Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze forum ÝB-Orsýet gatnaşyklaryna täsir ýetirermi?


Bu graždan jemgyýetiniň Orsýetiň resmileri bilen gepleşiklerinde ýüz berýän adaty ýagdaý.
Bu graždan jemgyýetiniň Orsýetiň resmileri bilen gepleşiklerinde ýüz berýän adaty ýagdaý.
Howpsuzlyk güýçleri demonstrantlary urup-ýenjip, olary tussag edip, raýatlaryň asuda protestleri geçirmek hukuklaryny bozýarlar - bu graždan jemgyýetiniň Orsýetiň resmileri bilen gepleşiklerinde ýüz berýän adaty ýagdaý.

Repressiw kanunlar, haýbat atmalar hökümete degişli bolmadyk guramalaryň ähmiýetini peseltdi. Şeýle-de premýer-ministr Wladimir Putiniň on ýyldan gowrak wagt mundan öň häkimiýete geçmeginden soň, şol guramalaryň tankydy bellikleri hem kemeldi.

Emma häzir Orsýetiň we Ýewropa ýurtlarynyň aktiwistleri täze forumy gurnap, Ýewropa Bileleşiginiň Moskwa bilen gepleşiklerini üýtgetmegine täsir ýetirmek bilen, oňyn özgerişleriň janlanjakdygyna umyt edýärler.

“Ýewropa Bileleşigi - Orsýet graždan jemgyýeti forumyny” gurnaýjylar şu hepde öz öňlerinde goýýan maksatlaryny maslahatlaşmak üçin Çehiýanyň paýtagty Pragada duşuşýarlar.

Forumy gurnaýjylaryň biri, Çehiýanyň “Mätäçlikdäki adamlar” atly hökümete degişli bolmadyk guramasynyň wekili Rostislaw Walwoda bu forum barada şeýle diýdi: “Biziň bilen hyzmatdyşlyk edýänler bu hyzmatdaşlygy täze derejä ýetirmek isleýärler. Şeýle-de biz başga guramalary hem çekmek isleýäris. Sebäbi biz orsýetliler bilen ýewropalylaryň jebis hyzmatdaşlygynda gyzykly netijeleriň boljakdygyna ynanýarys”.

Bu konferensiýa gatnaşýan Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň bellemegine görä, forum möhüm syýasy roly oýnar.

“Möhüm ädim”

Ýewropa Parlamentiniň ýanyndaky Adam hukuklary boýunça komitetine başlyklyk edýän Heidi Hautala bu foruma gatnaşyjalara ýüzlenip, şeýle diýdi: “Bu talap öň hem köp edildi. Emma şol talap şu forumda öňe sürülse, onda Orsýetiň ahyry adaty bolan zady, ýagny graždan jemgyýetiniň resmi gepeleşiklere gatnaşmagyny kabul etmegine has uly mümkinçilik bolardy”.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň adam hukuklary boýunça baş maslahatçysy Mihail Fedotow hem bu foruma gatnaşdy. Ol Orsýetde graždan jemgyýetiniň möhüm kynçylyklarynyň bardygyny tassyklady. Ýöne ol ilki bilen Orsýetiň we Ýewropanyň halkynyň biri-birine düşünmeginiň zerurudygyny aýtdy: “Biziň ählimiz ýer togalagyndaky graždan jemgyýetiniň agzasy. Şeýle-de biz ähilimiziň umumy gymmatlyklarymyzyň we garaýyşlarymyzyň bardygyna düşünmelidiris”.

Orsýetli adam hukuklary boýunça belli aktiwist Lew Ponamarýow bu forumyň Orsýetiň we Ýewropanyň hökümete degişli bolmadyk guramalaryny bir ýere ýygnamak boýunça ädilen möhüm ädimdigini aýtdy.

"Biz hökümetden nämäni talap edip bileris? Bu eýýäm ençeme ýyl bäri taýýarlanyp gelinýän Ýewropa Bileleşegi - Orsýet hyzmatdaşlyk şertnamasyna, adam hukuklaryna hormat goýulmagyna kepil geçjek aýratyn bölümiň goşulmagydyr” diýip, Ponamarýow nygtady.

Bu forumy gurnaýjylar onuň ilkinji giňişleýin maslahatyny geljek ýylyň başynda geçirmegi göz öňünde tutýarlar.
XS
SM
MD
LG