Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ bilen Türkmenistanyň metan syzmalaryny azaltjak ylalaşyk baglaşmagyna garaşylýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Birleşen Ştatlar Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletindäki ägirt uly metan syzmasynyň öňüni almak üçin şertnama baglaşmaga çalyşýar diýip, “The Guardian” gazeti habar berýär.

Gazetiň ýazmagyna görä, Türkmenistan 184 sany “ýokary gaz syzma” hadysasyna, 2022-nji ýylda dünýäniň iň köp ýyladyşhana gazynyň howa goýberilmegine jogapkär boldy. Bu ýurduň howa goýberen gaz syzmalarynyň biriniň howanyň hapalanmagyna 67 million awtoulagyň goýberen hapa gazy derejesinde goşant goşandygy aýdylýar.

ABŞ resmileri Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyndaky metan syzmalarynyň käbir derejede BMG-niň noýabr aýynyň aýagynda başlanjak Cop28 klimat sammitine çenli togtadylmagyna umyt baglaýar diýip, habarda aýdylýar.

"ABŞ we Türkmenistan ... Cop28-de metan zyňyndylaryny azaltmakdaky netijeleri görkezmäge synanyşar" diýip, ABŞ-nyň beýanatynda aýdylýar. “Bloomberg” neşiriniň maglumatyna görä, ABŞ-nyň maliýe goldawyny we tejribesini üpjün etjek bir ylalaşygyň baglaşylmagy mümkin.

Howa goýberilýän metan zyňyndylary häzirki wagtda global maýlamanyň 25% -ine sebäp bolýar.

ABŞ-nyň klimat boýunça ýörite wekili Jon Kerri birinji gün Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen söhbetdeş boldy. ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken aprel aýynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy we "howa krizisine garşy göreşmek üçin metan zyňyndylaryny azaltmagyň möhümdigini aýdyp, Türkmenistan bilen işleşmek mümkinçiliklerini görkezdi".

XS
SM
MD
LG