Saýlawçylaryň hem milli derejede, hemem ýedi sany çekeleşik ştatynda bölünmegi bilen, amerikalylar taryhy prezident saýlawynda ses berýärler. Olar bu ses berişlikde Respublikan partiýanyň dalaşgäri, öňki prezident Donald Trump bilen Demokratik partiýanyň dalaşgäri, wise-prezident Kamala Harrisiň gazanan netijelerini kesgitlemeli. Bu netijeler Russiýanyň Ukrainadaky urşuna, Ýakyn Gündogardaky uruş konfliktine we howanyň üýtgemegi ýaly global meselelere uly täsir eder öýdülýär.
Ses beriş uçastoklary 5-nji noýabrda, gündogar ştatlaryň käbirinde ir sagat 5-de (Aşgabat wagty bilen sagat 15-de) açyldy. Ses berişlik tutuş ýurt boýunça, şol sanda Alýaskada we Hawaýide, ABŞ-nyň uzak günbatar ştatlarynda agşam sagatlaryna çenli dowam eder.
Ilat ýazuwy býurosynyň maglumatyna görä, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda goýlan rekordlardan soň, saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşygynyň has ýokary bolmagyna garaşylýar.
"Bu taryhdaky iň çekeleşikli bäsleşikleriň biri bolup biler – berlen her bir ses möhüm" diýip, Harris Filadelfiýada geçirilen ýygnanyşykda, öz kampaniýasyny tamamlanda aýtdy.
Federal saýlaw resmileri 4-nji noýabr güni giçlik, bäsleşigiň örän çekeleşikli bolmagy bilen, Russiýanyň we Eýranyň ABŞ-ly saýlawçylaryň arasynda agzalalyk döretmäge gönükdirilen täsir kampaniýalaryny güýçlendirendiklerini duýdurdylar.
2020-nji ýylda iş başyndaky prezident Jo Baýdenden ýeňlen Tramp ol iýul aýynda, Tramp bilen geçirilen çekişmede ýaşy sebäpli dörän aladalar esasynda 2024-nji ýyldaky bäsleşikden çekileninden soň, üçünji gezek prezidentlige dalaş edýär.
Onuň demokrat bäsdeşi Harris, saýlanan halatynda, ABŞ-nyň Günorta Aziýadan bolan we ilkinji aýal prezidenti bolar. Tramp saýlansa, taryhda yzygiderli ýagdaýda ikinji möhlete saýlanmadyk ikinji prezident bolar.
60 ýaşly Harris Ýokary kazyýetiň 2022-nji ýylda abort hukugyny ýatyran kararyndan soň abort hukuklaryna beren goldawyny nygtady we, 6-njy ýanwarda ABŞ Kapitolyna edilen hüjümdäki roluny we 2020-nji ýylda Baýdenden ýeňlendigini boýun almakdan ýüz öwrendigini belläp, Trampy demokratiýa abanýan howp diýip atlandyrdy.
Tramp özüniň populist çagyryşlaryny ulanyp, ikinji möhletde ykdysadyýeti gowulaşdyrmak, ýurda gelýän migrant akymynyň öňüni almak we, ABŞ-nyň Hytaý ýaly garşydaşlaryna has berk daramak wadalaryny berdi.
Saýlaw netijesiniň, beýleki daşary ýurtlara garanyňda, Ukraina has kän täsir etmegi mümkin.
Dalaşgärler rus goşunlarynyň basybalyjy hüjüminden goranmakda ABŞ-nyň berýän harby, maliýe we diplomatik goldawyna köp derejede garaşly bolan Ukrainany goldamak boýunça iki sany örän dürli-dürli pozisiýany eýelediler.
Harris Russiýanyň ýeňlenini görmek isleýändigini açyk dile getirip, Baýdeniň Ukraina kömek syýasatyny dowam etdirjekdigini aýtdy.
Tramp ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawyny sorag astyna aldy we Russiýanyň çozuşyna garşy durmak üçin Kiýewe goldaw bermek meselesindäki esasy ýüki Ýewropanyň çekmelidigini aýtdy, NATO-nyň geljegine şübhe döretdi.
Birleşen Ştatlarda eýýäm 77 million saýlawçynyň ses beren saýlawa türkmenistanlylar hem gyzyklanma bilen seredýärler diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýär.
Adamlaryň edýän gürrüňlerinden çen tutulsa, olaryň bir bölegi Kamala Harrisiň prezident bolmagyny islese, beýleki bir bölegi Donald Trampyň prezident saýlanmagyny isleýär.
Habarçy Harrisiň tarapyny tutýanlaryň, Kamala Haris häkimýet başynda otursa, garyp halk, iş gözleýän adamlar ABŞ döwletine migrasiýa edip biler diýip pikir edýändigini, Donald Trampyň häkimýet başyna geçmegini isleýän adamlaryň bolsa, ol saýlansa, ilki bilen Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky urşy togtadar diýen umyda bil baglaýandygyny aýtdy.
“Kamala Harris saýlawlarda ýeňiji çyksa, iş gözleginde we gowy durmuş, ýaşaýyş şertlerine ýetmek üçin ABŞ-a arkaýyn gidip bolar, eger-de Donald Tramp ýeňse, onda hatda Grin Cart hem 10 ýyllyk bolman, 5 ýyla çenli kemeldiler, ABŞ gitmek kynlaşdyrylar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Ýöne “Donald Tramp ýeňip, Ukrainadaky urşy togtatsa, ol ýerde şäherleri, obalary, ekin meýdanlaryny, oba hojalygyny täzeden dikeltmekçi bolsalar, bize, ýagny Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna hem Ukraina gidip işlemek mümkinçiligi dörär, Türkmenistandan maşgalamyzy alyp, ymykly Ukraina döwletine göçmek miýesser eder” diýýän türkmenistanlylar hem bar.
Azatlygyň çeşmesiniň maglumatyna görä, häzir Russiýada we Orta Aziýa döwletlerinde zähmet çekýän, ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenleriň arasynda, uruş ýatsa, biz Ukrainada bilim aljak we işlejek, gerek bolsa gidip, ol ýurtda ýaşajak diýýänler hem az däl.
ABŞ saýlawlary günbatar Türkmenistanda hem uly gyzyklanma, pikir alyşmalara sebäp bolupdyr.
“Intelligensia wekilleriniň köpüsi, ýönekeý adamlar saýlawda kandidat Kamala Harrisiň ýeňmegini isleýär” diýip, habarçy aýtdy we bu islegiň esasan Ukrainanyň we beýleki döwletleriň toprak bitewiliginiň saklanmagy, diktatorlara garşy göreş, kiçi döwletleriň güýçli döwletler tarapyndan goralmagy bilen baglydygyny belledi.
Forum