Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabrda ilaty ýurduň esasy baýramçylyklarynyň biri, Halkara Bitaraplyk güni we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky kararynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen gutlady.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi diýip, gutlagda bellenýär.
Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejesindäki wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Hökümet tankytçylary Aşgabadyň Bitaraplyk durumyny özüni üzňeleşdirmek, sebit we halkara meselelerinden çeke durmak hem-de ‘milli däplere esaslanýan özboluşly demokratiýa’ esasynda şahsyýet kultuny güýçlendirmek üçin ulanýandygyny öňe sürýärler.