Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukraina bilen ýaraşyk gepleşikleriniň arasynda Odesa portuna zarba urdy


Odesa porty. Arhiw suraty. Illýustrasiýa
Odesa porty. Arhiw suraty. Illýustrasiýa

Odesa portuna atylan rus ballistik raketasy Alžire däne alyp barýan bir ýük gämisine zarba urdy, dört ekipaž agzasy heläk boldy, bir adam ýaralandy.

Odesanyň harby administrasiýasynyň jemgyýetçilik geňeşiniň başlygy Serhiý Bratçugyň port häkimiýetlerine salgylanyp habar bermegine görä, bu hüjüm 11-nji martda agşam sagat 20:17-de bolup geçdi. Ol zyýan çeken gäminiň suratyny hem paýlaşdy.

Hüjümiň wideolaryny paýlaşan birnäçe Telegram kanaly bu zarbanyň Russiýanyň Iskander-M raketasynyň ulanylyp amala aşyrylandygyny aýtdy.

Deňiz habarlaryny çap edýän “The Maritime Executive” neşirine görä, “MJ Pinar” ýük gämisi Barbados baýdagyny astynda hasaba alnypdyr we bir grek kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan ekeni.

Zarba wagtynda gämi üstünde 30 müň tonna galla bilen Odesa portuna baglanyp duran ekeni. Hüjümde 12 agzasy bolan ekipaždan dört adam, üç siriýaly, bir ukrainaly heläk boldy. Port infrastrukturasy zyýan çekdi.

Zarbanyň bolan gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk maksatnamasynyň wekiliýeti Odesa portuna sapar eden ekeni diýip, ‘The Maritime Executive’ belleýär.

Şeýle-de, Russiýa 11-12-nji martda başga-da birnäçe ukrain şäherlerine hüjüm etdi. Dneprde bir ýaşaýyş jaýy, çagalar bagy we mekdep zyýan çekdi, Harkowda “Şahed” drony ýaşaýyş binalarynyň arasynda ýaryldy, Sumyda bir ammara dron bilen zarba uruldy. Ýerli häkimiýetlere görä, bu zarbalar adam ýitgileri hasaba alynmady.

Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi Brýansk, Kursk we Kaluga sebitleriniň şeýle-de, Gara deňziň, hem-de anneksiýa edilen Krym sebitiniň üstünde 21 ukrain dronuny urup ýykandygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG