Soňky onýyllyklarda Ýewropada turan iň uly urşy soňlamak ugrundaky diplomatiýanyň tijenmeginiň arasynda, rus goşunlary Ukrainanyň gündogaryndaky strategiki şäheriň, Pokrowskiň golaýyndaky ýerleri almagyny dowam etdirýär.
“Deep State” onlaýn urus-kartasy platformasynyň habaryna görä, rus goşunlary 12-nji dekabrda Pokrowsk şäheriniň günorta bölegine 3 km golaý geldi. Bu şäher Ukrainanyň esasy maddy-tehniki çatrygynda, şeýle-de ýurduň ýeke-täk koks-kömür üpjünçisiniň alkymynda ýerleşýär.
“Goranyşymyzyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we basyp alyjylaryň has netijeli ýok edilmegini üpjün etmek üçin adaty bolmadyk kararlar kabul edilmeli" diýip, Ukrainanyň ýokary derejeli serkerdesi, general Oleksandr Syrskiý Facebookda ýerleşdiren hatynda aýtdy.
"Söweşler adatdan daşy gazaply. Ruslar bar bolan güýçlerini öňe sürüp, biziň goranyşymyzy böwüsmäge synanyşýarlar" diýip, ol aýtdy.
Soňky aýlarda bu sebit Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan 33 aýlyk urşunyň dowamyndaky iň gazaply söweşleriniň birine şaýat boldy.
Ukrain pozisiýalarynyň rus güýçleriniň adam artykmaçlygynyň öňünde çekýän kynçylyklarynyň arasynda, prezident Wolodymyr Zelenski goşun bölümleriniň üstüniň ýetirilmegine, güýçlendirilmegine çagyrdy.
108-nji "Da Winçi gurtlary" batalýonynyň serkerdesi Serhiý Filimonow AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde Russiýanyň Pokrowsk şäherine edýän hüjümi bilen bagly ýitgileriň "esasy sebäbiniň" sebitdäki goşunlaryň häzirki möçberi nazara alnanda, olaryň öňünde "real bolmadyk wezipeleriň" goýulmagyndan ybarat bolandygyny duýdurdy.
Söweş meýdanyndaky söweşiň güýçlenmegi iki tarapyň ýakyn aýlarda bolup biljek parahatçylyk gepleşikleriniň alamatlarynyň arasynda öz pozisiýalaryny berkitmäge synanyşýan wagtyna gabat geldi.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk 12-nji dekabrda Warşawada duşuşanda, metbugat maglumatlaryna görä, Ýewropanyň soňky onýyllyklardaky iň uly urşunyň soňlanmagy bilen, Ukrainada parahatçylyk güýçleriniň ýerleşdirilmegi barada maslahat eder.
Polşanyň “Rzeczpospolita” neşiri ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp, iki ÝB lideriniň dürli ýurtlardan gelen esgerlerden ybarat 40,000 adamlyk parahatçylyk güýçleri barada maslahat etjekdigini habar berdi.
Donald Trampyň ABŞ-da 5-nji noýabrda geçirilen prezident saýlawynda gazanan ýeňşi, ol 20-nji ýanwarda Ak tamda işe başlamazyndan öň, Ýewropada Ukrainadaky urşy soňlamak boýunça kabul ederlikli ylalaşyk tapmak diplomatiýasynyň güýçlenmegine sebäp boldy.
Tramp urşy 24 sagadyň dowamynda soňlajakdygyny aýdyp, beýleki eglişikleriň arasynda, Ukrainany Russiýa territoriýa bermäge hem mejbur edip biljekdigi, munuň ÝB-niň milli howpsuzlygyna wehim saljakdygy baradaky aladalary ýokarlandyrdy.
Birleşen Ştatlar Ukrainanyň iň uly harby kömek üpjünçisi bolup, Kiýewiň özüni goramagynda uly rol oýnaýar. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski dogry-dürs gepleşik geçirmekden ýüz öwürse, Tramp bu kömegiň çäklendirjekdigini aýtdy.
Kiýewiň berk goldawçysy bolan Tusk 10-njy dekabrda, Warşawanyň 1-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň gezekli prezidentligini kabul etmäge taýynlyk görýän wagtynda, parahatçylyk gepleşikleriniň şu "gyşda" hem başlanyp biljekdigini aýtdy.
Zelenski Russiýanyň öz güýçlerini täzeden guranyndan soň ýene hüjüm edip biljekdigini öňe sürüp, Günbatar howpsuzlyk kepillikleriniň islendik parahatçylyk ylalaşygynyň bir bölegi bolmagyny talap etdi.
Birleşen Ştatlar we Angliýa 1994-nji ýylda, Ukrainany ýadro ýaraglaryndan ýüz öwürmäge yrmak üçin, Kiýewe kesgitsiz howpsuzlyk kepilliklerini berdi. Emma muňa garamazdan, Russiýa 2014-nji ýylda bu ýurda ilkinji gezek çozanda, hiç bir ýurt Ukrainany goramaga gelmedi.
Günbatar ýurtlarynyň 40,000 adamdan ybarat boljak parahatçylyk güýçleri, Ukraina NATO agzalygyna kabul edilmegine garaşýan wagtynda, doly manysyndaky howpsuzlyk kepilligi bolup hyzmat eder.
Diplomatiki tijeniş
Russiýanyň üç ýyla golaý dowam edýän agressiýa urşuny soňlamak babatyndaky diplomatiýa şu aýda, Tramp, Makron we Zelenski dagynyň Parižde 7-nji dekabrda bolan duşuşygynda parahatçylyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy bilen güýçlendi.
Tramp soň Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban bilen hem duşuşdy. Orban günbataryň Ukraina berýän goldawynyň berk tankytçysy bolmagynyň daşyndan, ÝB-niň Kremle garşy birleşen sesiniň hem esasy garşydaşy bolup durýar.
Zelenski bilen Orban 11-nji dekabrda sosial mediada bir-birine gepleşikler we parahatçylyk meselesinde berk tankydy sözleri aýtdy.
Forum