NATO-nyň 2014-nji ýyla çenli Owganystany doly terk edip, owgan harbylarynyň şu ýylyň iýul aýyndan başlap, ýurduň käbir ýerlerinde howpsuzlyk jogapkärçiligini öz üstlerine alyp başlajakdygy aýdylýan soňky döwürlerde Owganystan Waşingtonda geçirilýän diskussiýalaryň esasy temasyna öwrüldi.
Şeýle ýygnaklardan biri 19-njy aprelde "Heritage Foundation" edarasynda bolup, bu ýygnagyň esasy myhmany Owganystanyň öňki daşary işler ministri we 2009-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda prezident Hamid Karzaýyň esasy bäsdeşi bolan Dr. Abdullah Abdullahdy.
"Köp zat üýtgedi"
Dr. Abdullah "Taliban" hökümetiniň häkimiýetden agdarylaly bäri ýurtda köp zatlaryň üýtgänligini we "Talibanyň" döwründe gadagan edilen müňlerçe mekdepleriň gaýtadan açylanlygyny, esasan hem gyz çagalaryň mekdeplere gaýtadan gatnap başlanlygyny belledi.
Ol Owganystanda kynçylyklaryň hem dowam edýänligini we şeýle ýagdaýda Owganystandaky ýagdaýlara nähili çemeleşilmeli diýlen meselede amerikan ýolbaşçylarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça diskussiýalaryň gidýänligini aýtdy.
Dr. Abdullah: "Bu ýurtda durnuklylygy ornaşdyrmakçy bolsak, mundan beýläk ýalňyşlyk goýbermäge ýagdaýymyz ýok" diýip, Owganystanda durnuklulygy ornaşdyrmak üçin häzirki döwürde alnyp barylýan işler hakda öz pikirini beýan etdi.
"Alnyp barylýan işlerden biri harby strategiýadyr, elbetde, bu islendik strategiýanyň gaýragoýulmasyz bölegi bolup durýar. Bu strategiýanyň ikinji bölegi bolsa syýasy strategiýadyr. Emma syýasy strategiýa barada gürrüň edilende, onuň esasy bölegi "Taliban" bilen gepleşikler geçirmek ýaly bolup görünýär. Meniň pikirimçe, bu ulakan problema" diýip, Dr. Abdullah belledi.
Garşy däl, emma…
Ol hökümete goşulmak isleýän "Taliban" agzalary üçin gapynyň açyk goýulmagyna özüniň garşy däldigini, emma tutuş ýurt boýunça alnyp barylýan syýasy strategiýanyň bu gepleşige gönükdirilmeginiň oňyn ädim bolmajagyny aýtdy.
Owgan syýasatçysy Dr. Abdullah ünsi diňe "Taliban" bilen gepleşige gönükdirmeklik syýasy strategiýanyň beýleki uly böleklerine, ýagny Owganystanyň halkynyň aglaba bölegine we olaryň talaplaryna ýeterlik üns berilmezligine sebäp bolýar diýdi.
"Hökümeti dolandyrmagyň, adalat sistemasyny dikeltmegiň, adam hukuklaryna hormat edilmegiň, korrupsiýa garşy göreşiň we Owganystanyň ýönekeý ilatynyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmagyň deregine ähli ünsi "Taliban" bilen gepleşiklere gönükdirmek, käbir beýleki zerur mümkinçilikleri gözden salmagymyza sebäp bolup biler" diýip, Dr Abdullah nygtady.
Syýasy geljegi
Dr Abdullah özüniň syýasy gelejegi barada hem gürrüň edip, 2009-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soňra, ýurtda demokratik prosesleri güýçlendirmek üçin tagalla edýänligini, emma prezident Karzaýyň bu ugurda negatiw rol oýnaýanlygyny öňe sürdi.
Ol ýurtda demokratik institutlaryň güýçlenmegi prezident Karzaýyň ähli zady öz kontrolynda saklamak syýasatyna gabat gelmeýär, şonuň üçin ol şeýle tagallalara garşy çykýar diýdi.
Owganystanyň daşary syýasaty barada hem gürrüň edip, Dr. Abdulla esasan hem Pakistan hakda durup geçdi. Onuň aýtmagyna görä, bu iki ýurduň gatnaşygynyň gowulaşmagynyň öňündäki iň uly problema gozgalaňçylaryň Pakistanda ýerleşýän merkezleridir.