent diwarly jaý bolmagy ähtimal diýen netijä gelnipdir.

Adminstrasiýanyň ýokary derejeli resmileriniň aýtmagyna görä, iki ýyllap yzarlap gezenlerinden soň gazanylan uly üstünlik bu çaparyň ýaşaýan ýeriniň şol daşy belent diwarly jaýdygynyň anyklanmagy bolupdyr.

Milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Brennanyň aýtmagyna görä, bu jaý bilinmezden öň hem aňtaw analizçileri Osama bin Laden bir dagyň gowagynda däl-de, bir açyk ýerde gizlenýän bolmasyn diýip oýlanypdyrlar. Brennan: “Ýöne Pakistan bir uly ýurt. Iň soňunda hem bizi Bin Ladeniň gizlenýän ýeriniň üstünden elten özara baglanyşykly dürli maglumatlar boldy” diýýär.

“Bu çapar we Bin Laden bilen ilteşikli beýleki adamlar barada umumy ýollar bilen edinen maglumatlarymyzyň netijesinde wagtyň geçmegi bilen goşmaça maglumatlary birikdirip, bu çaparyň tanalýan adyny, lakamyny anykladyk. Soňra muny onuň hakyky ady bilen, soň hem onuň hakyky ady bilen baglanyşykly beýleki zatlar bilen birikdirip, Abbottabatdaky daşy belent diwarly jaýyň üstünden bardyk” diýip, Brennan aýdýar.

“Çalt bir karara gelmelidi”

Sentýabr aýynda Merkezi aňtaw gullugynyň işgärleri Bin Ladeniň şu ýerde gizlenýän bolmagy mümkin diýen netijä gelipdirler. Aňtaw işgärleri bu daşy belent diwarly jaýyň hem 2005-nji ýylda ýörite Bin Ladeni gizlemek üçin gurlandygyna ynanypdyrlar.

Fewral aýynda ençeme aýlap alnyp barlan aňtaw işleri netijesinde aňtaw işgärleri bilen Ak Tamyň harby geňeşçileri özleriniň Bin Ladeni tapandyklaryna göz ýetirip, bilýän zatlaryny prezident Obama ýetiripdirler.

“Bin Ladeniň bu ýerdedigini tassyklaýan hiç bir zat ýokdy. Şol sebäpden prezident bu barada herekete geçmeli bolanda, maglumatlaryň güýji barada oýlanyp, çalt bir karara gelmelidi. Beýle çalt iş soňky döwürlerde hiç bir prezident tarapyndan edilen zat däldi” diýip, Brennan aýdýar.

Mart aýynyň ortalaryndan beýläk Obama özüniň milli howpsyzlyk topary bilen bu barada maslahat geçirmäge başlapdyr. Ol alty hepdäniň içinde olar bilen şular ýaly bäş maslahat geçiripdir. Içinde 22 töweregi adam bar diýip çaklanylýan bu ýeri bombalamak hakda pikir alşylypdyr.

Ýöne Obama: “Bin Ladeniň ölendigi barada subutnama bolmaly hem-de pida çekenler köp bolmaly däl” diýip, muňa garşy çykypdyr. Onuň bu işde ileri tutany – Birleşen Ştatlaryň ýörite operasiýalar boýunça güýçleriniň (Navy Seals) bu jaýa hüjüm etmegi bolupdyr. Hüjüm 30-njy aprele planlaşdyrylypdyr. Ýöne howanyň ýaramazlygy sebäpli 1-nji maýa goýlupdyr.

Hüjümiň dowamynda garşylyk görkezmäge synanyşan Bin Ladene ýüzünden gülle degipdir. Şeýlelikde Birleşen Ştatlara 10 ýyllap tapdyrman gezen bu adamyň işi 45 minudyň içinde tamamlanypdyr.
XS
SM
MD
LG